Öz bolşuma pikirlenip, geçmişim hakda oýlanyp ýatyşyma dünýäni unudaýsam nätjek, irkildimmi, nämemi, kimdir biri yralap turuzýa.
-Hany tur, bu nä boluş, beýdip uklap bolmyýa, sen bu ýere azaşyp, düşdiňmi? hany seniň klonyň, umumana sen hakyky bolmaly, şeýle dälmi?
Äm, säm bolup, gözümi açalak ýumalak edip seretsem , yralaýan bir näzejik gyz.
- Sen kim? sen öýde näm işleýäň? Gözeel,.... Gözeeel, sen nirede? bu gelen myhman kim?
Gözelden ses seda çykmady ýerimden galdym.
- Kim Gözel? Bolşuň nähili ? seniň özüň näme edýäň? Bu ýeri howply, asyl sen nädip düşdiň? ýör yzyma düş. seniň klonyň nirde. ýa seniň klonyň arwahlar klonynyň tarapdarymy?
Bu berilýän soraglara, klon diýýänine düşünmän soragly garadym, hiç zada düşünemok diýip, ýüzüne egnimi gysyp bakdym.
Ol gyz bolýa, yzyma düş. diýdide hiç zat diýmän öňden ýöräp ugrady.
Men hiç zada düşünmesizden daş töweregi synlap başladym we "yzyma düş" diýlen buýruga boýun bolup, ýöräp ugradym. Synlap barşyma, içimden pikirlenip başladym, düýşmikä, ( özümi çümmükläp gördüm), agyryny duýýan, onda men nirdekäm, bu ýere nähili düşdümkäm, öýde ýatyrdym, bu ýeri garaňkylyk, adam saýgarsa boljak, üstesinede klon, arwah birnäçe samahyllama, näme boldugyka?
Ol gyz saklan diýip üşerildi, diň salyp, arwahlardan, .... daň doly agarýança biz öz bekedimize ýetişeli.
Ylgap başlady, nämäniň bekedi, men nirede, düşündirmän ýöne yzyňa düşürip barýaň. Özüň kim? aýtmasaň hiç ýerik butnajak däl, diýip saklandym.
Onýança, üm bilen yşarat etdide, aşak ýatmagymy buýruk berdi we duýdansyz ýerden elindäki oýnawaja meňzeş gara reňkli pyçagyň sapy ýaly zadyny galgadyp, ýokary bökdi. Eý hudaý! bu nähili böküş, elindäki näme ýarag, onuň ikä bölüp, böleklän zady nämekä? şol pikirlenşime entek näme bolanyny doly aňşyrmankam.
Elimden tutdyda ýör gaçdyk, ýene-de dikelmänkä. diýdi-de
ylgap başlady, meniň aýagym birde degse, birde degenok, yzynda hallan atyp barýan, bilmedim nähili gyz? tizligi göýä, metronyň gidişi ýaly, goltuklamasa, elim ýolunyp, bar bedenim, bölek-bölek boljak. Gidip barşyna, bir ýere ýetip saklandyda, " geldik, indi asuda", diýip bir gapyny açyp, meniň goltugymdan galdyryp durşuna, içerik girdi-de.
- Indi näme sorasaň sora, men taýyn diýdi.
Men:
- Men nirede, ýaňky bölekläp öldüren zadyň nämedi hem-de özüň nähili jandar? diýdim.
Ol:
- Seni öz bazamyzdan radar arkaly, gözegçilik etdik we arwahlar gelmänkä, seni alyp, gaýtmak üçin men ugradyldym, Ýaňky arwah, beýle arwahlaryň dürli görnüşleri bar, men ony böleklänim bilenem, ol ýene öňki durkuna gelýär, ýöne köp wagt eglenýär, diýdi .
-O nähili?
- Olam biziň ýaly klon, ýagny biz adamzat tarapyndan döredilen klonlar, ýöne bu klonlaryň döremegi we nähili dörändigine doly düşündirip biljek däl, biz adamzat klony, bu arwahlar ölen adamlaryň dowzaha düşenleriniň klony, Perişdeler klony hem bar. Jennete düşenleriň klony, gysgaça aýdanymda, adam beýnisi tarapyndan dolandyrylýan biz klonlar, adam ylymynyň ösmeginde, klon döredildi.....
Gürrüň gutaryp gutarmanka, gapy açyldy we birnäçe adamlar gelip meni alyp gitdiler, göýä tussag alan ýaly bir jaýa eltip barlag edip başladylar. Bir guta saldylarda, gerekli maglumatlaryny alan bolsalar gerek. Bir jaýa eltip, salyp goýdular, indi ýaňky gyzam gelenok, ýöne içimi hümledip, näme boldugyka, diýip kerebiň ujuny çöşlemäge durdym, hiç zat alyp bilmedim. Gapy açyldy, bir ýüzi nurly, ýigit geldi we sorag edip başlady.
- Kim sen?
- Men Şyhberdi
- Bu ýerde nä işleýäň?
- Özümem bilemok, asyl nirä, nädip, düşenimi-de bilemok.
- Seniň nähili edip geleniňi bilsek gowy boljak? bu baradaky maglumatyňy almak üçin seniňem klonyňy döretmek gerek, bilýäňmi? sen näçinji ýylda ýaşaýaň?
Egnimi gysdym-da juk diýip, jogap berdim.
- Şu wagt 2222-nji ýyl, sen bolsa, 2022-nji ýyldan gelipsiň, şol barlagy geçirilende seniň bu ýere geleniň ýapyk, şol maglumat ýok, şol sebäpli diňe seni klonlap maglumatyňy almaly.
Men ýene bir gezek özümi çümmükläp gördüm, hakykatdanam ähli zady duýýan, näme boldugyka, men yzyma nädip dolanmaly bu barada soramak üçin ýaňky gelen ýigidiň ýüzine bakdym we ondan özüňi tanyşdyrsaň diýip soradym. Ol:
- Men polkownik, Geldiýewiň klony, şu wagt ýer ýüzüniň asudalygy üçin göreş gidýär. Seniň düşen ýeriň öz ýaşaýan obaňdy şu wagt şäher diýilip tanalýan, Tazygan şäheri. men şu şäheriň gorag bölüminiň serkerdesi, häzirki döwürde diňe adam tarapyndan döredilen, ýokary tehnologiýalaryň ulanylmagy bilen ähli zat klonlama geçdi we beýni ulgamy tarapyndan, biz klonlary dolandyrýarlar. Bu ýagdaý nähili düşündirjek ylymy taýdan, adam ölenden soň hem, beýni ulgamy işleýär, şol sebäpli beýnide, dörän gahar -gazaply , adalatly klonlar we adam uklan wagty edýän hereklerini amala aşyrýan käbir klonlara bolsa düýşdäki klonlar diýilýär, bu ýagdaýda, uklamazdanböň klonlaryny öz otagynda gabawda goýmaklygy talap edilýär hem -de gorag astynda saklanýar, Dini ýolbaşçylaryň aýtmagyna görä, bu arwah şekilli klonlar ýa-da şeýtany klonlar ölen adamlaryň dowzaha düşendigi, beýnisi bolsa häzirem işleýänligi üçin ruhlaryň beýnä täsirini ýetirip, şeýle mahluklary emele getirýändigini nygtaýar. Perişde klonlar diýip aýdýanlary bolsa, Jennede düşen gowy niýetli, ýagşyzadalaryň ruhlary öz beýnisine täsiri diýip aýdýarlar. Umuman alanyňda, diri adamlaryň iki bölünşigi, hem-de arwahy mahluklara garşy göreş alynyp barylýar. Bu klonlar täsin maddalaryň goşulmalary bilen durkuny saklamaga ukyply edilip, adamzat tarapyndan ýaradyldy we şoňa görä her adam beýnisiniň öz klonyny döredip, öz beýni işjeňligine görä dürli ösüşler, öňegidişlikler amala aşyrylýar. Häzir şu şäherimiziň düýbüni tutan we şonuň kömekçisiniň klony Mahluk klona öwrüldi şonuň beýni ulgamy ýitirim boldy, Şäheriň ýolbaşçysy şol klonyň beýnisini tapyp, düýbi bilen ýok etmekligi buýurdy. Biz klonlar indi adam görmedigimize ýüz ýyl gowrak boldy. Adam gizlin ýagdaýda ýaşaýar. Seniň iki ýüz ýyldan gelişiňi öwrenmeklik üçin analiz alyndy we seljerme işleri geçirilýär.
Men bu zatlary diňläp oturşyma, näme diýjegimi bilmedim. Meni alyp gelen gyz klony soradym. Polkownik:
- Ol häzir iş wagty doldy we düýş klonyna öwrüldi, gabawda saklanýar. Oňa Güller klon diýýäs, düýş klony wagty bolsa, Nejis mahluk diýýäs, diýip gysgaça düşündirdi. Men geň galmadan ýaňa özümi ýitirdim we ondan:
- nähili? düýş klony. Näme klonlar uklamaýar, diýip, özi aýdypdy, düýş klony nirden çykýaraý diýdim we şoňa duşup bolmazmy, hany göreýin, gözüm bilen görmesem hiç zada ynanmaryn, diýip polkownige ýüzlendim. bolýa diýen terzde baş atdy. Yzyna düşürip, bir suwly jaýyň içinde, saklanan, şol Güller klonynyň ýanyna eltdi, ol ýöne bagly durmagyna garamazdan suwuň içinde, ähli ýeri ýapyk, jaýda saklanýardy. Polkownik:
- Bu biziň ýeke täk edermen esgerimiz, gynansakda şu Güller klonymyz beýleki klonlara garanda üýtgeşik, diňe şuny gabawda saklamaly bolýar, beýleki klonlar ýaly, beýni ulgamy uklanda erkana herekete geçip, uçup, ýa-da islän ýerine şadyýan geçirýän bolsalar, bu klon beýni ulgamy uklasa, hakyky Mahluk görnüşe gelýär, we köp zatlary ýykan ýumran edýär. Elbetde, biz klonlara zeperi degýär diýip biljekdäl, ýöne biz adamzady goramaly şonuň üçin öz beýnilerimizi, we diri bolan adamlaryň nirde ýerleşýänini bilmeli däl.
Hakykatdanam, aýdyşy ýaly Güller klony baglylygyna garamazdan, gara duman ýaly bolup başlady, gözlerini açdy gözleri ýanyp duran gyzyl ot, ýaňky owadan ýüz keşbi, ýuwaş-ýuwaş gara tüsse rtülen ýaly bolduda, daňylgy, duran nähili materialdygyny bilmedim welin ondan, ýönekeý usul bilen boşanyp daş töwerege urunyp başlady, ýokary tizlik bilen bize tarap urundy, men gorkudan ýaňa tisginip gitdim. Suwly gap gaýnap başlady, bub boluşa polkownik haýran galdy. Ol:
- Bu ýagdaý öň bolanokdy, goragy güçlendiriň, jaýdan çykyň berk ýagdaýda ýapyň, hem- de bu adamy ýygnaň diýip buýruk berdi.
Buýruga garaşýan ýaly, ähli klonlar taýýar boldular, meni bolsa iki sany daýaw pyýada, golumdan tutup, göz açyp ýumasy salymda, nirädir bir ýerlere eltdiler. Aý bolsada, meni goraýan klonlaryň çak edişi ýaly bolmady öýdýän. Ýaňky gizlin otagda bolsagam, erkin ýagdaýda, Güller klon, nejis mahluk diýilýän görnüşde, meniň arka tarapymda peýda boldy. Iki klony şol duran ýerinde pytradyp goýberdi, ol klonlar her bölegi tikgelenip gitdi, şonda-da bary bir, bölekler meniň ürj edip gören, Terminator 2 filimindäki eräp akýan we ýene öňki durkuna gelýän gurşunmy, nämemi? şolar ýaly birleşip başlady, Nejis mahluk bolsa, meni daşymda aýlanyp, nirädir bir ýerlere göterip, al-asmana uçdy gitdi.
Indi gün ýokaryk galypdy. Gyz klonyň näme sebäpden aýdanyna indi düşündim, wagtynda bekede ýeteli diýmesine, wah bolsa-da, özünden goramak isleýän eken.
Nirä gelenini bilemok welin Nejis Mahluk, meniň daşymda aýlanyp, gönüm öňümde durdy-da içgin seretdi, içiňden geçip gelýän ýiti nazary bilen näletlenen, gorkunç kinolaryndaky eýmenç ruhlara meňzäp, durşuna ýuwaşlyk bilen öz keşbine geldi. Güller keşbe gelmegi bu onuň beýni ulgamy oýananlygyny aňladýan bolmaly. Ol:
- Saňa hakykatdanam howp abanýar, diýdi. Aýdyşy ýaly Polkownigiň aýdyşyndanam bir elhenç zat nähili suratlandyrjagymy bilemok, umuman meniň gorkýan, mör-möjeklerimden, möýüň ýüzi ýaly Kerseng*ti diýilýän möjek sypatynyň goşulany ýaly, iniňi tikenekledýän bir jandar peýda boldy.
-Güller klon tanyşdyrdy, tanyş bol bu şu şäheriň düýbüni tutan polkownigiň aýdýan, kömekçisi diýdi we şol ýerde suwuň içinde duran, beýnini görkezip, bu beýni şu klony dolandyrýar, diýdi. Men gorkup durşuma sandyrap:
-Ssen nnäme ddönükkkmii?
-Ýok men dönük däl, men diňe seni , ýagny sizi halas etmeklik üçin şol ýerde gulluk edýän, Bu beýni siziň ogluňyzyň beýnisi, bu uly açyşlar edip öz şähermizde durnuksyz klon işläp düzdi, öleninden soň beýnisiniň işjeňliginden peýdalanmak isläp, klon bn bagladylar, şondan soň ilki başda, gowy bolsada, gahar gazaba atlanyp başlady, sebäbi öz bähbidine ulanyp başlady we şu görnüşe geldi, meni dolandyrýan adam bolsa seniň gyzyň neberesinden bolup, Ogluň beýnisini gizlin bir ýere alyp geldi. häzir seni ýok etmek üçin ýagny seniň beýniňi almak isleýärler, muny men haçanda analiz edenlerinde gördüm ýagny, şu günligi ölýäň, şonuň üçin geljegiňe nähili düşeniňi bilenoklar, şol beýniňdäki maglumatlardan, Şu beýnidede bar, şonuň üçin s goramak meniň borjum höküminde şu ýere getirdim.
Hakykatdanam, beýnidäki maglumatda, meniň ölenim, daşymda aglaşýan pursatlar, kiçijek oglumyň ýöne naýynjar, garap durşy, ähli zat görünip dur.
- Ýeri onsoň, men näme etmeli,
- Gün batýança yzyňa barmaly, şu elhençligiň öňüni almaly.
- Nädip?
- Ölmän galsaň we gowy terbiýe berseň, elbetde bu gahar-gazap bolmaz, belki başga bir zatdan baş çykarar ýaly ýol saýlamaly, bu soraglaryň jogabyny özüňiz taparsyňyz.
- Bä men nädip yzyma dolanyp bilerin?
- Ikiňiziň beýni ulgamyňyzy bir klona getirmek bilen men muny bir näçe gezek synapdym, bu hakykat. Gorkar ýaly zat ýok.
- bolýa ylaşýan, doly ynanmasamda, öňü soňy menbşu gün ölýän bolsam, üstesinede gelejekden bir güni görüp ölemdede ýitirýän zadym ýok, diýip razy boldum.
Meni bir koýka ýatyrdy we işe başlady.......
Bir haýýukdan özüme geldim, ak palata, üstüm ak halat bilen örtülgi, ýanymda bolsa Gözel iki gözinde ýaş. Men ondan soradym:
-Näme boldy hany Güller klon ýa senem gelejege geldiňmi?
-Ýok. Sen ýatyşyň ýatyş boldy, seni hassahana getirdik, adam bolmaz diýdiler, koma gidip ýatyşyňdy, diýip şadyýan seslendi. Böküp ýerimden turdum.
-Hany Mukam , bar Mukamy getir, oýa wagty ýamanlyk etmesine çydasam, indi düýşümdede oň gün berenok. Oglanyň .s ........ çagasy.
@Remezan
Bäsleşik-5
Bilim,
Telwas
tarapyndan
30-05-2022, 20:57