Hormatly tomaşaçylar. Ýañy ýakynda "KMTD" (Köne maglumaty tapyp dikeldiji) ulgamyndan tapylan, ýöne heniz doly dikeldilmedik maglumatlary dykgatyñyza ýetirýäs. Arhiwçilermize görä bu maglumatlar iki ýüz ýyl mundan ozal ýaşap geçen bioadamlara degişli bolmaly.
Maglumatlar doly dikeldileninden soñra "Üç ölçegli baş arhiw merkezine" tabşyrylar. "Geçmişden bir gün" atly 7 ölçegli gepleşigmizden daşlaşmañ.
* * *
"Men ýaly akylly robotyñ sesi bilen, akmak adymyñ sesi bir bolmalyşynmy?!"-diýýärdi, akylly robotlaryñ biri...
Ýene birleri bolsa:
- Biz robatlar ähli işleri edip adamlaryñ rahatlygyny üpjin edýäris. Ýöne mejlisde özümize laýyk ýerimiz ýok! Eger hakymyzy bermeseñiz iş taşlaýyş ederis!" Diýýärdiler.
* * *
Hemmeler hakyky dûnýäden ellibizardy. Hakykatdan gaçmagyñ ýollarynyñ biri bolsa düýşlerdi. Düýşgörgüçleriñ kömegi bilen rahatlandyryjy düýşler görüp bolýardy. Düýşgörgüçler mugtdy. Ýöne aralyklarda reklama berýärdiler. Reklamasyz düýşgörgüç aýda: 10.000 manatdy.
* * *
"Aýyplanýanyñ real dünýädãki günäsine garşylyklaýyn wirtual dünýädäki ýagşylyklary seljerildi. Netijede: Jezasy 50% ýeñillendirildi"
* * *
Hormatly Ahmedik97, Şu ölçegdäki ömrüñiziñ gutarmagyna biraz wagt galdy.
- Eddil şu ölçegde täzeden ýaşamak üçin 1-i basyñ.
- Hyýaly ölçegde ýaşamak üçin 2-ni basyñ.
- Biziñ size gelişdirjek ölćegimizde ýaşamak üçin 3-i basyñ!
* * *
Pany dünýäli Döwsypat:
- Nädip bu dereje bahym ösüp bildiñiz!
Başga galaktikaly:
- Ne öz-özümiz bilen uruşdyk. Ne-de başgalar bilen.
- Bilýän! Ýöne siziñ beren jogabyñyzy men diýsem, siziñki ýaly täsirli bolmazdy..
* * *
-Roza! Massimusy hemişelik hemrañyz hökmünde kabul edýäñizmi?!
-Howwa!
-Massimus! Rozany hemişelik hemrañyz hökmünde kabul edýäñizmi?!
-Elbetde, men perizadym (birki-üş çaga dograndan soñ geljekki: garillajygym) üçin şunça külpet çekdim ahyry!
- Bolýa onda! Sanly ulgam oñlaýarmy bu işi!
-Howwa. 88.7% bir birine oñşarlar diýip oñlaýan.
-Onda menem sizi är aýal diýip yglan edýän.
* * *
Birwagtky Ötegçi nikini alyp bilmän örtenip ýören Geçergeldi! Başga planetalylar hakynda näme aýdyp bilersiñiz?! Planet666 wirusuna çäklendirmeler aýrylandan soñ haýsy planetalara syýahat etmek isleýäñiz?!
- Başga planetalar bilen işim ýok. Öz planetamdaky öz dert-aladadyr, şatlyk-gaýgym maña ýeterlik.
* * *
- @Pegas! sanly edebiýat hakynda nämedir bir zat aýtsañyz ýa-da bir maslahat?!
- Geçen ägirtlermizi öwrenmeli,iñ bolmanda...
- Duruñ! Duruñ! Siziñ ägirtler diýýän duýguçul mahluklarñyzy biz taryhda birmahal okap geçdik. Hemem olar ýaly bolmajak bolup her gör edýäs.
* * *
-Khanture atly akmagyñ beýnisinden dolandyryş sistemamyz barada bolar- bolgusyz pikirler dörändigi sebäpli, "GGWPAM"-a (GGWAU-göze-görünmeýän-pikir-wiruslaryny-abatlaýyş merkezi) 7 ýyllyk peýdaly bejergi üçin ugradyñ!
* * *
Islenen.site-de @Mümkin atly gyzjagazyñ @Belki nikini gaýtaryp bermegiñizi buýrýaryn.
Sebäp: häzirki nikinde, haýsydyr bir gadymky harp bolan:《Ü》bar. Bu bolsa fleş ýatlarmyzda näsazlyk döredýär.
Duýduruş: Indiden beýläk 《Ü, Ä, Ö》 ýaly bulam-bujar könañ galyndylary bolan harplar, saýtda ulanylan ýagdaýynda saýt 5 ýyl möhlet bn bloklanjakdyr.
* * *
- Nirwana, nirededir kagyz kitaplañ görkezilýän muzeýiñ bardygyny bilýämiñ jora?!
- Ýok Hiayress. Ýöne "Ýeke-täk kitap" atly üç ölçegli oýuny islän wagtyñ görüp bilersiñ. Elbetde, 29.000 töläp.
* * *
"GMOly zatlary iýjek däl" diýselerem, iýdiler.
"Beýnimize çip gerek däl" diýselerem, dakdyrdylar.
Indi bolsa "Añymyzy sanly ulgamyñ gözegçiligine berjek däl" diýýäler.. netije belli.
* * *
- Hormatly Bagabat aga! Robotlaryñ rönesans döwri barada iki kelam etseñiz?!
- Bu döwürde robatlañ iñ kämil işi "Rodam"lar boldy. (Robat-adam) häzir bioadamlar diñe käbir muzeýlerde ulanylýar.
* * *
Robatlañ arasynda täze aýtgylar döräp başlady:
Ýagşy adama bir buýruk, ýaman adama müñ ýumruk.
Adamam öz erkine oýnanok.
Adama diýenmizi etdirýänçäk hyzmat etdik.
Häkimýeti ele alýançañ adama aga diý.
Adam ãhli ýerde deñ pikirlenýär.
@Ötegçi
Bäsleşik-6
Bilim,
Telwas
tarapyndan
30-05-2022, 20:59