Aldawçy awçylar
Çeşmäniň başynda üç awçy otyr,
Ak pyýala al şeraby guýýarlar.
Humar bolup dagyň agyr ysyndan,
Bir-birine oňat sözler diýýärler.
Soňra gezegine öwünýär olar,
Asyl, boş geçenok atylan oklar.
Häsin ýetirse-de biri-biriniň,
Olar bir-birine ynananoklar.
Iki maral urýar, bir okda biri,
Beýleki bir okda, durna sürüsin.
Üçünji şeýle bir çypdyrýar welin,
Ol ikisi diýýär: "hak ynsap bersin".
Emma şo hal iki maral uzakda,
Ýaňja bolan balalaryn ýalaýar.
Bir okdan ölmedik durna sürüsi,
Gök Ýefratyň kenarynda ýaýnaýar.
...Dökýär üç aldawçy gazet üstüne,
Kolbasa, konserwi - ýaglykda baryn.
Başga adamlar-a bilemok welin,
Men-ä şeýle awçylary söýýärin.
G.Ezizow
Ak pyýala al şeraby guýýarlar.
Humar bolup dagyň agyr ysyndan,
Bir-birine oňat sözler diýýärler.
Soňra gezegine öwünýär olar,
Asyl, boş geçenok atylan oklar.
Häsin ýetirse-de biri-biriniň,
Olar bir-birine ynananoklar.
Iki maral urýar, bir okda biri,
Beýleki bir okda, durna sürüsin.
Üçünji şeýle bir çypdyrýar welin,
Ol ikisi diýýär: "hak ynsap bersin".
Emma şo hal iki maral uzakda,
Ýaňja bolan balalaryn ýalaýar.
Bir okdan ölmedik durna sürüsi,
Gök Ýefratyň kenarynda ýaýnaýar.
...Dökýär üç aldawçy gazet üstüne,
Kolbasa, konserwi - ýaglykda baryn.
Başga adamlar-a bilemok welin,
Men-ä şeýle awçylary söýýärin.
G.Ezizow
[related-news]
[/related-news]
Menem bar Ýetip gelýän 2025-nji ýyl hemmä düşümli, rysgally, saglykly ýyl bolsun!!!
Похожие статьи
{related-news}

Новые статьи
Обсуждают

kone natanysh
в посте
2 комментария