Tejen derýasy…
Bu derýa şeýle bir üýtgeşik,täsin bir akaba welin onuň hakynda hekaýadyr rowaýatlar düzülen.
Bir wagtlar tutuş Türkmen ýaýlalarynda gytçylyk bolan wagty Tejeniň bir kethudasy halaýyga ýüzlenip :
— Eý adamlar, bu wagt gytçylyk döwri,her kim bir birine kömek etmese bu açlykdan çykmak mümkin däldirle-how! Meni goldasaňyz bir pikirim bar. Her kim öýünde haýsy miwäniň tohumy bar bolsa bir bölek palçygyň içine salyp derýanyň kenaryna zyňsyn. İne görersiňiz indiki ýyl nesip bolsa derýanyň kenary bagy bossanlyga öwrüler!”
Ýaşulynyň aýdyşy ýaly soňky ýyl derýanyň kenary bagy bossanlyk..
Ýene bir rowaýat bar,ol hem Tejen derýasy her ýyl 7 sany jan alarmyş…
Annamyrat kelteräkden ýuwaşja oglandy. Bir maşgalanyň körpesi,özem ýeke ogul. Näme diýse diýeni bitip ulalan çaga,özem bu wagt 9-njy synp. Öýleri mekdebiň gapdalynda bolany üçin dostlary bilen bile gelip nahar iýip yzyna mekdebe giderdi, okuw eşikli hem bolsa oglanlar balaklaryny çermäp futbol oýnardylar.
Mekdepde çagalar öz aralarynda bir birine lakam dakardylar. Resul Hasan, Muhammet Hindi, Azat Gazak… Ýöne welin Annamyradyň lakamy ýokdy,her kimiň ony gowy görenindenmi ýa-da oňa mynasyp lakam tapylmanyndanmy belli däl,lakamy ýokdy. Diňe adyny gysgaldyp “Annam” diýerlerdi.
Okuw ýyly gutardy, synpdan synpa geçiş synaglary başlapdy. Ýaş oglanlar ganlary gaýnap duransoň bir zatlar etmeseler kem ýalydy. Azat Gazak orta bir pikir atdy;
— Eý oglanlar,ýörüň Tejen derýa gideliň,howada yssy. *Mago( suwda kowalaşmak) oýnarys.
Oglanlar bu pikiri goldadylar. 7–8 bolup depderlerini epläp jübilerine salyp ugradylar derýa tarap. Mundan öň bir zat etse öýündäkilere habar edýän Annam bu gezek “Aý bileslerem ýokla" diýip maşgalasyna habar etmedi-de oglanlara goşuldy. Ýöne Annam kän bir oňat ýüzüp bilenokdy.
Bardylar derýa,derýa bolsa joşupdyr. Bu gün bir hili akymy güýçli ýaly. Muňa garamazdan eşiklerini çykaryp gorkusyz Resul Hasan suwa bökdi,oglanlaram yzyny alyp göterdiler. Annam hem olardan kem galmajak bolup girdi suwa. Oglanlar kowalaşdylar,ýadadylar. Soň oturyp getiren garpyzlaryny iýmäge başladylar. Şol wagt Azat Gazagyň aklyna bir pikir geldi;
— Oglanlar dawaý derýanyň beýleki tarapyna ýüzüp geçmeşek, geçip bilmedigem näme bolsun?
Baýram Paş ilden öňürti jogap berdi;
— Geçip bilmedik heleý,näme 2 ädim ýerdenem geçip bilmejek bolsak gelmelem däl ekenik.
Bökdüler suwa. Oglanlaryň elleri bilen aýaklary sazlaşykly işleýär. Bir birinden galmajak bolup urýalar gulajy. Her kim “Heleý" adyny almazlyk üçin bar güýjüni sarp edýär.
Annam derýanyň ortasyna ýetiberende aýagynyň damary çekdi,hereket etdirmek oňa başartmady. Akym güýçli,gygyrjak boldy ony hem başarmady. Aşak tarap bir zat çekýän ýaly. Ana şol wagt Annamyň gözünüň öňünde Titanik filminiň final sahnasy janlandy. Özüni Jack, gowy görýän klasdaş gyzy Merjeni bolsa Rose keşbiniň ýerine goýdy we özüni göýberdi…
Oglanlar kenara çykdylar welin biri kem. “Hany Annam?”. Annam bolsa gidipdi. Oglanlar gözlediler,tapyp bilmediler,aljyradylar. “Maşgalasyna nädip aýtmaly,bize näme ederler?” ýaly dürli soraglar bolsa kelleleriniň içini iýýärdi.
Annam 3 gün soň 35 km uzaklykda tapyldy. Ana şol gün Tejen derýa şu ýylyň 7 jan planynyň ilkinjisini alypdy.
Annamyň ýaşaýan wagty lakamy ýok bolsa-da ol ýogalanyndan soň dostlary oňa lakam dakypdy. Ýok oňa “Heleý" diýmäge bogunlary ysmady. Oňa
“ Annam Neresse"
diýdiler. Şol oglanlar şu wagt ulaldylar,öýlendiler kimisi çagaly,maşgalaly bolup gitdi. Yöne welin şol derýadaky bolan hadysa,dostlarynyň ölümine sebäp bolmaklary hiç ýatlaryndan çykmady.
Maksattay.
Kim heleý?
Bilim,
Telwas
tarapyndan
12-06-2022, 19:31