DUŞUŞYK
«Men seniň ýanyňa geldim...».
Aýdymdan.
Kalby saplap köne kine-öýkeden,
Bu ne söýgi, agras başy ýaýkadan?!
Giň dünýäni açmak üçin gaýtadan,
Men ýene-de seniň ýanyňa barýan.
Sen bilýärmiň: ýaşlyk näme, ýaş näme?
Tutuş ömre degýän täsin düýş näme?
Dideleňde öz-özüme duşmaga
Men ýene-de seniň ýanyňa barýan.
Ahmalym ne – ýa gelgeý, ýa gelmegeý,
Ahwalym ne – ýa bilgeý, ýa bilmegeý,
Sowallara gapgarylyp telbe deý,
Men ýene-de seniň ýanyňa barýan.
Gözläp yşky küt kitaplaň gatyndan,
Ahyr tapdym birje söýgi hatyndan.
Nämemiş perwana oda atylmak –
Men ýene-de seniň ýanyňa barýan.
Öňküje özümden ara açyp men,
Del-düregeý dünýä aralaşyp men,
Diýjek sözlerimi şygra goşup men,
Men ýene-de seniň ýanyňa barýan.
Ýolum suwlap gökden inen ýagyşlar,
Ör turup, ýol berdi maňa agaçlar...
Mende başga çykalga ýok, bagyşla...
Men ýene-de seniň ýanyňa barýan.
Kakamyrat Rejebow
[related-news]
[/related-news]
Menem bar Ýetip gelýän 2025-nji ýyl hemmä düşümli, rysgally, saglykly ýyl bolsun!!!
Похожие статьи
{related-news}

Новые статьи
Обсуждают

kone natanysh
в посте
5 комментариев