ÝYKYL, DÜNÝÄ…
Ýykyl, dünýä!
Ýumrul, dünýä, üstüme!
Kaýyllyga deň gelmese edeniň.
Günäli men, çykan bolsaň kastyma,
Salgym bolsun arzuw diýip ýetenim.
Neçün maňa ertirlerim gorkuly,
Ýa çäklimi durmuş hakda düşünjäm?!
Islemändim nesibämden artygy.
Kaýyllyk bar ýazgydyma ýetinçäm.
Arzuwlarym – gussalara çakylyk,
Armanlar kükregi daglaýan wagty.
Nazaryňda eglenermi bakylyk,
Süýji hyýallaryň aglaýan wagty?!
Allanur ÇARYÝEW.
[related-news]
[/related-news]
Menem bar Ýetip gelýän 2025-nji ýyl hemmä düşümli, rysgally, saglykly ýyl bolsun!!!
Похожие статьи
{related-news}

Новые статьи
Обсуждают

kone natanysh
в посте
1 комментарий