Salam OKYJYLARYM! :)
Gowumy ýagdaýlaryňyz, arman-ýadaman, sag-amanja işläp, okap, gezip ýörsüňizmi?! Siz bir ýadamaň. Garaz, şu gün siz bilen bir tema kelle agyrtmak isledik. (Gorkmaň, agyrtmasaňyz agyrmaz) Men size 2 sany tema hödürlemekçi. Şol iki temadan birini saýlap, şoň esasynda teswirler ýazmagyňyzy isleýäs. Şol sanda iki sany topara bölünmeli. Bir toparyň ady Ylmy, beýleki toparyň ady Çeper. Ylmy topar biraz ylym bilen baglanyşdyrmaly pikirlerini. Çeper topar bolsa, erkin görnüşde öz pikirlerini çeperçilikli beýan etmeli. Haýsy topardan göwnejaý pikirler çykjagyny bilmek maksady bilen iki topara bölünýär.
Toparyňyzy özüňiz saýlarsyňyz. Temany bolsa üýşip saýlalyň.
1. Durmuşyň (ýaşaýyşyň) manysy.
2. Bagt.


Haýsyny saýlasaňyz, şol temadan ýazyp başlaýas. Toparlar üçin täze iki sany blog açmakçy. Bu blogda temaňyzy saýlaň. Haýsy tema köp ses berilse, pikir alyşjak temamyz şol bolar. Pikirlerde her agza erkin görnüşde jogap bermäge haky bar. Hiç kim hiç kimi pikiri bilen ýazgarmaly däl. Umuman bir meselä dürli penjirelerden bakmagy öwreneliň.

File engine/modules/thanks.php not found.

Bilim, Telwas tarapyndan 17-06-2022, 22:59

  • Telwas Telwas off № 1 17 июня 2022 23:01
    @Granger, dogry ýazdymmy? :)
    Jogap
  • Hiayress Hiayress off № 2 17 июня 2022 23:04
    Tema: Durmuşyň manysy. (Bagt abstrak düşünje, oň ylmy taýdan açyklamasy ýok)
    Topar: Çeper
    Jogap
  • Nemoo Nemoo off № 3 17 июня 2022 23:11
    Durmusyn manysy
    Jogap
  • Esma Esma off № 4 17 июня 2022 23:12
    Tema: Durmuşyň (ýaşaýyşyň) manysy.
    Topar: Çeper.
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 6 17 июня 2022 23:14
    Alternatiw teklipleriňiz kabul edilýändir.
    Jogap
  • Granger Granger off № 7 17 июня 2022 23:16
    Nirvana
    @Granger, dogry ýazdymmy? :)

    Dogry dogry :)
    Ýöne ylmy topar +ylmy dilde ýazmaly.
    Jogap
  • Granger Granger off № 8 17 июня 2022 23:16
    Tema: Durmuşyň (ýaşaýşyň) manysy.
    Topar: Ylmy.
    Jogap
  • Granger Granger off № 9 17 июня 2022 23:17
    Hiayress
    Tema: Durmuşyň manysy. (Bagt abstrak düşünje, oň ylmy taýdan açyklamasy ýok)
    Topar: Çeper

    Açyklamasy köp. Häk, 1nji bilen sen ylmy topara laýykdyň weli...
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 10 17 июня 2022 23:18
    Ylmy toparyň ylmy dilde ýazmagy meni ikirjiňlendirýär.
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 11 17 июня 2022 23:19
    Granger
    Tema: Durmuşyň (ýaşaýşyň) manysy.
    Topar: Ylmy.

    Özüň alyp çykarsyň-da :)
    Jogap
  • Waleryanka Waleryanka off № 12 17 июня 2022 23:20
    A meň üçin bolsa Durmuşyň manysy we Bagt ikisem bir many aňladýan sözler.Ýagny durmuşyň manyly bolsa bagtly bolarsyň , bagtlymy -diýmek durmuşyň manyly.A to Durmuşyň manysyny saýlaýan.
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 13 17 июня 2022 23:20
    Şu gün başlalyňmy ýa ýatarsyňyzmy?!
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 14 17 июня 2022 23:21
    Waleryanka,
    Toparyňyzam saýlaýsaňyz.
    Jogap
  • Granger Granger off № 15 17 июня 2022 23:21
    Nirvana
    Granger
    Tema: Durmuşyň (ýaşaýşyň) manysy.
    Topar: Ylmy.

    Özüň alyp çykarsyň-da :)

    Ýokarky diýeniň menem ikirjiňlendirjek bolýa indä... ýene ýeke galdymow :)
    Jogap
  • Hiayress Hiayress off № 16 17 июня 2022 23:22
    Granger,
    Çeper bolsa aňsat. Näme kelläňe gelse ýagdyryýermeli. :)) Hany subýektiw düşünjäň obýektiw aňlatmasyny aýdyp bersene?! "Bagt - bu adamda položitelnyý emosiýalary oýarýan islendik hadysa" diýjek bolarsyňam weli, biri "Men nostalgiýalarym ýada bagtsyzlygym bilen bagtly" diýer welin oturarsyňda. :))
    Jogap
  • Granger Granger off № 17 17 июня 2022 23:23
    Menä lunatik. Ýöne agzalar ýatsa, bilmedim.
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 18 17 июня 2022 23:24
    Granger
    Nirvana
    Granger
    Tema: Durmuşyň (ýaşaýşyň) manysy.
    Topar: Ylmy.

    Özüň alyp çykarsyň-da :)

    Ýokarky diýeniň menem ikirjiňlendirjek bolýa indä... ýene ýeke galdymow :)

    Pikiriň arkasynda durmaly bolarsyňyz ýa-da minus-plýusly tema boýunça hereket edeliň. Taýar tema bar.
    Jogap
  • Hiayress Hiayress off № 19 17 июня 2022 23:24
    Granger,
    Seni ýeke goýup bolmaz. Men toparymy üýtgedýän. Toparym: Ylmy.
    Jogap
  • Granger Granger off № 20 17 июня 2022 23:25
    Hiayress
    Granger,
    Çeper bolsa aňsat. Näme kelläňe gelse ýagdyryýermeli. :)) Hany subýektiw düşünjäň obýektiw aňlatmasyny aýdyp bersene?! "Bagt - bu adamda položitelnyý emosiýalary oýarýan islendik hadysa" diýjek bolarsyňam weli, biri "Men nostalgiýalarym ýada bagtsyzlygym bilen bagtly" diýer welin oturarsyňda. :))

    Hälki "paçakçy.wä"-däki Ylym uranyňky ýaly edip sugşuryberjek menä.. kitap agtaryp oturjak däl :))
    Jogap
  • Granger Granger off № 21 17 июня 2022 23:28
    Nirvana
    Granger
    Nirvana
    Granger
    Tema: Durmuşyň (ýaşaýşyň) manysy.
    Topar: Ylmy.

    Özüň alyp çykarsyň-da :)

    Ýokarky diýeniň menem ikirjiňlendirjek bolýa indä... ýene ýeke galdymow :)

    Pikiriň arkasynda durmaly bolarsyňyz ýa-da minus-plýusly tema boýunça hereket edeliň. Taýar tema bar.

    Ýok degişip ýazdyma ony. Elbetde durýan. Ýeke özüm bolsamam. Ol diýeniňize-de sabyrsyzlyk bilen garaşýan.
    Jogap
  • Granger Granger off № 22 17 июня 2022 23:29
    Hiayress
    Granger,
    Seni ýeke goýup bolmaz. Men toparymy üýtgedýän. Toparym: Ylmy.

    Bor-a şular ýaly, aga! :)
    Jogap
  • Hiayress Hiayress off № 23 17 июня 2022 23:30
    Wagt gysga bolsa oňaýly däl. Azynda ertir obeda (12:00) çenli grupba saýlasynlar. Obetdan agşama (00:00) çenli hem öz grupbasynyň normatiwine görä pikirlerini beýan etsinler. Soňam gowy 10 pikiri alyp deňeşdirip göreris. Bolmazmy?!
    Jogap
  • Granger Granger off № 24 17 июня 2022 23:32
    Hiayress
    Wagt gysga bolsa oňaýly däl. Azynda ertir obeda (12:00) çenli grupba saýlasynlar. Obetdan agşama (00:00) çenli hem öz grupbasynyň normatiwine görä pikirlerini beýan etsinler. Soňam gowy 10 pikiri alyp deňeşdirip göreris. Bolmazmy?!

    Mükämmel pikir.
    Jogap
  • Granger Granger off № 25 17 июня 2022 23:32
    Biziň niýetimizem şeýdip maslahatlaşmakdy aslynda.
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 26 17 июня 2022 23:37
    Saýlaweriň onda toparyňyzy. Diýen sagadyňyzda gelip toparlar üçin bloglar açyp giderin.
    Jogap
  • Hiayress Hiayress off № 27 17 июня 2022 23:41
    Ýogsa gyssag arada inkubatordan jüýje çyksada bizden pikir çykasy ýok. :))
    Jogap
  • Granger Granger off № 28 17 июня 2022 23:41
    Negözel ewrika ýazypdym-da, ýaňky mowzuga ?
    "Siz bu mowzuga teswir ýazyp bilmeýäňiz" :))
    Jogap
  • Hiayress Hiayress off № 29 17 июня 2022 23:47
    Granger,
    Şu ýere pylça okaly we ylham alaly. :))
    Jogap
  • Dark_Wolf Dark_Wolf off № 30 17 июня 2022 23:48
    1. Durmuşyň manysy
    2. Çeper

    (Synanşyp görmekçi)
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler