Köpden bäri meni haýran galdyrýan meseläni gozgamakçy. Men synçyl gyz. Aňsat-aňsat meň gözümden zat sypanok. Şol sanda ýatkeşem özüm. Her agzaň pikirlerini, özüni alyp barşyny uly üns bilen synlaýan. Siz moderligiň üçin synlaýansyňda diýseňiz, ýalňyşýaňyz. Men asylam şeýle. Indi meni haýran galdyrýan zat barada aýdyp bereýin.
Şu saýtda Mountain, Baýker, Arkaç, kwadrat kelle, Remezan, Soho, Massimus, Gumly gelin, Esma, Öwrenýän… we beýleki uly ýaşly agzalarymyz “SIZ” dili bilen gürleýärler. A biz bolsa, näçe ýaş kiçi bolubam “SEN” dili bilen gürleýäs.
Käbir kiçi ýaşly agzalara jigim diýip ýüzlenseň, “Men seň jigiň däl. Jigiňi gitde başga ýerden gözle. Maňa akyl satma, şeýle akylyň kän bolsa, özüň peýdalan” diýýärler. Meň özüm-ä, Baýker, Mountain we Arkaç agamdan “Jigim” sözüni eşdenimde (okanymda) özüme buýsanýaryn. Meni jigisi ýaly gowy görýär diýip pikir edýän. Şony hormat hasaplaýan.
Arada kwadrat kelle bir maslahat soraýar welin, gürleýşine berekella diýdim. Özüniňem men ýaly ogly bar eken. Şonda-da siz diýip ýüzlenip, gara-gadyr. Ýagny medeniýetli gürleýär. Remezan akga bilen Massimus akga-da şeýle. Her teswirlerini okaýan welin, diňe sylanşykly siz dili bilen jogap berýärler. Ýogsa biziň (agzalaryň) özlerinden kiçidigini bilýärlerem.
Şolar şol ýaşda şeýle medeniýeti saklaýarkalar, bize bu ýaşda medeniýetli bolmak şeýle kynmyka? Üns berseňiz, menem talyplarda siz dili bilen gürleýärdim. Soň ýürekden (samimi) bolan agzalaryma sen dili bilen ýüzlenip başladym. Aslynda, “Siz” dili bilen gürlemegi özüm gowy görýän.
Ýaşlardan Dark_wolf agza bilen käte Khanture, Granger we Rigel agza siz diýip gürleýärler. Başga-da ýatlasam ýazaryn kimlere haýrandygymy.

Siz haýsy agzaň, haýsy aýratynlygyna haýran galýaňyz?!

File engine/modules/thanks.php not found.

Bilim, Telwas tarapyndan 17-06-2022, 23:59

  • Granger Granger off № 1 18 июня 2022 00:10
    Wah, käte däl, asyl dil endik eden welin, biraz baran ýerime görä boljak bolup başagaý. Birdenem ýatdan çykýa-da ýene "Siz"-e geçäýýän. :)
    Jogap
  • garaburc garaburc off № 2 18 июня 2022 00:11
    Men saña haýran :)
    Jogap
  • Granger Granger off № 3 18 июня 2022 00:12
    Oňarýaňyz, menem synçy. Nesip bolsa, oňarsam, @Gost agzaň Gawai-däki başdan geçirmelerini saradyp geçen ýerini, giňişleýin görkezesim gelýä. Synanyşmakçy. Biraz tanaýyn diýýän agzalary :)
    Jogap
  • garaburc garaburc off № 4 18 июня 2022 00:14
    syñyz siñiz gosup gurleyan diyip bilyan men-ä ozumi, ula sylashyk gerek hemmeyerdede
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 5 18 июня 2022 00:17
    Granger
    Oňarýaňyz, menem synçy. Nesip bolsa, oňarsam, @Gost agzaň Gawai-däki başdan geçirmelerini saradyp geçen ýerini, giňişleýin görkezesim gelýä. Synanyşmakçy. Biraz tanaýyn diýýän agzalary :)

    Menem “Nesilden-nesile Islenen” ady bilen biz agzalaryň häsiýetnamalaryny suratlandyrjak. Hemem nesillerine aýan etjek we nesilleriniň özüni alyp barşyny ýazmakçy. Giňişleýin düşündirip bilemok şu wagt. Belki, fantaziýamy ýazga geçirip bilerin diýip umyt edýän.
    Jogap
  • garaburc garaburc off № 6 18 июня 2022 00:17
    Granger,
    menem goshgy, shonda haysy agzadygymy bilyandirsiña?
    burun galdyrayma meni
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 7 18 июня 2022 00:18
    garaburc
    Men saña haýran :)

    Hawa seňem ýuka ýürekliligiňe we sadalygyňa haýran. Agzalardan öýkelärsiň, emma öýkeletmersiň agzalary. Şoňa göz ýetirdim.
    Jogap
  • garaburc garaburc off № 8 18 июня 2022 00:19
    Adam ulaldygy saýy añy goÿlaşýar eken, sizler ýaly bir dushunjeli bir narmalny akylly gyz hachan bolup yetisherkam men cilimkesh
    Jogap
  • Hiayress Hiayress off № 9 18 июня 2022 00:19
    Menä geň görmäň, kiçikäm käşir az iýenimdenmi, nämemi, gözler känbir öwerlik däldir. Ýadam köne model bolansoň köp ýerde agsaýar. :))
    Jogap
  • Granger Granger off № 10 18 июня 2022 00:21
    Nirvana
    Granger
    Oňarýaňyz, menem synçy. Nesip bolsa, oňarsam, @Gost agzaň Gawai-däki başdan geçirmelerini saradyp geçen ýerini, giňişleýin görkezesim gelýä. Synanyşmakçy. Biraz tanaýyn diýýän agzalary :)

    Menem “Nesilden-nesile Islenen” ady bilen biz agzalaryň häsiýetnamalaryny suratlandyrjak. Hemem nesillerine aýan etjek we nesilleriniň özüni alyp barşyny ýazmakçy. Giňişleýin düşündirip bilemok şu wagt. Belki, fantaziýamy ýazga geçirip bilerin diýip umyt edýän.

    Nesip bolsa.
    Jogap
  • garaburc garaburc off № 11 18 июня 2022 00:21
    Nirvana,
    edil beýlede dãlle, iki gunlik dunyade oykeli gezseñ gowy dãldã
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 12 18 июня 2022 00:22
    “Geň göreniň alnyna” diýilýändigini nazara alyp, käbir agzalary geň göremok.

    Bu ýerde gürrüň geň görmek barada däl, haýran galmak barada. Meň düşünjäme görä ikisi tapawutly söz düzümi. Sözlükde nähilikä?
    Jogap
  • Granger Granger off № 13 18 июня 2022 00:24
    garaburc
    Granger,
    menem goshgy, shonda haysy agzadygymy bilyandirsiña?
    burun galdyrayma meni

    Ýes kapitan :)
    Jogap
  • Hiayress Hiayress off № 14 18 июня 2022 00:26
    Nirvana,
    Geň görmek bilen haýran galmagy orsyça terjime etseň şeýle bolýar.

    Haýran galmak - Я в шоке.
    Geň görmek - Да ну. :))
    Jogap
  • Hiayress Hiayress off № 15 18 июня 2022 00:29
    Menem käbir agzalar geň galdyrýar. Mysal üçin: Khanture ýer tekiz diýýär, onda-da häli bir depejige büdredim. Indi men kime ynanmaly Khanturemi ýada gözüme?!
    Jogap
  • Khanture Khanture off № 16 18 июня 2022 00:30
    Hiayress,
    Gözüň näme diýýä?
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 17 18 июня 2022 00:31
    Ikisinem ýazyberiň. Siziňem ýaňsylaýjy gürlemegiňize, Esma agzanyň goşgusynda özi üçin Watan sözüniň nämäni aňladýandygy beýan edilenem bolsa, siziň ondan “Seň üçin Watan näme?” diýip soramagyňyza haýran galdym.
    Jogap
  • garaburc garaburc off № 18 18 июня 2022 00:32
    Khanture,
    ýer tekiz bolsa name uchin aý togalak gorunya bize?
    Jogap
  • Hiayress Hiayress off № 19 18 июня 2022 00:33
    Nirvana,
    Şol ýerde Watan sözüniň nämedigini aňladýan ýada suratlandyrýan hiç zat ýok. Şonuň üçinem goşmaça: Watan siziň pikiriňizçe näme diýip sorag berdim. Belki men düşünen däldirin diýip.
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 20 18 июня 2022 00:34
    Belki agzaň meň şahsyma jogabyny aýt diýsemem, aýtman gelip blog açmagyna we bu günki gutlaglarda “gutlaýan agam!” diýmegine haýran galýan. (Blogda ýazamsoň, başga näme jogap gerek saňa diýmek ähtimallygyna-da haýran galaryn)
    Jogap
  • Hiayress Hiayress off № 21 18 июня 2022 00:35
    Khanture,
    Gözüm "Men dil däl" diýýä, "şonuň üçinem hiç zat diýip bilemok diý" diýýä. ))
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 22 18 июня 2022 00:39
    “Atama, Eneme – Hormatym,
    Ýaryma – Söýgim,
    Ojagyma – Yhlasym,
    Balalarma – Mähirim,
    Dostuma – Wepam,
    Haýam – Äht-kasamym bilen ölçegin, WATAN! Saňa söýgimi...”

    Şu zatlara deňeýän we şu zatlaryň ölçegine deň bolsa watana bolan söýgisi, onda oň üçin Watan sözüniň näme many aňladýandygyny içgin oýlansaň bilmek kyn däl…

    Şu wagt şol meseläni siz bilen çekeleşip oturanyma-da haýran galýan. :)
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 23 18 июня 2022 00:40
    Bendtner agzaň käbir gyzlara käbir temalardan gönümel ýüzlenip bilýändigine haýran galýan.
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 24 18 июня 2022 00:44
    Soho agzaň kinoly dünýäsine haýran galýan. Käte munça kinolary näwagt, nirede, nädip gördükä diýýän. Haýsy kinony sorasaň habary bar-a meňzeýär. Şol sanda degişmeli dünýäsiniňem haýrany.
    Jogap
  • garaburc garaburc off № 25 18 июня 2022 00:44
    dalii men bolsa felicitañ mowzuklary okasada sayta gelmeýänligine haýràn
    Jogap
  • Hiayress Hiayress off № 26 18 июня 2022 00:46
    Nirvana,
    Oň şahsy gatnaşyklary ýada ýakyn-ýatlaryna şahsy garaýyşlary bilen Watanyň dahylly ýeri barmyka?!
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 27 18 июня 2022 00:46
    Felicita agzaň Belki bilen haçan tanyşyp, biri-biriniň ýakyny bolanyna haýran galýan. :)
    Jogap
  • garaburc garaburc off № 28 18 июня 2022 00:46
    Men bolsa, şu iki 3günlikdenbäri shu Hiayress-iñ energiýasyna haýran, pyşdyl ýalydy ozala dalii
    Jogap
  • garaburc garaburc off № 29 18 июня 2022 00:47
    Nirvana,
    Ana ana shoda)
    haýsy arada tanshyp yetishdiler olar
    Jogap
  • garaburc garaburc off № 30 18 июня 2022 00:47
    Pegasyñ hiiiç gahary gelmeýşine haýràmda men. näçe uruşjak bolsalaram gülüp otvet berýa, janyñ ýansyn diyyan ýaly
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler