ÝENE MEN HAKDA
Goňşy öýde zulm edilse naçara,
Öz şahsy agymy aglamadym men.
Açylsa-da öňde tagty-eýwanlar,
Zümerret zynjyra baglanmadym men.
Pişigiň “mýaw”-ynda nalasyn duýdum.
Itleň “ýylgyrşyna” aldanmadym men.
Zyňsalar-da oduň-külüň içine,
Päk göwherdim, asla daglanmadym men.
Sesim basmak islese-de gargalar,
Hoş owazdym, ömür soňlanmadym men.
Taýýarlyk gerekdi şedewr üçin,
Her arzan radioda ýaňlanmadym men.
Uly toýda aýdym aýtmak parzymdy,
Gören meýlisimde galgamadym men.
Ýeňseden,
Gursakdan pyçak sokana
Alkyş aýtdym, hergiz gargamadym men.
Dünýä söýgim juda çuňňur bolsa-da,
Mydam oňa golum salgamadym men.
Wagtym ýokdy bir pursat dek durara,
Ýetişmedim agym aglamaga hem.
... Düşünmez deý dünýäň heleý oýnuna
Günüm üçin günim oglanmydym men?!
✏Suraý BABANYÝAZOWA
Öz şahsy agymy aglamadym men.
Açylsa-da öňde tagty-eýwanlar,
Zümerret zynjyra baglanmadym men.
Pişigiň “mýaw”-ynda nalasyn duýdum.
Itleň “ýylgyrşyna” aldanmadym men.
Zyňsalar-da oduň-külüň içine,
Päk göwherdim, asla daglanmadym men.
Sesim basmak islese-de gargalar,
Hoş owazdym, ömür soňlanmadym men.
Taýýarlyk gerekdi şedewr üçin,
Her arzan radioda ýaňlanmadym men.
Uly toýda aýdym aýtmak parzymdy,
Gören meýlisimde galgamadym men.
Ýeňseden,
Gursakdan pyçak sokana
Alkyş aýtdym, hergiz gargamadym men.
Dünýä söýgim juda çuňňur bolsa-da,
Mydam oňa golum salgamadym men.
Wagtym ýokdy bir pursat dek durara,
Ýetişmedim agym aglamaga hem.
... Düşünmez deý dünýäň heleý oýnuna
Günüm üçin günim oglanmydym men?!
✏Suraý BABANYÝAZOWA
[related-news]
[/related-news]
Menem bar Ýetip gelýän 2025-nji ýyl hemmä düşümli, rysgally, saglykly ýyl bolsun!!!
Похожие статьи
{related-news}

Новые статьи
Обсуждают

kone natanysh
в посте
29 комментариев