Sussym däl, kibtim basaryn
Basylyp basylyp ýalňyşlam
Ýüzüm galňadyp gitdi.
Men el silkdim,
ýyllar maňa
Elin galgadyp gitdi.
Meni galdyryp gitdi
Ak arzuw agyr armana.
Kerwenbaşym köle bolup
Ner ýerin berip arwana,
Döşümi galkan edenlem
Hanjaryn dikip arkama...
Gitdi, kerwenim talanlar
Şah boldy,
mat bolmadym men,
Bu ýalňyz, gowgaly başy
Ýene ýola ýolladym men
büdräp, agsasam, entesem
Sussym däl, kibtim basaryn.
Sabr etde çyda çarygym,
Bir gün dulumdan asaryn.
Nejep Baýadow
Ýüzüm galňadyp gitdi.
Men el silkdim,
ýyllar maňa
Elin galgadyp gitdi.
Meni galdyryp gitdi
Ak arzuw agyr armana.
Kerwenbaşym köle bolup
Ner ýerin berip arwana,
Döşümi galkan edenlem
Hanjaryn dikip arkama...
Gitdi, kerwenim talanlar
Şah boldy,
mat bolmadym men,
Bu ýalňyz, gowgaly başy
Ýene ýola ýolladym men
büdräp, agsasam, entesem
Sussym däl, kibtim basaryn.
Sabr etde çyda çarygym,
Bir gün dulumdan asaryn.
Nejep Baýadow
[related-news]
[/related-news]
Menem bar Ýetip gelýän 2025-nji ýyl hemmä düşümli, rysgally, saglykly ýyl bolsun!!!
Похожие статьи
{related-news}

Новые статьи
Обсуждают

kone natanysh
в посте
6 комментариев