Aradaky bäsleşigi synlapdym, bahana bilen gyzyklyja hekaýalardyr ertekileri okadyk. Meň özüm bäsleşige gatnaşyp oňaramok (ylham belasy gaty seýrek gelýär) emma gurnamak işlerini gowy görýän. Şonuň üçin menem bir bäsleşik gurnaýsam diýýän.
Şu wagt tanşymyň srudiýasy bilen gürleşdim we ýeňijilere sowgat meselesini pikirlenýän. (Ýagny sowgatlar menden)
Indi geçsek esasy meselä, maslahat we pikirleriňizi ýazsaňyz. Ýagny ähli agzalar gatnaşyp biler ýaly nähili tematikada bäsleşik gurnasak bolarka? Sebäbi öňki saparam we bu suratly bäsleşikde hem köp agzalar gatnaşyp bilmediler we teswirde ýazdylaram. Şondan bir ideýa berseňiz. Teswirleriňize garaşýan.
Menem bäsleşik gurnajak eger razy bolsaňyz.
Sorag-jogap,
Bilgirje
tarapyndan
21-06-2022, 23:09