Salam gadyrly Agzajanlar!
(Okyjylarym sözi näçe halasamam, özümi ýazyjy ýaly arsyz edýän ýaly hasaplap ýazmadym bu gezek)
Gowumy ýagdaýlaryňyz, janyňyz sagmy, ýadaman-ýaltanman ýaşap ýörsüňizmi?!
Umuman saýtdaky dinli temalar meni ýadatdy. Ol temalar dine düşünýänler, şol temalar esasynda çekeleşýänler üçin gyzykly bolup biler. Emma siz diňe şahsyýetiňizi ara alyp çekeleşýäňiz. Pikir ara alyp maslahatlaşylsa bolýaram welin…dymmagam başaraňzok-da.
Garaz, ol temalara biraz arakesme berip, üýşip bir bloga jemlenip gülüşäýeliň, degişäýeliň.
Nerwiňizi rahatladyň, menem rahatladaýyn.
Kimde nähili gep-gürrüň, degişme bar? Aýdyberiň.
:)

File engine/modules/thanks.php not found.

Bilim, Telwas tarapyndan 26-06-2022, 22:59

  • Granger Granger off № 1 26 июня 2022 23:04
    Men diýýän, ýöne meni diňlänoklar.
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 2 26 июня 2022 23:11
    Granger
    Men diýýän ýöne meni diňlänoklar.

    Siz näme diýýäňiz?
    Jogap
  • wordless wordless off № 3 26 июня 2022 23:12
    Salam. Gowy. Ýaşap ýörs. Özüň nähili uýam? :)
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 4 26 июня 2022 23:13
    wordless
    Salam. Gowy. Ýaşap ýörs. Özüň nähili uýam? :)

    Alhamdulillah oňat. Gowy diýeliň, gowy bolalyň.
    Kanikul nähili geçýär?
    Jogap
  • FanB FanB off № 5 26 июня 2022 23:14
    Nyrwana hanym :)
    Jogap
  • Pegas Pegas off № 6 26 июня 2022 23:16
    Granger
    Men diýýän, ýöne meni diňlänoklar.

    Içiňden diýýänsiň onda)
    Jogap
  • wordless wordless off № 7 26 июня 2022 23:16
    Nirvana, aý diňe iş bilen. Diňe ýadowlyk. Ýöne bir tarapdan kän boş wagtymyň bolmaýanlygyna-da begenýän :)
    Jogap
  • wordless wordless off № 8 26 июня 2022 23:16
    Granger, siz bilen söhbetdeş bolasym gelýär. #Salam.
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 9 26 июня 2022 23:17
    FanB
    Nyrwana hanym :)

    Palawçy ýigit kak?
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 10 26 июня 2022 23:17
    wordless
    Nirvana, aý diňe iş bilen. Diňe ýadowlyk. Ýöne bir tarapdan kän boş wagtymyň bolmaýanlygyna-da begenýän :)

    Haýdaber jigimjan, herekete-bereket diýde :)
    Jogap
  • wordless wordless off № 11 26 июня 2022 23:18
    Nirvana, bolýar ?
    Jogap
  • danger danger off № 12 26 июня 2022 23:25
    Nirvana,
    Bar sen gowusy yatyp dynjyñy al. Sayta ertire cenli Pegas sereder
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 13 26 июня 2022 23:32
    danger
    Nirvana,
    Bar sen gowusy yatyp dynjyñy al. Sayta ertire cenli Pegas sereder

    ? şeýdip güldüriň-ä.
    Entek ir bizde Danger akga.
    Jogap
  • Granger Granger off № 14 26 июня 2022 23:36
    Nirvana
    Granger
    Men diýýän ýöne meni diňlänoklar.

    Siz näme diýýäňiz?

    Uruşman oýnaň diýýän.
    Jogap
  • Granger Granger off № 15 26 июня 2022 23:37
    wordless
    Granger, siz bilen söhbetdeş bolasym gelýär. #Salam.

    Salam. Bolýa ?
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 16 26 июня 2022 23:38
    Granger,
    Oýnasalar uruşmazlar :)
    Jogap
  • Hiayress Hiayress off № 17 26 июня 2022 23:38
    Ýaman saýtyň ekrany ulaldy (hatlar kiçijek) weli hemmäňizde şeýlemi ýa diňe mende şeýle?!
    Jogap
  • Granger Granger off № 18 26 июня 2022 23:38
    Pegas
    Granger
    Men diýýän, ýöne meni diňlänoklar.

    Içiňden diýýänsiň onda)

    Bulaşdyrýan-da şol ikisini))
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 19 26 июня 2022 23:41
    Hiayress
    Ýaman saýtyň ekrany ulaldy (hatlar kiçijek) weli hemmäňizde şeýlemi ýa diňe mende şeýle?!



    Öňküsinden uly ýaly.
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 21 26 июня 2022 23:42
    Гость,
    Çilim näçe boldy dostoglan?
    Jogap
  • Гость Гость off № 22 26 июня 2022 23:46
    Nirvana,
    Üç manatdan alýan Haljemaldan. Maýa gelnejeden alsam bäş manat, Aýjerenden alsam dört manat. Garaz bahalara şeýle :)
    Jogap
  • Hiayress Hiayress off № 23 26 июня 2022 23:47
    Nirvana,
    Ulaldyň diýenimde teswir ýazylýan ýeri ulaldyň diýdim, kitapçydaky ýaly, esasy sahypadaky mowzuklaryň ýazgysyny kiçeldiň diýdim, köp mowzuklar görüner ýaly, bular ýaly allawereden näme ýazýanyňy, näme okaýanyňy bilmez ýaly ediň diýmedimä.) Siz komp.dan girýäňizmi ýada tel.den?!
    Jogap
  • Hiayress Hiayress off № 24 26 июня 2022 23:49
    Şu wagt diňe meňki şeýlemi ýa hemmäňki?!
    Jogap
  • ResulT ResulT off № 25 26 июня 2022 23:50
    Nirvana
    Гость,
    Çilim näçe boldy dostoglan?

    1 kilogram 50 manat ;))
    Jogap
  • FanB FanB off № 26 26 июня 2022 23:50
    Gawmy sen bamyň
    Nirvana
    Jogap
  • Гость Гость off № 27 26 июня 2022 23:50
    Reklamadaky gyzyň gözi owadan eken dalii
    Jogap
  • ResulT ResulT off № 28 26 июня 2022 23:51
    Hiayress
    Şu wagt diňe meňki şeýlemi ýa hemmäňki?!

    men komp-dan girýän üýtgän zat ýok tel-denem girip gördüm birhili üýtgäpdir içi telde
    Jogap
  • Гость Гость off № 29 26 июня 2022 23:54
    Hiayress,
    Şepe, bu tema degişeliň diýip açyldy. Problemaňy bir kagyza ýazda Ahmediň arz-şikaýat gutusyna atyp gaýdaý :)
    Jogap
  • Hiayress Hiayress off № 30 26 июня 2022 23:58
    Гость,
    Asyl mowzuga girenimden gülkim tutdam diýdimle. :)
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler