Gawaýä gidip gelen agzalar, pylança wagtdan soň hem häkiň täsirinden çykyp bilmediler. Elbetde, syýahatyň yşgyna düşen adamlary bir ýerde daňyp saklasaňam olar eýder-beýder bir ýol tapar.
Mowzuk açyldy we pikirler orta atyldy. Her kim özüniň dürdäne pikirlerini orta atýardy. Maksat: nädip admini yrmaly? Hiç kim jübüsinden çykarjak däl, nu i ýok hem çykaraly diýlende-de, ýöne hälki syýahat etmek hyjuwy zerarly gije-gündiz çirim etmän geçirýärdiler.
Elbetde, Abbaddon bilen gepleşmekligi moder bendeleriň üstüne ýüklediler. Nirwana bilen Pegas bije çekdiler we netijede Abaddona jaň etmeklik ýene Pegasyň paýyna düşdi.
Türkmeniň ulusam bolma, kiçisem bolma, ortanjysam diýip pikir etdi-de admine aýlady. Ýagdaýlary düşündirdi. Abaddon hem “bor, bor” diýdi-de, teli goýdy (Sagaman sypsa kaýyl şulardan, diýleni diňläni diňlemedigi näbelli).
Abaddon: ýykarlar indi, gaçyp bilseň gaç iň soňkudan. 100 berseň 200 dilejeklerini-hä öňem bilýädim welin... hümm.. nätmeli, nätmeli.. Beýle wurreýligi indi bulara berip bolmaz, ýöne çagalaryň höwesini gaçyrmaýyn.
Bir salymdan soň: O! Ewrika! Şu gezeg-ä emlerinden geläýsem gerek. A to wäşşe bolup başladylar. Göreli bakaly, başarnyklaryny.
Admin bu gezek girdeji geljek tarapyna seretdi we bulary Müsür ekspedisiýasyna ugratmagy makul gördi.
Agzalaryň köpüsi nedawolny boldy. Dagy näme, Gawaýi nire, Müsür nire. Adada dynç almak nire, der döküp, janyňy orta goýup, gazuw-agtaryş geçirmek nire.
Höwesjeňler az bolmady. Içinde Granger ýaly saňky-suňkyraklar-a has hem, “Men” diýip duran boldy. Nämemişin adada dynç almagy halanokmyş, Ýegipty bolsa söýýämiş.
Garaz, çykdajy, lisenziýa we ş.m. işlerine Abaddonyň az wagty gitmedi. Saýtda Bildiriş goýdy:
Hormatly agzalar!
Minni-minni aýynyň 1-ne Aşgabat Halkara howa menzilinden Kaire uçjaklar ellerini galdyrsyn.
Aňyrda size pesok dynç alyşy ýokdur. Şonuň üçin mümkin boldugyndan pikirlenip karara gelmegiňizi ýatladýarys. Ýerine ýetirmeli missiýalaryňyz:
Başardygyňyzdan gymmatly artefaktlary (tapyndylary) tapyp bilmek we ynjytman gerekli muzeýlerine tabşyrmak.
Nirä tabşyrmalydygyny bolsa, özüm alada ederin we size soň habar ederin.
Bellik: Siziň islegleriňizi mundan artyk kanagatlandyryp bilmedik. Göwnän düşsün öňe, göwnemedige hem zorluk ýok.
Abaddon..


*****************************************************

2-nji nota

MerdanGeldiýew:
– Menem jana döz geleýin, merdana ýigit bolaýyn. Gulluga gidenimden Müsüre gidenimem gowudyr – diýäkgetdin, goşlaryny düwüşdirdi...

...Şol näbelli kalendardaky aýyň 1-i hem gelip ýetdi. Aşgabat Halkara howa menziline ähli agzalar diýen ýaly ýygnanyşdylar. Hat-da, gitjek däl diýenlere çenli gelipdir, geň. Öňki tanyş agzalar-a ýitigini tapan ýaly gadyrly salamlaşyp başagaý. Nätanşyraklar bolsa, äm-säm, “hihi” diýşen bolup durdular. Biraz gijä galypdyrlar ekeni. Birdenem başlandy, ine bir tut-ha-tutluk. Tüýs “Ýeke özi öýde” filmiň 2-njisini ýatlabermeli. Garaz, münüldi, sanlar dogry çykdy-ha etdiler. Bilmedik Kaire baransoňlar “Kewin ýok” bolsa. Her kim jora-jora-da, dost-dost oturmaşak.
Sallahlar bir ýerräkde oturdy, elbetde Dark wolf başga çete geçdi. Hiayress bilen Keaip begcon hem bile beýle çetde. Khanture bolsa, haýsy tarapa ýetjegini bilmän başagaý. Başardygyndan penjireden daşary seretmejek bolýar. Gümmezimtik zat görse-de bolanok. Togalagrak zatlara allergiýasy bar. Reska migreni tutýa. Soň barsyna iş bolýa.
Baýker, arkaç, mountain, mrokas, kwadrat kelle, Soho, Remezan dagylar hem bir ýerde, uçaryň ortaragynda oturdylar.
Ýaňky sallahlar – Pegas, Gost, FanB, Bendtner, Ötegçi, SadMan, Ahmedik_97, MerdanGeldiýew dagylaryň – hersi öz ýanyndan stýuardessalardan öz wkuslaryna görä birini “saýlandylar”. Beýle gözelleri synlamaga göz gerek. Olaryň birisi Dark wolfa artygrak seretdimi, nämemi, töwereginden geçeninde birden:
– Nememi, dogan, agaňyza meňzetdiňizmi? – diýip, ýüzüni aldy. Gyz allaniçigsi boldu-da, ötä gitdi. Baryp hem joralary bilen hyşy-wyşy...
Bendtner:
– Detka, naleý-da şto nibud po gorýaçeýe.
Ötegçi:
– Biraz mylakatlyrak soraýsana how. Jäniçge, bu ýaşuly gyzgynjak gök çaý guýaýyň diýýä. Özüňem 26-06-ýok alta aýlaý boş wagtyň, 66-lykdan tutdurýandyr ýesli ço...
Kind boy hem bulardan galmajak bolup bir zatlar aýdyp başlany hem şoldy welin, Soho:
– Ogul, biz seň ýaljakkak sümügimizi togalapjyk top edip oýnaýadyk. Gyzjagazlar seň uýaň ýaljak. Kitapjygyňy oka ballym – diýip sözüni böldi.

...Baryp düşdüler Kaira. Senýorita mylaýym ýylgyryp:
– Waý, daşaryň ýyljajykdygyny – diýdi.
Hemedany Senýorita, Mona Songz, wordless, Miss minnoş, Jeni, Xyivenia, Prenses04, Talyp gyz dagylaryň çemedanlaryna haýran galyjylyk bilen seredip:
– Gyzlar diýýän-ä, munça çemedana nämeler ýerleşdirip bildiňiz? Tolkuçka bir ýerinde durmy? – diýip ýylgyrdy. Gost olardan öňürtdi:
– Bu çemedanda bularyň biriniň sag aýaklarynyň joraplary bar. O çemedanda bolsa, çep aýaklarynyň joraplary. Soň bu çemedanda bolsa...
Hiayress:
– Näme üçin imenno şo çemedana sag aýagyň joraplary, muňa bolsa çepiň? Näme üçin ýerini çalyşmandyrlar?
Pegas:
– Biz bu ýere joraplarymyzyň ýa özümiziň taýymyzy tapmaga gelmedik. Gürrüňiňizi azaldyň-da, ýöräň – diýip, içinden hüňürdedi – dalba*ob Zews. Adamlary ikä bölen bolup. Men öz jorabymyň taýyny tapyp bilemok, öz taýymy nireden tapaýyn bl..t. Özi wagtynda hezil etdi-de...
Bular bu ýerde myhmanhana ýerleşip, bu günlükçe dynç alybersinler. Habary yzda galan Mümkin bilen dangerden alalyň.

Ýeke özi saýtda Mümkin öz-özi bilen gepleşip başlady. Birdenkä danger peýda boldy:
– Bir özüňdirin öýdüp oturma. Menem galdym.
– ...
– Bilediň puluny beriň diýdim. Häk, gnidalar diýsä. Mowzuga üns bermändirin. Girdeji gelmese çykdajy çykanok eken.
– ...

50 manatdan mugut sýuzanna bar. 1 metir 2 santy. Semizjelere iskitka. Howlugyň. Laçyn öýmeler dükany.

Pegas we mrokas myhmanhanada galdy we Gosty oglanlar topara baş edip belledi. Gyzlara bolsa, Nirwanady.
Uly turist awtobusyna münüp, niredesiň Giza, Heops diýip ýöräp ugradylar. Gaýdanlary bäri hemmeden ses çykdy, emma Germionadan salamdan başga ýeke-de söz çykmady. Dani, Rigel, Merýem dagylar özara gürrüň edip barýalar, Nirwana, My life we garaburç hem. Nirwana:
– Granger, munça goş alyp gaýtmalam däl ekeniňiz. Öýlänlik yzymyza myhmanhana gaýdyp barýas ahyry. Gazuw işine erte başlaýarys öýdýän ýalňyşmasam – diýip, Grangeri gepletmek isledi. Näler jogap beresi gelmese-de, geplemeli boldy:
– Bulag meniň gegekly kitaplagym. Aňygda gegek bolýa. Putewoditel dgewnemu Ýegiptu.
Düşnükli. Germiona “yr” diýip bilenok eken.

Dowamy elbetde bar.

File engine/modules/thanks.php not found.

Bilim, Telwas tarapyndan 27-06-2022, 13:57

  • Khanture Khanture off № 1 27 июня 2022 14:08
    Gaty erbet göwnüme degipsiň! ;)))
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 2 27 июня 2022 14:09
    Khanture
    Gaty erbet göwnüme degipsiň! ;)))

    Garaş entek sen :))
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 3 27 июня 2022 14:10
    Ady agzalmadyk agzalar soňky bölümlerde agzalýansyňyz.
    Jogap
  • Khanture Khanture off № 4 27 июня 2022 14:14
    Nirvana
    Khanture
    Gaty erbet göwnüme degipsiň! ;)))

    Garaş entek sen :))

    Nämä sýurpriz barmy maňa?! ;))
    Jogap
  • Ahmedik_97 Ahmedik_97 off № 5 27 июня 2022 14:15
    Aha, ýagşy, dowamyny haçan goýjak?
    Jogap
  • Ahmedik_97 Ahmedik_97 off № 6 27 июня 2022 14:17
    Khanture,
    Khanture on № 1Şu gün, 14:08
    Gaty erbet göwnüme degipsiň! ;)))

    Hawa, üýtgeşigräk eden bolsa gowy boljak eken.
    Jogap
  • Khanture Khanture off № 7 27 июня 2022 14:19
    Ahmedik_97
    Khanture,
    Khanture on № 1Şu gün, 14:08
    Gaty erbet göwnüme degipsiň! ;)))

    Hawa, üýtgeşigräk eden bolsa gowy boljak eken.

    Buda gowy. Indiki bölümini bir g9reli hany...
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 8 27 июня 2022 14:24
    Ahmedik_97
    Aha, ýagşy, dowamyny haçan goýjak?

    Ölmesem ertir.
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 9 27 июня 2022 14:25
    Khanture
    Nirvana
    Khanture
    Gaty erbet göwnüme degipsiň! ;)))

    Garaş entek sen :))

    Nämä sýurpriz barmy maňa?! ;))


    Bilip bolmaz :)
    Jogap
  • Ahmedik_97 Ahmedik_97 off № 10 27 июня 2022 14:28
    Khanture,
    Menem sylap goýan däldir.))
    Nirvana,
    Meň üstümden gaty düşmegin, men utanjaňdyryn:)
    Soň utanyp 3 blog açyp ýörmäýin birden hihi
    Jogap
  • Ahmedik_97 Ahmedik_97 off № 11 27 июня 2022 14:29
    Nirvana,
    Degişýändirin, çeper eserdir, degişmäni halaýan. Isleýşiňçe ýazyp bilersiň.
    Jogap
  • Ahmedik_97 Ahmedik_97 off № 12 27 июня 2022 14:30
    Nirvana
    Ahmedik_97
    Aha, ýagşy, dowamyny haçan goýjak?

    Ölmesem ertir.

    Dura, öläýesiň ýoga:(
    Jogap
  • Gauzen Gauzen off № 13 27 июня 2022 14:31
    Nirvana
    Ady agzalmadyk agzalar soňky bölümlerde agzalýansyňyz.

    Sabyrsyzlyk bilen garaşýan shlyapa
    Jogap
  • danger danger off № 14 27 июня 2022 14:35
    Berekella.... el carpyşmalar
    brawo
    Jogap
  • Gauzen Gauzen off № 15 27 июня 2022 14:38
    Indiki seriýada näme barka hitry
    Jogap
  • Ahmedik_97 Ahmedik_97 off № 16 27 июня 2022 14:47
    Mti Akaşa barýarmyka?!
    Jogap
  • Bendtner Bendtner off № 17 27 июня 2022 14:55
    ?daş bolupdyr dowamyna garashyas
    Jogap
  • Hiayress Hiayress off № 18 27 июня 2022 15:01
    "Baýker, arkaç, mountain, mrokas, kwadrat kelle, Soho, Remezan dagylar hem bir ýerde, uçaryň ortaragynda oturdylar."

    Töründe atasynyň öýüne gelen ýaly aýakbogdaşyny gurap oturdylar.

    "Gaýdanlary bäri hemmeden ses çykdy, emma Germionadan salamdan başga ýeke-de söz çykmady."

    Ol içinden özi bilen dawalaşyp barýar. Bize wagty ýok. :)

    Gowy, yzyna garaşýas. :)
    Jogap
  • senyorita. senyorita. off № 19 27 июня 2022 15:01
    Dowamyna garaşýan... (Waý, biziň çemodanlarymyz ??) ???
    Jogap
  • wordless wordless off № 20 27 июня 2022 15:02
    Elleriňe saglyk
    Jogap
  • Hiayress Hiayress off № 21 27 июня 2022 15:03
    senyorita.,
    Näme üçin joraplaryňyzyň taýlaryny aýry-aýry çemodanlarda saklaýaňyz?! :)
    Jogap
  • Granger Granger off № 23 27 июня 2022 15:13
    Hiayress,
    Maňa şizofren diýäýdiňmi owadanlap ?
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 24 27 июня 2022 16:42
    Ahmedik_97,
    Şeýle-de isleýşimçe ýazylýar. Garaşyň size-de gowja zatlar ýazylýar.
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 25 27 июня 2022 16:44
    Gauzen
    Nirvana
    Ady agzalmadyk agzalar soňky bölümlerde agzalýansyňyz.

    Sabyrsyzlyk bilen garaşýan shlyapa


    Siz gyzmy ýa oglan? Şoňa görä ýazmakçy…
    Jogap
  • Гость Гость off № 26 27 июня 2022 16:46
    Şy oglanlary özüm "molla" edern entäk ekspedisiýa gutarýança. Şeýle wir tertipli çaga bolup bararlar öýlerne, ene- atasy tanap bilse diý
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 27 27 июня 2022 16:46
    Hiayress
    "Baýker, arkaç, mountain, mrokas, kwadrat kelle, Soho, Remezan dagylar hem bir ýerde, uçaryň ortaragynda oturdylar."

    Töründe atasynyň öýüne gelen ýaly aýakbogdaşyny gurap oturdylar.

    "Gaýdanlary bäri hemmeden ses çykdy, emma Germionadan salamdan başga ýeke-de söz çykmady."

    Ol içinden özi bilen dawalaşyp barýar. Bize wagty ýok. :)

    Gowy, yzyna garaşýas. :)


    Aýbogdaşyny gurap oturardan dar-da samolýodyň skamaýkelary :)
    Germiona göreli, özi bilen dawalaşýarmy ýa başga biri bilen :)
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 28 27 июня 2022 16:48
    Гость
    Şy oglanlary özüm "molla" edern entäk ekspedisiýa gutarýança. Şeýle wir tertipli çaga bolup bararlar öýlerne, ene- atasy tanap bilse diý


    Şeýtsene joram. Kimleri tertipli etmelidigiňi bilýäň dälmi özüň?! :)
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 29 27 июня 2022 16:49
    Göwnüňize ýaramaýan ýerleri bar bolsa, arkaýyn aýdyp bilersiňiz. Ýüzümize almarys.
    Jogap
  • Soho Soho off № 30 27 июня 2022 16:53
    haha, gaty gowy
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler