Salam arzylylar! Sag salamatmysyňyz?! Siziň nurana ýüzüňizden hiç haçan ýylgyryş, mähir, sylaşyk aýrylmazlygyny diläp, mowzuga başlaýas. Bu gün saýtymyzyň iň skandalnyý, käwagty dagy iň aktiw, iň gyzykly we syrly agzasy Ahmedik97 bilen ýakyndan tanyşarys. Tanyşlygy Siziň söýgüli alypbaryjyňyz geçirer. Düzgünlerimizde biraz üýtgeşme. Siz ähli soraglara hökman jogap beräýmeli.
Başladykmy? Galstugyňyzy bir düzediňä.
Na Start, Wnimaniýe, Marş.
Poýehali...
1. Özüňiz barada gysgaça gürrüň beräýiň. (awtobiografiýa).
2. Nikiňiziň soňundaky "ik" goşulmasyny goýmagyňyzyň belli bir sebäbi barmy ýa özüňizi gyzlara läliksiretmek üçin goýduňyzmy?
3. Durmuşyňyzdaky iň bagtly günüňiz barada gürrüň beräýiň.
4. Siz iň pozitiw agzalaryň biri, ýöne, Siziňem gynanýan, strese düşýän wagtlaryňyz bolýandyr, beýle ýagdaýdan nähili çykyp gidýäňiz?
5. Şahsy durmuşyňyz barada gürrüň beräýiň.
6. Söýýän bagtlymy ýa söýülýän? Näme üçin?
7. Hakyky dostuňyz barmy? Dostluk barada pikiriňizi aýdaýyň?
8. Gyzlardaky iň halamaýan häsiýetleriňiz?
9. Agzalara başga-da hökman aýtmaly diýip hasaplaýan zatlaryňyz barmy?
10. Eliňizde mikrofon, hemme gyzlar Sizi diňleýär, näme diýerdiňiz?
11. Söýgi barada (ýa söýgiliňiz barada) bir bent goşgy düzmäge synanyşyň.
12. Anjelina Joli, Priýanka Çopra, Amalia. Eliňizde pistolet, içinde iki ok bar, şularyň ikisini atmaly diýlende, haýsyny saýlap diri goýardyňyz?
13. "Arman" diýlende durmuşyňyzdaky haýsy ýagdaý göz öňüňize gelýär?
14. Özüňizi haýsy multfilm gahrymanyna meňzedýäňiz?
15. Goý Siziň janyňyz sag, başyňyz dik bolsun, ata Watanymyzyň iň şadyýan ýigitleriniň biri bolup galyň.
16. Agzalar sizem özüňizi gyzyklandyrýan soraglary sorap bilersiňiz, sag boluň!

File engine/modules/thanks.php not found.

Sorag-jogap, Massimus tarapyndan 29-06-2022, 23:18

  • Massimus Massimus off № 1 29 июня 2022 23:27
    Indiki sanymyzda haýsy agza bilen tanyşalyň, şahsa ýazaýyň.
    Ahmedik bilen söhbetdeşlik geçirmegimizi sorap kän agza haýyş etdi.
    Jogap
  • Kind_boy Kind_boy off № 2 29 июня 2022 23:38
    1.su gun nace gezek yalan sozledin
    2. himiya ansatmy matematika
    3. in gowy goryan naharyn
    4.sularyn haysysy:10 mun dollar bilen 10 yas ulalmagymy yada su bilya zatlan bilen 10 kicelmegi
    Jogap
  • Fanat Fanat off № 3 29 июня 2022 23:39
    Massimus,
    Massimus Praduction bilen Ýaşlyk kanalyna çyksaňam bolya senä. Tejribe topladyň indi gowja :))
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 4 29 июня 2022 23:50
    Massimus
    Indiki sanymyzda haýsy agza bilen tanyşalyň, şahsa ýazaýyň.
    Ahmedik bilen söhbetdeşlik geçirmegimizi sorap kän agza haýyş etdi.


    Dark_Wolf, soň Margarita.
    Jogap
  • Bendtner Bendtner off № 5 29 июня 2022 23:54
    1.Ahmet iň kop dawa edeňde nace wagt dowam etdi?)
    2.Dawada ýeňlip goren yeriň barmy?)
    3.Bankomatda ocerde durkaň ocerdiňi aldyryp görduňmi?)
    4.Kicikaň nace yashyňdadyň?
    5.Boyy 1.50 gyz bn durmush gurmaly bolsa gurardyňmy?)
    6.Senden motiwasiya sozler gelsin
    7.Aydaly 1 gyz seni söýüp soz aytya a sen ony kän bir halaňok nayli hereket ederdiň?
    8. Durmushyňdaky iň gulkunc wakany aydyp beray
    9.Mcgregor bn fc bayern munich uruşsa 90+ extrada salnan gol hasap edilse pellehanadan haysy at 1nji bolup gecer?
    10. Bergiňi hacan berjek? :-D
    Jogap
  • Jeksparro Jeksparro off № 6 29 июня 2022 23:59
    1. Kelläň düzüwliligi hakynda dogtar hatyň barmy?
    2.Dogtar haty dälihanadan aldyňmy ýa newropotologiýa lukmanyndanmy?
    3. Dogtara görünmezden öň stresden açylmak üçin ýoga gatnadyňmy?
    4. Täleý-kysmatyňy integem özüň çözüp bilýän diýip hasaplaýaňmy?
    5. Haýsy dini ýigrenýäň a) Buddist we beýleki gaýry köphudaýly dinler.
    b) hristiýan, c) yslam.
    6. Öz başyňa din döredip pygamber bolasyň gelýärmi???
    Jogap
  • Fanat Fanat off № 7 30 июня 2022 00:00
    Bendtner,
    9.Mcgregor bn fc bayern munich uruşsa 90+ extrada salnan gol hasap edilse pellehanadan haysy at 1nji bolup gecer?

    Bähh kelläm birden bulaşyp gitdaý düşünjek, soragy jemlejek bolup Hemme sport şu wagt göz öňümden geçip gitdi
    Jogap
  • My life My life off № 8 30 июня 2022 00:04
    Mende-ha sorag yok, yazgyt diyip bashlar oydup gorkyan.
    Jogap
  • Ahmedik_97 Ahmedik_97 off № 9 30 июня 2022 00:10
    Galstugym düzüw dura :D
    1. Men özümi gizlämok. Sebäbi özümi gizlär ýaly men nä milliardermi :D. Özüm barada aýtsam, men, Gurbanmyradow Ahmet Gurbanmyradowiç, bir müň dokuz ýüz togsan ýedinji ýylyň iýun aýynyň on dokuzyna Mary welaýatynyň Baýramaly şähirinde doguldym. 2012-nji ýylda «Ahyrzaman bolýa, Wekilbazara gidip ýaşasaň diri galýaň» diýdiler welin, maşgalamyz bilen Wekilbazara göçüp gaýtdyk.
    2. Nikimiň yzyndaky ol goşulmany 2013-nji ýyllarda Mobimit bardy. Şonda "dile geldi, bile geldi" diýlişi ýaly Ahmedik_97 kellä geldi, şodur-şodur şol nik:) Indi üýtgetsemem bolýar welin, taryh ýazýanlar bulaşar öýdýändä:) Meň bilen habarlaşjak bolup azara galyp ýörenlere Mobimeet ID-im: 20786891. Habarlaşaýyň.
    3. Muny gürrüň bersem görüp damaryňyz tutaýmasa :D
    4. Gije sagat 02:00—04:00 aralygynda ýekelikde Hudaý bilen gepleşýän. Şoň haýry degýär.
    5. Muny aýtsam geljek soraglary götermän saýt ýapylar. Saýtymyzam bize gerek. Şoň aladasyny edäýmesem:)
    6. Söýülýän. Sebäbi sen ony söýeňde-de ol başgany söýüp bagtly bolup bilýär.
    7. Bar. Synagdanam geçirip gördüm. Hemme zat Full.
    8. Äsgermezlik etseler halamok.
    9. Adamda çigit ýaly göwün bar. Goý şol göwni ýykmajak boluň!
    10. Şu taýda men bir zady boýun alasym gelýär. Durmuşda, siz bolmasaňyz, biz ýokdurys. Ýöne sizem bir zady ýadyňyzdan çykarmaň, biz bolmasagam siz ýokdursyňyz????
    11. Bir bent goşgy düzsem men,
    Gara gözleň şanyna!
    Ynan gülüm öldürýär —
    Gözel keşbiň jadysy...
    12. Pikirlenmän Amaliýadan galanyny atardym. Sebäbi Amaliýa Türkmen gyzy, türkmen ýyldyzy.
    Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy: Türkmeni beýik türkmen edip biljek diňe türkmendir! diýýär.
    13. Ogulsenem Taňňyýewanyň eserlerini hiç zadyny üýtgetmezden kino edip çykarardym. Arman olar ýaly mümkinçilik bizde ýok. Gahrymanlarynam üýtgetmezdim. Artistlerem türkmen ederdim.
    14. "Zwer polis türkmençe" multfilmindäki polisiýa işgäri Judi Hopsa. Ol gyza diýjeklere häzirden jogabym: Häsiýetimi, özümi alyp barşymy meňzetdim.
    15. Sagboluň, sylap gepleşigiňize çagyranyňyz üçin size minnetdarlygymy bildiresim gelýär. Şu pursatdan peýdalanyp, Islenen saýtynyň agzalaryna uzak ömür, berk jan-saglyk, agzybir maşgala ojaklarynda el ýetmez bagt arzuw edýärin! Maňa gezek gelende saňa hemaýat etjek gurama bolmadyr öýdýän:)
    16. Sen şu temalaň halkyň aňyny zaýalaýandygyňdan habaryň barmy?!
    Jogap
  • Massimus Massimus off № 10 30 июня 2022 00:18
    Ahmedik_97,
    Jogaplaryň üçin sag bol.

    Sen şu temalaň halkyň aňyny zaýalaýandygyňdan habaryň barmy?!


    Düşünmedim, has açygrak aýdaýmasaň
    Jogap
  • Ahmedik_97 Ahmedik_97 off № 11 30 июня 2022 00:18
    Hemedany
    Tötänlik bilen takdyra nähili garaýaň? :)

    Biziň gözümizde tötänlik, aslynda bolsa, takdyrdakyny eýlä ýatsaňam görýäň, beýlä ýatsaňam.
    Jogap
  • garaburc garaburc off № 12 30 июня 2022 00:21
    Bir palca bardyñyz diyeli. Geljeginiz hakda çaklama aýtdy. Diýmek palçy sizin manlayynyzdaky ýazgydy gordi diymek bolyamy?
    Ýazgydy ýazmak öz elimizde bolsa, şol palçyñ size aydanlarynyn tersini ýaşap on sozuni yalana chykaryp bilersinizmi?
    Palchyn aydanlaryny yalana çykarjak bolup çydalaşyp ýörkäniz, ýene-de şol palçyn aydany gelip çyksa nàme edersini?
    Men nähili adam?
    Omrunde atyza(mellege) girip heyem birzat ekip gorduñmi?
    Name ekdin?
    Jogap
  • Ahmedik_97 Ahmedik_97 off № 14 30 июня 2022 00:23
    Kind_boy
    1.su gun nace gezek yalan sozledin
    2. himiya ansatmy matematika
    3. in gowy goryan naharyn
    4.sularyn haysysy:10 mun dollar bilen 10 yas ulalmagymy yada su bilya zatlan bilen 10 kicelmegi

    1. Bu günä ýalan sözlemedim, ýöne ertir ýalan sözlemeli. Suw bilen gaza töleg almaga gelýärler, baram welin beresim gelenok :D
    2. Himiýa.
    3. Nahar dannamok.
    4. Kiçelmegiňe düşünmedim
    Jogap
  • Гость Гость off № 15 30 июня 2022 00:24
    Massimus,
    Soňra My life
    Jogap
  • Ahmedik_97 Ahmedik_97 off № 16 30 июня 2022 00:24
    Massimus
    Ahmedik_97,
    Jogaplaryň üçin sag bol.

    Sen şu temalaň halkyň aňyny zaýalaýandygyňdan habaryň barmy?!


    Düşünmedim, has açygrak aýdaýmasaň

    Men şu saýtyň agzasy hökmünde özüme beren soragym :D Hä bolmandyrmy:)
    Jogap
  • Massimus Massimus off № 17 30 июня 2022 00:25
    Ahmedik_97,
    Indi düşündim
    Jogap
  • Ahmedik_97 Ahmedik_97 off № 18 30 июня 2022 00:26
    Fanat
    Massimus,
    Massimus Praduction bilen Ýaşlyk kanalyna çyksaňam bolya senä. Tejribe topladyň indi gowja :))

    Ýanyna kömekçi edip işe almazmyka :D
    Jogap
  • Massimus Massimus off № 19 30 июня 2022 00:27
    Nirvana,
    Гость,
    Bolýa
    Jogap
  • Seri Seri off № 20 30 июня 2022 00:29
    Ahmedik_97,
    2012-nji ýylda «Ahyrzaman bolýa, Wekilbazara gidip ýaşasaň diri galýaň» diýdiler welin, maşgalamyz bilen Wekilbazara göçüp gaýtdyk.
    Hmm diýmek siz maşgala bolup bejergi almaly.
    Jogap
  • Ahmedik_97 Ahmedik_97 off № 22 30 июня 2022 00:41
    Bendtner

    1.Ahmet iň kop dawa edeňde nace wagt dowam etdi?)
    Ölçemändirin:)
    2.Dawada ýeňlip goren yeriň barmy?)
    Ýok
    3.Bankomatda ocerde durkaň ocerdiňi aldyryp görduňmi?)
    Oçur almasam beremokdym
    4.Kicikaň nace yashyňdadyň?
    Bilemok. Sebäbi ol wagt men kiçidim:D
    5.Boyy 1.50 gyz bn durmush gurmaly bolsa gurardyňmy?)
    Elbetde. Tagam şeýle etjek. Gelejegimiň aladasyny edýän ??
    6.Senden motiwasiya sozler gelsin.
    Haýsy kärde zähmet çekesiňiz gelýän bolsa diňe şol kärde zähmet çekmek üçin hereket ediň. Çünki bu — taryhda yz galdyryp oýlap-açyş etmegiň iň ýönekeý usullarynyň biri.
    7.Aydaly 1 gyz seni söýüp soz aytya a sen ony kän bir halaňok nayli hereket ederdiň?
    Seni söýeni awam bolsa ýuwut, söýmedigi balam bolsa unut
    8. Durmushyňdaky iň gulkunc wakany aydyp beray
    Tok bilen işleşemde. Aýratyn mowzuk edip açaryn ýa şu ýere aýratyn teswir edip ýelmäýerin.
    9.Mcgregor bn fc bayern munich uruşsa 90+ extrada salnan gol hasap edilse pellehanadan haysy at 1nji bolup gecer?
    Arkadagymyzyň aty :D
    10. Bergiňi hacan berjek? :-D
    Keýik gyrkymda
    Jogap
  • Ahmedik_97 Ahmedik_97 off № 23 30 июня 2022 00:47
    Jeksparro

    1. Kelläň düzüwliligi hakynda dogtar hatyň barmy?
    Bar.
    2.Dogtar haty dälihanadan aldyňmy ýa newropotologiýa lukmanyndanmy?
    Newropotologdan
    3. Dogtara görünmezden öň stresden açylmak üçin ýoga gatnadyňmy?
    Ýok
    4. Täleý-kysmatyňy integem özüň çözüp bilýän diýip hasaplaýaňmy?
    Hawa
    5. Haýsy dini ýigrenýäň a) Buddist we beýleki gaýry köphudaýly dinler.
    b) hristiýan, c) yslam.
    Dinleri ýigrenemok, ýöne şularyň içinde iň gowy görýänim Yslam dini.
    6. Öz başyňa din döredip pygamber bolasyň gelýärmi???
    Ýok. Hezreti Muhammet pygamberiň ýolundan ýöräp parzymy ýerine ýetirsem, muňa ýetesi näme bar
    Jogap
  • Seri Seri off № 24 30 июня 2022 00:54
    1. Elmydama gaty köp gürleýäñizmi?
    2. Banyoda aýdym aýdýarsyňyzmy?
    3. Saçyňyzy kesmek hakda pikiriňiz barmy?
    4. Günä etmek meýliňiz barmy?
    5. Ilkinji tanyşan adama eliňi, ýüregiňi we gapjygyňy hödürlemäge taýynlygyň dogrymy?
    6. Başga adamlaryň maşgala işlerine goşulmagy halaýarsyňyzmy?
    7. Aý şöhlesinde tans etmegi halaýarsyňyzmy?
    8. Palçylara ynanýarsyñyzmy?
    9. Siz köplenç mugtyna işleýäñizmi?
    10. Siz köplenç içgili şeýtanlary görýärsiñizmi?
    11. Gelmişekler bilen duşuşmagy arzuw edýändigiňiz dogrumy?
    12. Aý şöhlesiniň aşagynda goşgy okamagy halaýandygyňyz dogrumy?
    13. Siz köplenç aýna seredip öziñizi owadan hasaplaýañyzmy?
    Jogap
  • Jeksparro Jeksparro off № 25 30 июня 2022 00:55
    Ahmedik_97,
    1. Kelläň düzüwliligi hakynda dogtar hatyň barmy?
    Bar.
    2.Dogtar haty dälihanadan aldyňmy ýa newropotologiýa lukmanyndanmy?
    Newropotologdan

    - Aý blää, ''Dogtar hatym bar'' diýip diýjegiňi diýip durmaly däldirärow, sosial saýtlarda! ?????
    Jogap
  • Ahmedik_97 Ahmedik_97 off № 26 30 июня 2022 00:57
    garaburc
    Bir palca bardyñyz diyeli. Geljeginiz hakda çaklama aýtdy. Diýmek palçy sizin manlayynyzdaky ýazgydy gordi diymek bolyamy?

    Ýok. Palçy aldaýar. Baran palçymy aýdan zatlarynyň ýalandygy bilen masgaraladym.

    Ýazgydy ýazmak öz elimizde bolsa, şol palçyñ size aydanlarynyn tersini ýaşap on sozuni yalana chykaryp bilersinizmi?
    Uže iki palçyň aýdanyny ýalana çykaryp tersine ýaşap ýörün.
    Palchyn aydanlaryny yalana çykarjak bolup çydalaşyp ýörkäniz, ýene-de şol palçyn aydany gelip çyksa nàme edersini?
    Tötänlikde gabat gelen bolmagy mümkin diýip, ony derňärdim.
    Men nähili adam?
    Iň gowy görýän adamlarymyň hatarynda dursyň.
    Omrunde atyza(mellege) girip heyem birzat ekip gorduñmi?
    Name ekdin?
    Hojalykda ösdürilip ýetişdirilýän medeni ekinleriň ählidini. Şu wagtam nasos bilen mellek suwarýan, ondan daşary siz bilen.
    Jogap
  • Pegas Pegas off № 27 30 июня 2022 00:57
    Ahmedik_97, suratyňda kostýumyňdaky baýdak znaçogyň aşagyndaky zatlar näme?)
    Jogap
  • Ahmedik_97 Ahmedik_97 off № 28 30 июня 2022 00:58
    Jeksparro
    Ahmedik_97,
    1. Kelläň düzüwliligi hakynda dogtar hatyň barmy?
    Bar.
    2.Dogtar haty dälihanadan aldyňmy ýa newropotologiýa lukmanyndanmy?
    Newropotologdan

    - Aý blää, ''Dogtar hatym bar'' diýip diýjegiňi diýip durmaly däldirärow, sosial saýtlarda! ?????

    Sizi güldiräýin diýdimdä:)
    Jogap
  • Ahmedik_97 Ahmedik_97 off № 29 30 июня 2022 01:00
    Seri
    Ahmedik_97,
    2012-nji ýylda «Ahyrzaman bolýa, Wekilbazara gidip ýaşasaň diri galýaň» diýdiler welin, maşgalamyz bilen Wekilbazara göçüp gaýtdyk.
    Hmm diýmek siz maşgala bolup bejergi almaly.

    Pikirlenmän teswir ýazsaň eliňi çaparyn.
    Jogap
  • Ahmedik_97 Ahmedik_97 off № 30 30 июня 2022 01:03
    Pegas
    Ahmedik_97, suratyňda kostýumyňdaky baýdak znaçogyň aşagyndaky zatlar näme?)

    Awazada dynç alamda Awaza belgili owadan znaçoklary hödürlediler. Aý näme, mugt zat mugtlygyny edäýýärdä, aldym dakdym menem:)
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler