Näme üçin gurbanlyga baýramçylyk diýilýär. Mysal üçin, nowruz baýrama meňzedip. Ýogsa bu iki baýramçylygyň arasynda ep-esli tapawut bar. Nowruz baýramy, ýaz gelip tebigatyň janlanmagyny aňladýar. Adamlar tebigatyň bir bölegi bolany üçin olar hem tebigat bilen birlikde oýanyp, sümelek bişirip iýip şatlanýarlar.
Ýöne gurbanlyk baýramçylygy nowruz baýramçylygyna meňzemeýär. Eger bu baýramçylygy dini baýramçylyk diýip kabul etsek. Ýöne ýene bir zat bar. Ylymda.
Ilkidurmuş jemgyýetinde ýaşan adamlar miweleri çöpläp iýip ýaşapdyrlar diýýär. Olara entek haýwany öldürip iýmek başartmandyr. Adamzada haýwany öldürmek üçin ýarag gerek bolupdyr. Iň bolmanda jandary daşlap öldürmek gerek bolupdyr. Ýaşaýyň ilkinji pursatlarynda haýwanlar adamzadyň üstünden höküm sürüpdir diýilýär. Adamlar bolsa, olara boýun egip ýaşapdyrlar, tä ot oýlanyp tapylýança. Oduň oýlanyp tapylmagy bilen adamlar haýwanlardan üstünlikli goranypdyrlar. Haýwany öldürenlerinden soň bolsa, oduň daşynda pyrlanyp, tans oýnapdyrlar. Etini bolsa oda basyp iýipdirler.
Şeýdip, bu baýramçylyk, diniň dörän pursatyna çenli ýetip gelýär. Din hem öz gezeginde adamyň haýwany ýeňen baýramçylygyny öz içine kabul edýär. Käbir üýütgemeleri girizýar. Mysal üçin, indi öldürilen haýwanyň ruhy, Hudaýyň ýanyna gidip, Oňa adamyň dileglerini ýetirmeli bolupdyr. Adamlar bu ynanjy dogry diýip kabul edipdirler, ýagny Hudaýy görmegiň anyk ýoly, ölüp onuň ýanyna barmak. Häzirlikçe kelläme geleni şu.

File engine/modules/thanks.php not found.

Bilim, Yklym tarapyndan 8-07-2022, 10:37

  • Enegul Enegul off № 1 8 июля 2022 10:43
    İlkidurmush adamlan yasandygna asla ynanamok
    Jogap
  • menembiri menembiri off № 2 8 июля 2022 10:52
    Beyik Yazyjy sen'mi!?
    Jogap
  • Hiayress Hiayress off № 3 8 июля 2022 11:01
    Enegul,
    Olaram seň ýaşaýanyňa ynanan däldirler. ))
    Jogap
  • Enegul Enegul off № 4 8 июля 2022 11:03
    Hiayress,
    Olar yoga nadip ynansynlar
    Jogap
  • Hiayress Hiayress off № 5 8 июля 2022 11:24
    Enegul,
    Bolan wagtlary, özleriniň bolanlygyna ynanmaýan adamyň bolanlygyna ýa-da boljaklygyna, olaram ynanan däldirler. ))
    Jogap
  • Enegul Enegul off № 6 8 июля 2022 11:26
    Hiayress, karoci biribirimize ynanamzok rasot
    Jogap
  • Khanture Khanture off № 7 8 июля 2022 15:07
    Odam oýlap tapypdyrlar ;))))
    Jogap
  • Goklors Goklors off № 8 8 июля 2022 17:10
    Ýazgyňy azajak heňe getitäý. "gurbanlyk baýramçylygy" däl-de Gurban baýramy.
    Jogap
  • Гость Гость off № 9 8 июля 2022 18:18
    Gurbanlygyň asyl manysy açlary doýurmak. Aç adamlaryň doýan güni baýram bolman näme bolsun başga?!
    Jogap
  • Hiayress Hiayress off № 10 8 июля 2022 18:27
    Гость,
    Sadaka ýeter-ýetmeze berilýär, gurbanlygyň bolsa 3/1, galan iki bölegini dost-ýarlaryň, maşgalaň bilen iýilýär.
    Jogap
  • Гость Гость off № 11 8 июля 2022 18:32
    Hiayress
    Гость,
    Sadaka ýeter-ýetmeze berilýär, gurbanlygyň bolsa 3/1, galan iki bölegini dost-ýarlaryň, maşgalaň bilen iýilýär.

    Ýogsa bary berilmeli edilsinmi?! Şol üçden biri bilenem bir aç maşgalaň boş gazany gaýnaýara dogrymy?!
    Jogap
  • Hiayress Hiayress off № 12 8 июля 2022 18:36
    Гость,
    Şepe terse çekýäňaý. Men dini baýramlaryň düzgüni ýa-da olaryň ýerine ýetirlişi bilen işim ýok. Ýöne seň "Gurbanlygyň asyl manysy açlary doýurmak" diýen pikiriňe düzediş girizdim. Sebäp asyl manysy açlary doýurmak bolan bolsa, ähli zatlar sadakadaky ýaly mätäje berilerdi. Ine sadakany açlary doýurmak baýramy diýseň dogry bolar.
    Jogap
  • Гость Гость off № 13 8 июля 2022 18:42
    Hiayress
    Гость,
    Şepe terse çekýäňaý. Men dini baýramlaryň düzgüni ýa-da olaryň ýerine ýetirlişi bilen işim ýok. Ýöne seň "Gurbanlygyň asyl manysy açlary doýurmak" diýen pikiriňe düzediş girizdim. Sebäp asyl manysy açlary doýurmak bolan bolsa, ähli zatlar sadakadaky ýaly mätäje berilerdi. Ine sadakany açlary doýurmak baýramy diýseň dogry bolar.

    - Gurban aýynda her kim soýan malynyň etiniň üçden birini berse. Ähli ýerde deň-derejede garyn doýýa dogrymy?! Hemme ýerde baýram bolmazmy osaň?! Sadaka bereňde bir ýa iki adama berersiň we bulam baýram,ýöne şol beren bir ýa ikiň öýünde
    Jogap
  • Hiayress Hiayress off № 14 8 июля 2022 18:47
    Гость,
    *Gurban baýramynda ýa-da Baýram aýynda

    Sadakanam gurbanlykdaky ýaly köpçülikleýin berseň, garyplaryň garny üç esse artyk doýjak eken. Bu has ýerlikli. Ýöne ýene-de garyplaryň garny doýýar diýip, muny gurbanlygyň asyl manysyna öwürmek nädereje dogry?!
    Jogap
  • Hiayress Hiayress off № 15 8 июля 2022 18:50
    Гость,
    Mysal üçin Täze ýyl. Adamlar baryndan-ýogundan bu baýramy ulydan bellemäne çalyşýar. Özleri zor salyp bolsa-da gowy naharlary etýärler, ömür iýmeýän ýa-da az iýýän nygmatlary alyp saçaklaryny bezeýärler we nazy-nygmatyň içinde garşy alýarlar. Bu diýmek Täze ýylyň asyl manysy adamlaryň ýa-da açlaryň garynlaryny doýurmak diýmekligi aňlatmaýar ahyryn.
    Jogap
  • Гость Гость off № 16 8 июля 2022 18:52
    Hiayress
    Гость,
    *Gurban baýramynda ýa-da Baýram aýynda

    Sadakanam gurbanlykdaky ýaly köpçülikleýin berseň, garyplaryň garny üç esse artyk doýjak eken. Bu has ýerlikli. Ýöne ýene-de garyplaryň garny doýýar diýip, muny gurbanlygyň asyl manysyna öwürmek nädereje dogry?!

    Sadakany köpçülikleýin bermekda şol gurbanlyk etmek,şepe. Seň,meň sadakam şol gurbanlyk bermek
    Jogap
  • Гость Гость off № 17 8 июля 2022 18:59
    Hiayress
    Гость,
    Mysal üçin Täze ýyl. Adamlar baryndan-ýogundan bu baýramy ulydan bellemäne çalyşýar. Özleri zor salyp bolsa-da gowy naharlary etýärler, ömür iýmeýän ýa-da az iýýän nygmatlary alyp saçaklaryny bezeýärler we nazy-nygmatyň içinde garşy alýarlar. Bu diýmek Täze ýylyň asyl manysy adamlaryň ýa-da açlaryň garynlaryny doýurmak diýmekligi aňlatmaýar ahyryn.

    Täze ýyly baýram etmeli diýip nirede bar şepe?! Ol öz islegiň Täze ýyly bellemek we Täze ýylda kim mätäji doýurýa, muň asyl manysyny açlaryň garnyny doýurmak diýmekligi aňlatmak üçin?!
    Jogap
  • Hiayress Hiayress off № 18 8 июля 2022 19:05
    Гость,
    Gurbanlygyň maksady bir başga, sadakanyň bir başga.
    Gurbanlyk bu (dini taglymat boýunça) başda Ybraýym pygamberiň wepasyny synap üçin, Rebiň ogly Ysmaýyly gurban bermegi talap etmegi we Ybraýym aleýhyssalamyň synagdan geçmegi arkaly, Rebe wepalylygyny görkezenligi nyşanynda baýram hökmünde bellenilýär we bu adat bolup galýar. Bu baýram häzirki günde adamyň Alla ýakynlaşýan, onuň emrini ýerine ýetirýän, dost-ýarlary bilen oturyp-turuşyp, özara gowy gatnaşykda bolýan güni, baýramy, Muhammet pygamberiň sünneti hökmünde ýöredilýär.
    Sadaka bolsa ajy doýuryp sogap gazanmak, günäleriňi ýuwmak maksady bilen ýerine ýetirilýär.
    Jogap
  • Гость Гость off № 19 8 июля 2022 19:25

    Gurbanlyk eden malyň üçden bir bölegi bilen ajy doýurýaňa gurbanlykda, dogrumy?! Diýmek bulam sadaka-da şepe
    Jogap
  • Hiayress Hiayress off № 20 8 июля 2022 19:44
    Гость,
    Haýsy hem bolsa bir zada laýyk gelýän normanyň barlygy bu onuň esasy maksadyna öwrülmeýär şepe.
    Jogap
  • Гость Гость off № 21 8 июля 2022 19:52
    Hiayress
    Гость,
    Haýsy hem bolsa bir zada laýyk gelýän normanyň barlygy bu onuň esasy maksadyna öwrülmeýär şepe.

    Asyl maksadam şolda. Açlary doýuryp Hudaýdan sogaba garaşmak
    Jogap
  • Hiayress Hiayress off № 22 8 июля 2022 20:23
    Гость,
    Haýsy kitaba ýa-da haýsy ýazga esaslanyp asyl maksadynyň şoldygyny kesgitlediň?!
    Jogap
  • Гость Гость off № 23 8 июля 2022 20:58
    Hiayress
    Гость,
    Haýsy kitaba ýa-da haýsy ýazga esaslanyp asyl maksadynyň şoldygyny kesgitlediň?!

    Hiç zada-da esaslanamok, şahsy pikirim
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler