SENIŇDIR
Maňa derýa bolup akjak ylham ber,
Akyşy-da, akmaýşy-da seniňdir.
Ýürek ýarasyny ýakjak melhem ber,
Ýakyşy-da, ýakmaýşy-da seniňdir.
Dagdan gözlänimi tapyp düzlerden,
Umydymy halas etdim üzlerden.
Bukma kamatyňy dilgir gözlemden,
Bakyşy-da, bakmaýşy-da seniňdir.
Giç sataşyp görgä goýan dilberim,
Azap maňa sensiz geçen ýyllarym.
Gursagymda goh turuzýar ýyldyrym,
Çakyşy-da, çakmaýşy-da seniňdir.
Eýerläp müneňsoň düýşüm-ýadymy,
Men dünýäň iň bagtly betbagt adamy.
Illeň bize "_____-Sapa" adyny
Dakyşy-da, dakmaýşy-da seniňdir.
Sapa HOMMADOW
[related-news]
[/related-news]
Menem bar Ýetip gelýän 2025-nji ýyl hemmä düşümli, rysgally, saglykly ýyl bolsun!!!
Похожие статьи
{related-news}

Новые статьи
Обсуждают

kone natanysh
в посте
Комментариев нет