Seni gynandyrmak ähtimallygyny nädip düşünip bilýäň? Men seniň göwnüňi ýyksam, ýykylan göwnüň bölekleri elime çümüp ganadar. Ýene iň hakyky duýgularymy saňa ýollaryn. Meň ýollarymyň hemmesi seň adyňdaky harplardan geçer. Senden gitsemem ýollarym saňa çykar. Menden saňa zyýan gelmez diýip biljek däl. Sebäbi, men seni biraz artyk söýüp bilerin. Belki, seni söýýärkäm ýa özümi ýa-da seni ýitirerin. Emma, ikimizden birini ýitirjegim anyk. Seni ýitirmek gorkusyndanam beter, ýene beýle içki duýgularyň edil ortasynda hiç kim üçin bogulmajagymyň gorkusy bar. Men sende bogularyn-da, sen meni halas edersiňmi… Ol ýeri näbelli.
Bile bagtly bolmak isleýän adamyma tarap ädim ätjek bolsam ýa oňa artykmaçlyk edýän ýa-da öz durmuşymda kemçilik…
Soňra gitjek ýerim bolmasa, duýgularym maňa ýalňyş saýlawlar etdirýär we men munuň jezasyny agyr çekýän. Durmuş ýadatýar….
Barlygynyň ysy bilen duýmak isleýäniňi, ýoklugy bilen synag edýär. Ýetmek üçin çykan her ýolum, elýetmez bolýar…
Sen meniň ysyň bilen barlygyňy duýmak isleýänim…
Ýoklugyň bilen synalýanym…
Ýetmek üçin çykan ýolumyň soňy…
Näçe elýeterli däl bolsaň-da, meniň ýolumyň ugry hemişe seniň adyňda…
Isleýşiňçe git, islemeýşiňçe gelerin saňa…
Elektrik togy öçen bir öýde ilki akla gelýän bir mum men. Diňe zerurlyk bolanda ulanylýan. Gijeler şöhle saçsyn diýip hemişe men ýakylýan. Ýüzüne seredemde iň halaýan goşgymy içimden okaýan ýaly duýýarkam, bizi ýaşaljak hemme zatdan mahrum edip içimdäki goşgularymy, portumy, gämimi, duýgularymy ýakdyň sen. Belki içinde senem ýanansyň. Emma şonda-da bize gynanmadyň. Ýakdyň…
Sen bir elipbiý, indi men saňa nähili sözlemler bilen içimdäki duýgulary beýan edeýin? Iki sany gapma-garşy magnit ýaly biri-birimizden uzaklaşdyran hökümlerimiz barka, haýsy duýgular çeker bizi bu yşga? Duýgularymam, janymam ýandy seniň ol döreden ýangynyňda.
Çykmadyk janda umyt bar diýýärler. Öldürmeýän Alla, däliler ýaly küýsedýär öňki günleri… Iň känem bizi…
Diňle! Bilýäňmi iň gowsy näme edeli? Feniks ýaly täzeden dogaly bu ýangynyň küllerinden. Bir araçäk belläli we ol araçäkden bir ädimem ýakynlaşmaly biri-birimize. Çünki biri-birimizi söýüp iň uly zyýany berýäs bize. Biz uzakdan söýeli. Iň bagtly günlerimizi görmän, özümizi nähili duýýanymyzy, näme pikir edýänimizi bilmän, oýaly-ukuly ses tonumyzy duýman…
Diňe we diňeje uzakdan söýeli.
Bize bolar bu bir tarap. Biziň ýolumyz bir tarap we sen hemişe garşy tarapdan gelýärsiň. Aslynda bu-bu ýagdaýyň mazmuny.
Men ikimize degişli bir taraply ýollarda hemişe ikiňize gabat geldim. Her gün sizi görüp ädimledim…
Sen muňa hijem düşünmersiň. Bize bolan ynanjymy ýitirdim. Maňa kalpsyz bolana mundan soňra duýgusyz men… hiç zatsyz, hiç zat men.

Maňa seni söýýän diýme, durmuş gur meň bilen.

File engine/modules/thanks.php not found.

Bilim, Telwas tarapyndan 23-07-2022, 15:33

  • Abaddon Abaddon off № 1 23 июля 2022 16:50
    Shahsa gelsene
    Jogap
  • Pegas Pegas off № 2 23 июля 2022 16:53
    “sebäbi, emma” sözlerinden soň otur belgisi goýulmaýar. goja
    Jogap
  • Pegas Pegas off № 3 23 июля 2022 17:38
    Rigel, “barallel, mldrlab, berbendikulýar” näme?)
    Jogap
  • Okuwçy.A. Okuwçy.A. off № 4 23 июля 2022 19:30
    Maňa seni söýýän diýme, durmuş gur meň bilen.

    Ine ine) swist
    Jogap
  • My life My life off № 5 23 июля 2022 20:13
    Salam, jemlemañiz hic neneñ dal eken.)))
    Jogap
  • Remezan Remezan off № 7 23 июля 2022 22:44
    Şahsa ýazandyryn, Nirwana hanym
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler