Статьи по выбранной дате

Moderator

Miss minnoş! Podruşka, Soňky döwür bir zada üns berýän welin sen meniň nikimi bir zat edipsiň..blog açýan..meň blogym 3-4 ýada 5 like çöplesede HALANAN ýa-da PIKIRLI diýlip duran ýere geçmeýär, şumat seredýän welin meň blogymda like bar ýöne PIKIRLI diýlen ýere blogym geçmändir,bagyşla welin ýöne öňki saparam meň blogym 10 sanydagy like çöpläpdi we saýtyň HALANAN diýen ýerinde durdy, sen saýta

ARZ ALLAHA

Agamyň ýanynda böwrümdäki agyry-sanjydan zeýrenäýmenmi, al-petimden aldy. «Inim, agam ogly, başyňa düşen zat dogrusynda hiç kimsäniň ýanynda dil ýarmagyn. Adamlar iki tüýslüdir: göwni ynjajak dostuň bardyr, begenjek duşmanyň bardyr. Inim, şunuň ýaly agyryny özünden dep edip bilmeýän özüň ýaly mahlugyň (biçäräniň) ýanynda içiňi döküp oturma. Arzyňy diňe seni bu günlere salana - Allaha aýt. Diňe

MESELE ÖZÜMIZDE...

Bir adam aýalynyň gowy eşitmeýändiginden endişe edip başlapdyr. Beýdip gidiberse, günleriň birinde onuň ker bolup galaý- magy gaty mümkin... Ol gulak lukmanynyň ýanyna barmagy ýüregine düwüpdir. Aýaly bilen gürleşmekde kynçylyk çekýändigini arz edip, onuň gulagynyň agyrdygyny ýaňzytmak isläpdir. Lukmanyň maslahatyna görä hereket etmegi ýüregine düwüpdir. Maşgala lukmany oňa: «Eşidiş ukybyny,

ÇYDAMLYLYK GOWY ZAT, ÝÖNE...

Bir maşgalanyň ýaşy ýeten, görmegeý ulugyzy bar eken. Görki Güne, jemaly Aýa bäs edýän bu gyza şol töwerekden iki sany ýaş ýigit hyrydar gözi bilen bakypdyr. Olaryň her biri bu Aýyň öz töründen dogaryny isläpdir. Olar görk-görmegi, edebi-ahlagy bilen özüne çekiji gyz üçin ellerinde baryny bermäge, gollarynda baryny görkezmäge taýyn ekenler. Ahyry gyzyň ejesi oglanlaryň öňünde bir şert goýupdyr.

KÖR WE YSMAZ

Öňki döwürlerde bir kör we bir ysmaz adam goňşuçylykda ýaşapdyr. Şol golaýdaky bir adam bularyň gündelik iýjek-içjegini üpjün edip durar ekeni. Bir gün howandar adam dünýäden ötüpdir. Bu iki biçäre hem hiç kimiň ýadyna düşmändir. Ahyry olar oturyp, bir pikire gelipdirler. Kör adam ysmazy boýnuna mündüripdir. Ysmaz adam oňa nirelere, nähili ýöremelidigini salgy beripdir. Şeýdip olar ýollary söküp,

DERTLERIŇ DERMANY(+++)

Mekge ýolundan haja barýan adamlaryň biri sarysuw keseline ýolugypdyr. Kerwendäkiler ol adamdan tamalaryny üzüpdirler. «Beýle ýagdaýda ýol sökmekligiň derdiň has beterleşmegine eltjekdigine» göz ýetiren kerwenbaşy çarwa araplar bilen ylalaşyp, ony şol ýerde goýup gitmegi makul bilipdir. Näsaga derek kerwendäki düýelerden bermegi ylalaşypdyr. Olar haj parzlaryny bitirip, yzlaryna dolanypdyrlar.

SADAKA (manyly)

Gadym döwürlerde biz ýaly bir adam bolupdyr. Dogry ol bize garanyňda has akyllydyr, ýöne edýän hereketleri biziňkä çalymdaş bolansoň, özümiz ýaly biri göz öňüňe geläýýär. Ol ýiten-ýitiren zadyny, azaşan malyny her gezek Hudaýyň ýoluna sadaka aýdar eken. Günler aşyp, nesibesi dartyp, ýene-de şol zadyny tapaýsa, gözüni dikip oturan zady alnyna gelen ýaly guwana-guwana garbap alar eken. Ana onsoň

ITLERE MAHSUS HÄSIÝET(bähh...)

Adamlaryň biri tanymal akyldary, abraýly piri öýüne zyýapata çagyrypdyr. Akyldar olaryň gapysyna ýetiberende, öý eýesi daş çykypdyr-da: «Hormatly pirimiz, bu gün sizi hezzetläre hiç ýüzümiz ýokdur! Soň bir gün gaýtadan çakylyk ýollarys» diýipdir. Pir hiç zat bolmadyk ýaly yzyna dolanypdyr. Öýüne gelip ornaşan badyna ýaňky adam piri ýene öýüne çagyrypdyr. Naharyň taýyn bolandygyny,