Dunyade jemi 7 tasinlik bar ony kopuniz bilyansiniz. 8nji tasinligi Telefonsyz durmush. 3 4 gun yaly kawagt telefonsyz durmushy bashymdan geciryan. Telefony ochurip hatda ishde yolda oyde hem ulanmayan. Sheyle bir yakymly tasinlik jan yok kelleagyry yok bashlyk gel gitdisi yok heleyin inirdisi yok. Elkyssa gowy durmush telefonsyz durmush. Sizem aram aram telefonsyz Dunyanin 8nji tasinligine
Islenen.site-da görmegi halamaýan mowzuklarymyz haýsylarka? 1.Täze gelenligi sebäpli,özüni tanyşdyrmagy gerek hasaplaýan agzalaryñ ilkinji mowzuklary.Meselem:"Salam agzalar!Men Jäniçge.Ýylym 2003.Saýtyñyza täze geldim.Menem arañyza goşarsyñyz diýip umyt edýän". Şu pisint mowzuklary her okanymda Serdar Ortaçyñ "Aranıyorum..." diýen söz bilen başlanýan aýdymy ýadyma düşýär :)
Göwnüm göteren asmansyň, Topraksyň — jana heň goşar. Sesiň — durmuşyň mukamy, Ýaňaklaryň — älemgoşar. Şygyrsyň — kalbymy dören, Aýdymsyň — ýetik humary. Saçymy sypan şemalsyň, Jemalsyň — bagtyň jemaly. Syrymsyň ilden gizlegen, Togap eden mährabymsyň. Giňliksiň — göwün deprenen, (Sen gürläňde sähra dymsyn!) Kuwwatsyň — gop beren yşka, Güýçsüň — gussamy omursyn! Ykbalsyň — ykbaly bezän, Ömrüme
Asyl-asyl boldy-da bir agyr ýük, Kalby ýere garşy sozdy, ine-de. Arzuw syýam bilen ýazan geljegmiň Hatlaryny ykbal pozdy ýene-de. Ýagmalanyp şirin-şeker gijeler, Düýşler talanyldy, umyt şel açdy. Yşk bolup ýaşalan köňül köşgüniň Gapysyny bir del ýapdy, ýel açdy. Wagt ýöremez bolup galdy şondan soň, Sekuntlary barmak basyp sanadym. Setirlere ruhum bilen siňdim-de, Dyrmalanan ýara bolup ganadym.
Internetde dörän söýgi Bilmedim, nireden girdiň dünýäme, Tötänden tanyşdyk, tötänden duşduk. Ýogsa, imrinmäge pursatam ýog-a, Bary-ýogy internetde ýazyşdyk. Soraşdyk, ideşdik, duşuşdyk soňam, Göwnüň ýaly gözel eken keşbiňem. Şondan bäri ak kagyza sen hakda Goşgy bilen çekip ýörün keşde men. Hat ýazaňda ýyndam urýar ýüregim, Jaň edeňde has ýagtylýar töwerek. Duýgularmy ýaýyp goýduň öňüňde
“Dost, seni görmäge geldim” Italmaz Akmyrat Kän gündür, atygsap ýürek, Dost, seni görmäge geldim. Ýat bolmasyn birek-birek, Giň gujak germäge geldim. Düýne-ertä da:raşmakçy, Hallar niçik? — soraşmakçy. Ýagşylyklaň sanaşmakçy, Bergimi bermäge geldim. Duýup yssy mähriň baryn, Gyrkyp ýalňyzlygyň taryn, Saýlap kän ýollaryň birin, Ýanyňda ýörmäge geldim. Görnüp, ýüzüň güldürmekçi, Küýsänimi
Göz öňüne getiriň!Taňry adamyň ýazgydyny sekuntma-sekunt ýazýar. Ol oturdy. Ol eline telefony aldy. Ol telefonyň ýüzüne 654321 kod ýazdy. Ol telefondan "Google"programmasyna girdi. Ol Googleden Parahat Pürjäýewiň mp3 aýdymlaryna gözleg berdi.Telefonyň ekranyna Parahat Pürjäýew mp3-lerine degişli sahypa çykdy. Ol ýokarda duran sahypaň üstünden basdy.Sahypa bloklanan eken. Gapy kakyldy.
"Bu-da bir gytalan zatlaryñ biri, Tapamok aýlanyp şunça dükana. Ýaş dükançy ýaşulyny çürkedi, "Toba" diýip, elim goýdum ýakama. Men diýdim: - Utanjyñ-haýañ ýokmudy? Ýaş dükançy diýdi: - Bagyşla, atam, Ýaponlar biz bilen söwdany kesdi - Köpden bäri ýokdur o diýen matañ... Halallyk hakynda gürrüñ edip dur, Göräýmäge epeý, döwlet ogrusy. Ýogsam, haram pula satyn alnypdy Diplomy,
Essalamualeýkum hormatly agzalar. Janlarňyz gürsüldäpjik urup durmy? Maňa siziň komeginiz gerek. VPNasyz skaçaýt edip bolýan kino saýt gerekdi. Aýtsaňyz menem uly hoşala bolardym.
MEKANA Irde-giçde dolanaryn-a mekana, Umyt diri, hemişelik gidemok. Barybir neneňsi garşylanjagym, Öňümden kim çykjak, gaýgy edemok. Ýeke gaýgym: kim öňümden çykmajak, Mert çynaryň ýapraklary soldy-la. Yzymda galdyryp ýitirenlerim, Özbaşyna bir öwlüýä boldy-la. Adalaty ters mündürip eşege, Hyýanaty ata çykaran Taňry, Göwnümizi Kap dagyna galdyryp, Syrtymyzy küle çökeren Taňry, Iň soňky umydyň