Статьи по выбранной дате

Ylham diyerler / gosgy

Ýürekdäki sözler zybana gelse, Ine, dostum, şoňa ylham diýerler. Kagyz bilen galam amana gelse, Ine, dostum, şoňa ylham diýerler. Guşlardan ir turup, säherde ýazsaň, Bir şatlykda, birem gaharda ýazsaň, Ysy geler durar baharda ýazsaň, Ine, dostum, şoňa ylham diýerler. Tahyr gonsa, zöhre gyzyň törüne, Aşyk magşuk ýetse söwer ýaryna, Kakyp bilseň ýürekleriň taryna, Ine, dostum, şoňa ylham diýerler.
3

Roma taryhy finalyň öň ýanynda ýa-da Soňky Imperatory ýatlap...

"Imperator" diýlende köpleriň göz öňüne Sezar, Kaligula ýa-da pingwin gelýär. Meň göz öňümde bolsa diňe bir şahsyýet janlanýar. Françesko Totti. Futboluň gün-günden biznes proýekta, girdejili maýa goýum taslamasyna öwrülip barýan döwründe Roma futbol kluby özündenem beýigräk bolan beýle futbolça indi duşmaz. 25 ýyllyk futbol karýerasyny Roma bagyşlan ýyldyz şu toparda top depip başlady

''Ykbal yazgydy''...Gynansakda ol ulagdan diri galanyok

Gurbanyň ulagy täzeräk bolansoň onda goraýyş ýassygy işledi we şu sebäp bilen diri galdy. Ene-atasy eşidip dessine hassahana geldi. Gelenlerinde bolsa operasiýa eýýäm başlapdy, sebäbi ýagdaýy gaty agyrdy, köp gan ýitirdi. Jemi 4 sagat 30 minut dowam etdi... lukmanlar çykyp başlady, olarda nähilidir bir ýylgyryş bar, sebäbi operasiýa üstünlikli geçipdi. Ulagdan zat galmady. Hatda näme ulagdygy hem

…Söýgäm bildiriş däl ýyrtylyp gidýän, Şäherlerde her duralga ýelmenýän.

Meňzäp barýar soňky döwür goşgular, Otluda satylýan hilsiz haryda. “Kapyýa bar”, “gussa bar”, bar-bar bagyrsam, Belki çykar iki-ýeke hyrydar. Aşa köp goşgudan aşa düşemsoň, Az ýazmagy edinsedim ýörelge- Ýatlamalar hesretimi dürtgüçläp, Zol ýapsa-da gyzyp duran ýüregme. Guzyjygyň diri soýulşy deýin, Jan alýan bolsa-da söýgüň gussasy. Bildirmejek borun lowlap ýansamam, Bolmaýşy deý ojar oduň

Sahyhy Buharydan "Gul" hakyndaky hadyslar.

"Рассказано Абу аль-Кудри: Мы захватывали женщин пленниц, как военную добычу, и вступали с ними в половую связь, но так, чтобы не было детей. Мы спросили посланника Аллаха об этом и он сказал: Вы действительно делаете это? - повторив вопрос трижды". (Сахих Бухари, книга 62, хадис 137) Abu al-Kudri rowaýat edipdir: Biz ýesir alnan aýallary uruş oljasy hökmünde tutduk we olar bilen jynsy
1

Ilkinji söygim 2

Şeydip suyji gunlerim gecip durdy yone ol gunler uzaga cekmedi bir gun ol gyza men hakda oyundakilerine aydyp gorai diydim olam Ejesine aydypdyr Ejesi curt kesik garsy cykdy onam az goryan yaly gyzyn nomerini yapdyryp ikimizi ayyrjak bolyardy biz eydip beydip bir alajyny tapyp gunde habarlasyardyk men gyzyn ejesi bilen ozum gurlesmani yuregime dowup baryp gyzyn ejesi bilen yuzbe yuz gurlesdim

Arzuwlaryny satan şazada, Kilian Parijde galdy

Pul bilen çözüp bolmaýan meseläni, köp pul bilen çözüp bolýar. Hemişe bolşy ýaly döwrebap futbolda-da "agzy gyşygam bolsa baýyň ogly geplesin" diýen nakyl henizem trentde. Häzirki zaman dünýä futbolynyň iň gowy futbolçysy (Ronalduň we Messiň janköýerlerinden ötünç soramak bilen) Kilian Mbapbe özüniň fantastik karýerasyny öz eli bilen öldürmegini dowam edýär. Ol ýakynda özüniň PSJ-da

Iskender we Sokrat

Isgender bir topar nökeri bilen Filosof Sokraty ýörite gözläp, Huzuryna gol gowşuryp barypdyr, Oňa ýüzlenipdir çynlakaý sözläp: “Senin tarypyňy kän eşitdim men, Beýikligňe buýsandym men gaýbana. Bu ýere sowuldym ýolumdan galyp, Rugsat ber hyzmaty borjum saýmaga. Dile menden göwnüň näme islese, Möhümiňi bitireýin dessine...” Sokrat oýa batyp, dymypdyr uzak, Bu teklipden aýylýan deý essine.

Ynsap

Ýygnagamy-nämämi – paýtagta gelen Üç başlyk dur myhmanhanaň öňünde. Nahardan soň çilim. Mesawy gürrüň... Ýuwaşja çekildi birniň ýeňinden. Gaňryldy yzyna epeý ýaşuly, Seretse – öňünde eýjejik gurjak. Bäş surata ýetjek ýüzüniň reňki, Dakynan jäjegem boýnun oňurjak. “Daýy... näme.. size gyz gerek dälmi?..” Üç äň birden aşak gaýtdy şalkyldap. “Wah, jijim, seň ýalyjak alty gyzym bar, Baraýsan, öňümden
5

...

Şiraly Nurmyrat O döwürler mekdep ikinji öýdi, Mugallym ikinji ene-atady. Howlugsagam ir ertirki okuwa, Säher daňy öz wagtynda atardy. Mekdep sary toýa barýan mysaly, Uçardyk ökjämiz degirmän ýere. Uly arakesme gutaran wagty Ýüwrüp yzymyza girerdik ýene. Gep diňe bir ylym-bilimde däldi Mugallymlar magnit kimin dartardy. Başlangyç mekdepde başlanan söýgi Klasdan klasa ýyl geldikçe artardy. «Bu