Şeýle bir ýürekdeş gürrüň edeli, Bar zat hakda dogry pikir ýöredip. Men-a saňa özümmikäm öýdeýin. Senem özüňi gör, maňa seredip... Meniň bu hyň berip duran kellämem, Baş atyplar ýetişmesin sözüňe, (Baş näme, janyňam bagyş etseň bor, Saňa şeýle dünýäsini dözene). Men goşgy ýazsamam «dymma» diýdiler, «Gedemem» diýdiler, tanaman, bilmän. Hemme üýşüp, meň göwnümi tapanok, Men nädip taparkam göwnüni
Kenarynda mesgen tutdum bu derýaň, Bolsadynyň baglaryny ekdim-de. Kiçijek, içine giň dünýä sygjak, Hyýalymda bir öýjagaz dikdim-de, Käte arzuw ummanynda azaşyp, Ýitip giden böleklermi tapmasam, Balykçy mysaly çeňňegim oklap, Bu derýadan öz-özümi topladym. Bu derýada ýüzüp ýören pikirlem Iri-külke, käte altyn balykdy. Käte bolsa düşüp gara girdaba, Urundy jan suwsuz galan balyk deý. Şonda meni
Salam hormatly Islenen.ru agzalary! Görşüm ýaly siziň käbiriňiz örän edebiýaty söýýän adamlar bolmaly. Ertir dwoýurny gyz jigimiň doglan güni, şoňa gowja goşgy düzüp beräýiň haýyş!!!
Ýalňyzlyk barada ballada Belki, seň boýnuňda ol beýik ýazyk, Düşünýäň, Ökünýäñ, Ýüzüñem aşak... Belki, meň ýalňyşym kükregmi ýaryp, Durun huzuryňda ýeňsämi gaşap... Bu ne ýalňyz hasrat, Bu ne täk düwün? Eýsem bu gün gözlemekmi kärimiz? Ine, bildigem-dä kimiň päkdigin, Ine, tapdygam-da günäkäri biz! Birimiz «perişde» Birimiz «şeýtan». Bar, şeýle hem eken, Şeýle-dä, ine! Ýöne nirden gelip awuly
Ýol bermedik ýodalary ýazgarman Ýalan bilen hyýal gurman bes indi. Ýok, men asla ýitirmedim hiç zady, Bu ýöne o:t... Ýüregimde tagma goýdy kesindi. Ýaz deý ýylgyrşyma ynanan borsuň, Öwser setirlemde güýzüň şemaly. Içgin garap ýaprak döken baglara, Gussaly şygrymdan gözlärsiň many. Ýaňagymdan syrygan tuçyň yzyny, Ýyllar, ýeller pozar gider diýsemem. Synagdan geçmedik 3-4 lik surat, Ýantorbamda
Men gitdim. Meýletin gitdim uzaga, Orun tapman giň dünýäňden bir daban. Hiç zat meniň ýolum saklap bilmedi — Täsin ýylgyrşyňam, täsin sözleňem, Öňde gol bulaýan gara girdabam. Gitdim şemallaryň göçüşi deýin, Duýgularmy seçip gitdim teňňe dek. Arzuwly günlerden dykyn yzymda Galdy diňe zarlan yşkym diňmedik. Belki, gözüňe-de ilen däldirin, Senem indi söýgim barasynda dym! Yssy küýsäp, göç edende
Gidenler gelmeýär, gelenler gidýär...
Salam gowumy ýagdaýyňyz?! Aradaky geçiren bäsleşigimizde siz 3-nji orna mynasyp bolupdyňyz. Şol mynasybetli siz saýdymyzyň “Gadyrly” derejesine eýe bolduňyz. Bizden razy boluň! Indiki bäsleşiklerde-de baýrakly orunlar almak miýesser etsin!
Awestada ilkinji adam "Adam ata" bilen baglanşykly rowaýat hem özüne çekiji.Bu ýerde Iýim ady bilen birinji adam we onuň durmuşy hakda gürrüň berilýär.Meselem,Ahuramazda ýerdäki ösümiklere we haýwanlara seretmek üçin adamy ýaradýar we ol ýer ýüzünde gyzyl şöhle saçýan ody köpeldýär.Ahuramazda oňa altyn naýza bilen altyn gamçy sowgat berýär.Ýerdäki adamlaryň sany köpelende, Iýim altyn
Para! Haçan geldiň biziň Diýara? Kim getirdi, Sözle, geldiň nireden?! Para! Haçan gelip ýörsüň biziň Diýara?! Seniň bar ýeriňden rysgal göterler. Müň bir weýranlygy, Müň urşy gören Keremli topragym seni götermez! Asylzada türkmen, Han-u-beg türkmen, Sen mydama puldan,maldan beýikdiň! Sen abraý-at üçin ata atlanyp, Belent mertebeden lybas geýipdiň. Görogly diýp arşa göteren ýigdim Malyň guly