Статьи по выбранной дате

Çykaryp taşla!

Bir danadan: – Kellede hiç zat ýok bolsa näme etmeli? – diýip sorapdyrlar. Dana: – Kelleden şony çykaryp taşlamaly – diýip, jogap beripdir. Onsoň danadan: – Kellede ýok zady çykaryp taşlap bolarmy? – diýip, soranlarynda, ol: – Onda şony göter-de ýör – diýip jogap beripdir.
1

Kerwensaraý

Günlerde bir gün öz döwründe pähim-parasady bilen tanalýan danalaryň biri soltanyň köşgüne barypdyr. Uly iliň hormatlaýan adamy bolansoň, sakçylar oňa näme üçin geldiň hem diýmän, gapyny açypdyrlar-da, gyra süýşüp duruberipdirler. Dana bolsa, sen-men ýok, göni soltanyň oturýan otagyna giripdir. Soltan gelen myhmany tanap, hormat bilen ýerinden turupdyr. Onuň bilen iki elläp salamlaşypdyr: – Hoş
0

SENIŇDIR

Maňa derýa bolup akjak ylham ber, Akyşy-da, akmaýşy-da seniňdir. Ýürek ýarasyny ýakjak melhem ber, Ýakyşy-da, ýakmaýşy-da seniňdir. Dagdan gözlänimi tapyp düzlerden, Umydymy halas etdim üzlerden. Bukma kamatyňy dilgir gözlemden, Bakyşy-da, bakmaýşy-da seniňdir. Giç sataşyp görgä goýan dilberim, Azap maňa sensiz geçen ýyllarym. Gursagymda goh turuzýar ýyldyrym, Çakyşy-da, çakmaýşy-da seniňdir.
1