Salam arzylylar! Talyplyk bagtyna mynasyp bolan ähli saýtdaşlarymyzy gutlamak bilen "Ýürekdeş söhbet" atly täze proýektimize başlaýarys. Bu öňki "Geliň tanyşalyň" mowzuklarymyzyň logiki dowamydyr. Gepleşigimiziň ilkinji myhmany öz ajaýyp goşgulary bilen gysga wagtyň içinde saýtyň goşgy söýüjileriniň arasynda gyzgyn goldawa eýe bolan şahyr agzamyz Venus23. Ýürekdeş
IKEA, Amazon, Airbnb we beýleki meşhur telekeçilerden durmuş sapaklary. 1. Ingvar Kamprad, IKEA-ny esaslandyryjy Işewürlikde esasy zat söýgi. Adamlaryň duýgudaşlygyny gazanyp bilmeseňiz, olara hiç zat satyp bilmersiňiz. 2. Opra Winfreý, taryhdaky ilkinji garaýagyz milliarder zenan. Edip bilmejekdigiňizi pikir edýän bir zady ediň. Şowsuz. Gaýtadan synanyşyň. Ikinji gezek has gowy edersiňiz. 3.
"SEN DIŇLÄP ÝADAMADYŇ..." Sen diňläp ýadamadyň, Menä diýip ýadadym. Bu saňa soňky sözüm, Ha jogap ber, ha-da dym. Ýok dilimden düşmersiň, Ölünçäm unutmaryn, Ýöne gaýdyp goşgumda, Seň adyňy tutmaryn. Şükür ker däl eşidýän, Şükür kör däl gözüm bar. Ikimizem dirikäk, Aýtjak-goýjak sözüm bar. Tahyr begdek şa bilen, Jeň gurmak hyýalym bar. Gökden biraz ýere düş, Birniçe sowalym bar. Şahyrlar
Kakamyrat Ataýew 1971-nji ýylyň 2-nji noýabrynda Wekilbazar etrabynyň 1-nji Gökje obasynda dogulýar. Orta mekdebi gutaryp, 1988-93-nji ýyllarda Türkmen döwlet uniwersitetinde okaýar. Student döwri “Türkmen uniwersiteti”, “Ýaş kommunist”, “Bedew” gazetlerinde işleýär. 1993-94-nji ýyllarda neşirýatyň baş redaktory, 1994-95-nji ýyllarda “Diýar” žurnalynyň bölüm redaktory, 1996-njy ýylda
Oturdym, Ýer-göge nazar aýladym, Dünýä köne, sowal-jogabam köne. Aýralygyň nämedigin aýdaýyn, Söýgiň nämedigin soramaň ýöne! Aýdaýyn men nämedigin gussanyň, Şatlyk näme, ony soramaň menden! Alajyn tapmadym göge uçmanyň, Ýerde-de derdime tapmadym melhem. Men durmuşda agyr ýoly saýladym, Aýdym ýazdym, ýürek-bagrym dilinse. Betbagtlygyň nämedigin aýdaýyn, Bagty — bagtlylardan soraň gidiň-de!
Eýtik beytdik garaz uly gaýgydan dyndyk.. Alla şùkur "Talyp 2022" bolduk?? Saytda ahli Talyp 2022leri tuys yuregimden gutlayan :))
Ýadaw halda Işden geldi Çagalaryň kakasy. Güler ýüzli Garşylady Ony öýüň bikesi. Gijä galdyň, Köp garaşdyk, Ýolda galdy gözümiz. El-ýüzüň ýuw, Çaýyňy iç, Taýyn nahar-duzumyz. Maşgalanyň Mylakaty Agzybirlik örkidir. Sagdynlygyň, Bereketiň Özenidir, berkidir.
Bu zatlaň barysy kalbymy dilýär: Nirede galdyň sen ejemiň öýi? Hany geçen günler tozana çümen, Kaýda sen, eý, öýsüz-öwzarsyz daýy? Hany şäher kän zatlary berjekdi, Berdi soňsuz gözýaş, gussaly şygyr. Eger arzuwlarym paşmaýan bolsa, Bir alaçsyz naçar bolanlygymdyr. Awtobusda aglap goşgy ýazýaryn, Meň näme ýazýanym kimiň nä işi? Diýseň ullakandyr öýden adamlam - Golaý barsam, sada obaly:ň düýşi.
Tyk, tyk, tyk! Gapy kakylýar. Kakylsa kakylypdyr-da, gapyda näme günä bamyşyn? Gapy:ň bar günäsi - onuň hut şü gapyjanlygynda-da. Bu günem hekge gardaş Gün dogmanka aýdym bilen gögerdi bagyň şahasynda. Meň ýüzümden-ä bizar bolup, başga bir üýtgeşigräk ýüz göresi gelip, ýürejigi ha:ly:s suw bolandyr-da hekgäň çagasynyň. Bumahal "Bir bolgusyz tükezzybana tutdurd-ow büýä" diýip, her kim
Bagt satylmaýar uly baýlyga, Kalby päklik bilen oña ýetýärler. Kalby päk adamlar bagta mynasyp, Olar bagtly ýaşap bagtly ötýärler. *** Bagt satylmaýar uly baýlyga, Oña halal zähmet bilen ýetýärler. Halal zähmet çekip, halal ýaşany, Bu durmuşyñ özi bagta eltýändir. *** Bagt satylmaýar uly baýlyga, Bagta uly kynçylykly ýetýärler. Kynçylygy mertlik ýeñenler, Ine şeyle bagyt toýun tutýarlar.