Статьи по выбранной дате

Pikiriñizi bulam-bujar etjek mowzuk #Talyplar.com-dakylardan

Men 24 ýaşymda we 44 ýaşyndaky bir aýala öýlendim. Onuñ hem 24 ýaşynda bir gyzy bar. Meñ kakam bolsa aýalymyñ 24 yaşly gyzyna öýlendi. Şeýlelik bilen kakam aýalymyñ gyzyna öýleneni üçin kakam meniñ giýewim boldy. Munuñ üstesinede gyzym hem meniñ öweý ejem boldy. Ýagny kakamyñ aýalyda garaz. Ayalymyñ we meniñ oglumyz boldy. Oglum hem indi aýalymyñ gyzynyñ erkek dogany bolar we şol bir wagtda kakam

Biz juda menzesdik

Ýürek törümizde söýgüni gizläp Diñe pynhan duýgy bilen sözleşdik. Gezmesek-de bir-biregi ezizläp Biz juda meñzeşdik,juda meñzeşdik. Senä a:şa gedem,şonçarak menem Ne-hä söýüp,nede söýlüp başardyk. Beýle meñzeş bolmasadyk ikimiz Biz bireýýàm hökman habarlaşardyk. Biz bireýýàm hökman habarlaşardyk. Gyşy getirmezdik ömrüñ ýazyna Gör-ä muny,şum ykbalyñ özi hem Bizi hüwdüläpdir meñzeş sazyna.

Sea man Song

Deňizçiniň aýdymy Şu äpet tolkunlar gaýygym bolsun, Şu kiçi gaýygym – tagtymdyr meniň! Eger dolanmaga birje maý bolsa, Dolanyp biläýsem, bagtymdyr meniň. Ýogsa, uly ýola ýalňyz gaýykly, Kiçijek gaýykly, eýse, kim çykýar? Gowy zady wada bermeýän ýaly, Deňiz öňküsinden bulanyp akýar. Gögüň ýüzi bagrym ýaly garadyr, Çakýan ýyldyrymam hasratym meniň, Hudaý bilsin, indi nirä baradyr? Ugrumy ýitirip,
1

MEN OÝKELEDIM

Men öýkeledim, Sen ilkinji gezek, "Söýýän" diýeňde. Men öýkeledim, Üstüme ýagyş deý mähir guýaňda. Men öýkeledim, Halym günde soranyňda, Ýaman gözden goranyňda, Mylakatly garanyňda, Döwük kalby saranyňda, Bagt nyşanlap ýöräniňde, Öýkeledim. Ynha-da baryja näz eden bolşum, Bildirýärdim söýýänimi öýkeläp. Senem bilip göwne alman öýkämi, Diýerdiň, degişip:"Geljekki öýdäki, Bagta

Arpanyñ suwuny başyma çekdim...

Arpanyñ suwuny başyma çekdim, Gül açyldy, Badanyñ sany ýadymdan çykdy, Pul seçildi. Eçildim. Hatam boldum bir sellem, Gaýnaýan kalbym tapdy aramyn. Ýylgyrdym, Gussadan saplandy kelläm, Bilbil boldum, Aýdyma saýrady dillem, Gaýgymy kowdum, berdim talagyn, Şady horram boldy, hyrsyz gylygym. Bäh, beýle-de hezillik bor ekeni, Ýyrtyp zyñdym öýmesini hasratyñ. Ýaşmagyny sypyrdym men gülkiniñ, Sagaldym

#Toýdan soň dörän söýgi

Halbibiniñ öýünen çykan Gymmat daýza örän begençli ýagdaýda-dy sebäbi ol ogly Orazy öýlendirmek üçin Halbibilere gudaçylyga gelip, Halbibiniñ öýündäkileri bilen ylalaşypdylar. Halbibi bolsa öz otagynda otyrdy, birden gapy açyldy we Halbibiniñ ejesi: - Gyzym näme etýäñ? Halbibi:- otagy ýygnaşdyryp otyryn, Gymmat daýza semräp gidipdir, ony kiçi wagtymda şähere göçüp gitmänkä görenim, olar özi näme