Статьи по выбранной дате

Sabyr et göwnüm

Perişdeler günä sogabym sanap, Şeýtanam azdyrjak özüni gynap, Belki Kadyr Allam durandyr synap, Bu günlerem geçer sabyr et göwnüm. Danalar ýazypdyr baryn kyssalap, Odun ýylatmasa durma tüsseläp, Elmydam ýatmarsyň dertli hassalap, Bary ara açar sabyr et göwnüm. Aýaklaryň barka metjide howluk, Ýagşylyk et onsoň dilegin gowluk, Bary bolmadykdeý gidäýer sowlup, Kalbyň bagty guçar sabyr et göwnüm.

Duşuşyk

Duşuşmak arzuwna bisabyrdyk biz, Göreçler göreje bakmanka heniz. Emma ne döw çaldy. Bilmedik asla... Aýralyk söýgümiz görüpdi eziz. Aýralykdan öňki ajaýyp günler, Ýatylmanka ýatlap çykylar daňa. Suratdan, kalbyňdan alnan keşbiňi Ýüzläp sapar düýşler görkezer maňa. Nesibede bolsa duşuşarysam... Ýollar saňa duşyr. Duşyr ol, hökman! Iýäýjek bolsa-da göreçlerimiz, Görmedik bolarys, gözlere bakman.

Hany onda diňläň (okaň)

Menem käwagt kellä niredendir bir ýerlerden soň ýada düşmejek sözler gelýär. Şolardan ýadyma düşenini aýdaýyn. - Ouff öňki söýgülim ýadyma düşdi + Haýsysy? - Blä, ana şony ýadyma salyp bilemokda *** Ýitirjek zadyň ýok bolsa, ine muňa erkinlik diýip bilersiň. Ýöne muny kim oňarar, ana şony soramaň menden... *** Ölümiň bar ýerinde, has möhüm näme bolup biler? *** Jogaby bolmadyk lýuboý zadyň

Goşgy

Mazaryň baş ujynda Käbäm enem küýsegläp çapyp geldim ýanyňa Bilmedim bir harasat kürsäp girdi janyma Ýüpsüz baglandym öýtýän bir gara göz hanyma Belki ýüzleriň güler belki gyýlyp aglarsyň Kimse meni aňlamaz aňlasaň sen aňlarsyň Gözleriňi gördümmi gözlerine bakamda Şol ajap gözler dälmi bu ataşy ýakanda Güýledi gitdi meni göýberenok ýakamdan Belki düýşime girip ýarym göwnüm awlarsyň Kimse meni

Goşgy

Sary ýaglygyň Sessizlik,sensizlik, deňsizlik dünýäm, Men seniň yşgyňda bir däli düňläň, Gussalar üstüme ýagypdur diňmän, Senden ýadygärlik galan baýlygym, Seni ýatladyp dur sary ýaglygyň! Bolmanda düýşümde myhmana gelgin, Gül görklim, görnüklim, ýaňagy gülgün, Arada gördümle ýüzleriň solgun, Näme boldy ýerindemi saglygyň. Syrdaşym bolupdyr sary ýaglygyň! Armana, aglara, berdiňle sebäp,

Okamaly

Okamaly. Hemmeleriň maslahaty, Okamaly okamaly . Maslahatlaryň aňsady, Okamaly okamaly . Hakykatmy ýa-da gahat? Söz, söze gelenok gabat, Kitap nyrhy elli manat, Okamaly okamaly . Kitap almak hökman däl-ä, Elektron kitap bar-a, Ony okap bolduk kör-ä, Okamaly okamaly . Rus dilini öwrendiňmi? Iňlis dilni öwrendiňmi ? Ýapon dilni öwrendiňmi ? Okamaly okamaly . Uzakly gün ekin ekip, Işe gidip, zähmet

Garym gatym pikirler we şm samsyk zatlar.com

... Ol doňan beýnisi bilen iňsoñky netijä geldi. Ýürek hem beýni umyt diýlen zatdan bihabardy. Ol birsalym durmuşynda bolup geçenleri birin-birin şu wagtky oturan pursatyna çenli göz öňünden geçirdi-de iñ soñkyja çilimini otlady. Relsleri sarsdyryp ýolagçy otlysy gözýetimde peýda boldy... **** Käwagt töweregime seredip pikirlenýärin: Diňe menmikäm durmyşymdaky indiki basgançaga geçip bilmän