Kim biler ne dertler bardyr başymda, Aýdyp durman her öň ýeten duşanda, Özleriçe syn eýleýip daşymdan, Iller näme diýse şony diýsinler. Dogry saýlap seçgin köňül syrdaşy, Ýogsa müň bir derde goýar birbaşy, Olar üçin ýaşamok men durmuşy, Iller näme diýse şony diýsinler. Ýalňyşdan gorkmaýan öwrenmek üçin, Tobalarym bilen päkleýän içim, Ynsanda ýazyksyz bolmaýar hiç kim, Iller näme diýse şony
Orsýetiň özünde mobimeet işleýäm-aý?
Edebiýat agşamy Iki sany ak sakgally ýaşuly, Bolsalarda barymyzdan has uly, Bilim merkezine giren badyna, Ilki salam berip hemme adama. Görüşdi ýigitler ýeňňeler bilen, Mährem salamlaşdy hemmeler bilen. Nurana gojalar işikden ötdi, Göýä jaýyň içi nurlanyp gitdi. Pähimlidi olar biri-birinden, Mähirlidi olar biri-birinden. Nurana ýüzleri, mährem sözleri, Hoşamaýdy,gülüp durdy gözleri. Soňra gelip
440 hertz ýygylygynda aýdym aýdym aýdýan iň meşhur zenan Madonna 2019-njy ýyldaky konsert syýahatynda "Hemmämiz geljege baryp bilmeris" diýen aýdymyny aýdypdy. Ol konsertdäki sahna görnüşinde dünýäniň gelejegi barada birnäçe gorkunc sahnalary oýnapdylar. Sahnanyň başynda Madonna Massonlaryň ýapynjasynyň astyndan başlady we ýapynjasyny açanda Madonna bir gözli Dejjalyň şekilinde sahna
Öz maňzyňa batsyn her bir ýazanyň, Içine siňdirgin süňňüň özeniň, Duýulsyn jigeriň bagryň ezeniň, Oň görseň kalplara ornasyn köňlüm. Pikirlermi ösdür aňym serimde, Manylar saçylsyn her eserimde, Bar durkym düýrmegim sydkym keremde, Doldurgyn gorumyň urbasyn köňlüm. Gana girip aýlanaňda damarmy, Heýde ýürek seslenmezmi dymarmy, Göz aýlasam sähralarmy sonarmy, Paýhasyň giňesin gerňesin köňlüm. Ömür
Aşyk bolmak täze dörän zatmy ya da öñkü döwürlerde hem bolupdyrmy?
Dünýä seni goýjak diýse, Ynanma köňlüm ynanma! Köňül berip söýjek diýse, Ynanma köňlüm ynanma! Bagt baýlygyn berjek diýse, Ykbal ganat gerjek diýse, Döwran bile ýörjek diýse, Ynanma köňlüm ynanma! Görküň baky bar men diýse, Döwlet saňa ýar men diýse, Şüm ajal bizar men diýse, Ynanma köňlüm ynanma ! Ömrüň ýazy geçmen diýse, Güýç kuwwatyň gaçman diýse, Ýer agzyny açman diýse, Ynanma köňlüm ynanma!
salam mahriban agzalar duyn su saytda arym alan durmus dien eser okadym hladymm yene seyle eser bilyan bolsanyz aydayynda
Mekdeplerde logika/mantyk sapagy goymaly. Käbirlerini uniwersitetlerde hem öwredilip bilner. Concept, judgement, reasoning Terms, definition (inclusive, exclusive, circular) significations, propositions (value, quantity, quality, distribution, mode) @garaturkmen
salam hormatly agzalar ene atamyz dirika gadryny bileli olar ucn nace hyzmat etsek az basymdan gecdi mnin gic bolup galmanka gadyrna yeteli hemme zadam tapylya yone ene ata taplanok wagtymyz gecip barya ertir nam boljagyny huday bilya gaty gowman newsim agyryp yazdym