Öz maňzyňa batsyn her bir ýazanyň,
Içine siňdirgin süňňüň özeniň,
Duýulsyn jigeriň bagryň ezeniň,
Oň görseň kalplara ornasyn köňlüm.
Pikirlermi ösdür aňym serimde,
Manylar saçylsyn her eserimde,
Bar durkym düýrmegim ,sydkym keremde,
Doldurgyn gorumyň urbasyn köňlüm.
Gana girip aýlanaňda damarmy,
Heýde ýürek seslenmezmi dymarmy,
Göz aýlasam sähralarmy sonarmy,
Paýhasyň giňesin gerňesin köňlüm.
Ömür öýlä gelse ýagsyn öýlänçiň,
Dünýäni tenekär eýläni üçin,
Ýaradan, Biribar, Möwlamym üçin,
Ykbalym oýansa örňesin köňlüm.
Biläni
Käte ýitirýärsiň barýan ugruňy,
Ersdiren mahaly ýürek bagryňy,
Goýup gitdiň maňa yşgyň howruny,
Heser bardyr mende köýmek biläni.
Çäre tapylmady dertsiz gezere,
Ýşk ýoly duşurdy çeşmä güzere,
Syrym aýan etdim bir gülgüzara,
Sen hakda ýşkymy ýaýmak biläni.
Ýoluňa düşäýin güli-gunçany,
Sebäp bu söýgime bagladym jany,
Ataş kimin ýagtyldaýyn gijäni,
Ýüregimi ýüregiňe goýmak biläni.
Ýaryň jemalyna ahy zarym bar,
Onsuz geçen günde ne kararym bar,
Halu-habaryňy meň sorarym bar,
Pynhan sözlerimi diýmek biläni.
Ýşk bir jady umman girseň çykma ýok.
Hak aşyk bolmasaň derdin çekme ýok,
Ýürek urunmasa çyrag ýakma ýok,
Söýginiň bardygyny söýmek biläni.
Söýgisiz ömrüň manysy nedir,
Onuň ýok ýerinde gaçýandyr gadyr,
Kimler jepasyndan ederler heder,
Öziçe otly don geýmek biläni.
Sapargeldi Gummanow
Köňlüm
Edebiýat,
Sabyrly
tarapyndan
25-08-2023, 12:27