Edebiýat agşamy

Iki sany ak sakgally ýaşuly,
Bolsalarda barymyzdan has uly,

Bilim merkezine giren badyna,
Ilki salam berip hemme adama.

Görüşdi ýigitler , ýeňňeler bilen,
Mährem salamlaşdy hemmeler bilen.

Nurana gojalar işikden ötdi,
Göýä jaýyň içi nurlanyp gitdi.

Pähimlidi olar biri-birinden,
Mähirlidi olar biri-birinden.

Nurana ýüzleri, mährem sözleri,
Hoşamaýdy,gülüp durdy gözleri.

Soňra gelip oturgyçda ornaşdy,
Ýaşlarymyz bilen gülşüp ,gürleşdi.

Otuz töweregi oturgyçlaryň,
Barysy ilerik bakyşyp bu gün,

Garaşýardy gadyrly myhmanlara,
Hydyr, Ylýas Amangeldiýewlere.

Hydyr aga açyk ýüzli, hem uly,
Horurakdan uzyn boýly ýaşulydy.

Ylýas oňa görä agrasyrak ýüzli,
Gaşy çytygrakdy , hem-de az sözli.

Olar ekiz bolup gelsede dünýä,
Bir-birinden juda parhly görünýär.

Ahyrsoňy diňleýjiler ýygnanşdy,
Gadyrly myhmanlar ornuna geçdi.

Edebiýat agşamy başlady ahyr,
Ilkinji soragyn berdi bir şahyr.

-Roman,powest,goşgular hem düzýäňiz,
Nämüçin esasy kino ýazýaňyz?!

Hydyr aga bu soraga ýylgyrdy,
Sowala gysgaça jogabyn berdi.

-Ýazan kitaplarňy okan adamdan,
Indi kinolary görýän adam kän.

Indi telewizor görýän adamlar,
Şeýdip seni tanap, bilýär adamlar.

Bu jogapdan soňra Mahym,ýaş şahyr,
Ýürekdäkilerni çykardy ahyr.

-Siziň hem şol ýazýan kinolarňyzdan,
Aýran ýerleriňiz barmydyr eýsem?

Hydyr aga ardynjyrap şo bada,
Giňişleýin jogap berdi sowala.

- Howwa bar. "Gül açan miras" kinony, Ýazanymda gysgaldypdym men ony.

Şol kinoda ,bir gün çölüň içinde,
Tok öçýär edipdim gijäň tümünde.

Toguň öçeninem dostundan görüp,
Dost dosta edipdi betgümançylyk.

Ýöne ol dostunyň günäsi ýokdy,
Ol togy hiç hili öçürenokdy.

Soňra tok paýlaýjyň ýanna barýarlar,
Tok nämüçin öçdi şonda bilýärler.

Öz içinden güman edeni üçin,
Ötünç soraýar ol dostundan içgin.

Ine men şol ýerni kesmeli boldum,
Sebäbi almagyň kynlygyn bildim.

Gijäniň içinde almaly ony,
Kamerada alyp bolmaýar göni.

Kino düşürmegem aňsat däl , kyn zat,
Ony aljak bolsaň bolmaly ussat.


(1-nji bölümiň soňy, dowamy bar)


Gerçeknazar Amannazarow.

File engine/modules/thanks.php not found.

Edebiýat, Gerceknazar tarapyndan 25-08-2023, 16:25

  • 205161 205161 off № 1 25 августа 2023 16:29
    Erkek bol, edebiýat diýme. Yense damarym gataya. Naman edebiyat agşamy??
    Судный день (kyýamat güni) diý ýene bir zat diý ýöne şu ady goýmahow ??
    Jogap
  • Sabyrly Sabyrly off № 2 25 августа 2023 19:26
    Häzirki wagt adamlar gaty howlukmaç öňler 15-20 min klip görülse indi 15-20 sekuntlyk klipler görülýä bilmedimdä dostum 5 küplet goşgy okadyp bolanok, senkinem ahyryna çenli okarlarmy ýa ýokmy bilmedimdä. Beýle diýsem saňa akyl satmak üçin aýtmadym ters düşünme azabyň boş gitmesin diýip aýtdym!
    Jogap
  • mrokas mrokas off № 3 26 августа 2023 14:11
    Bu gezek mowzugyň başyny goşgyjyk bilen başlansyň öýdüp okap otyryn, okap otyryn şol gelşimede mowzuk kutardy. Umuman okalşy ýeňil menä halandyryn..
    Jogap
  • Balary Balary off № 4 26 августа 2023 22:35
    ???suwjygrak oñkileñ (yagny prozada yazanlarñyz) mundan gowy okalyady
    Jogap
  • Balary Balary off № 5 26 августа 2023 22:35
    dogrysy okadanok
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler