Güýz gelse duýgulam dyňzaýar durman, Sebäp ilki söýgüm sende galdy güýz! Dolanmaz ol günler etsemde arman, Meni jandan eziz söýüpdi bir gyz. Ýapraklardan umyt monjugyn düzüp, Söýýär söýenok diýp atýardy bije. Menem ol hakynda goşgular ýazyp, Kän okap beripdim ýyldyzly gije, Dodagy baldandy bilide gyldan, Sümbül saçlaryny şemal çözlärdi. Ol meniň adymy düşürmän dilden, Söýgi bilen gözlerime
IÇGEPLETME Şol öňki seýil bagy... Şol öňkije oturýan ýerimiz... Ýöne bir zat öňküsi ýaly däl. Olam sen… Edil düýn ýaly ýadymda: gülleriň ysy kükäp duran, guşlaryň saýrak mekany bolan seýil bagyna ilkinji gelşimiz, ýaky-ýakyn oturyşymyz. Ýeke ýylgyryşyň bilen, meniň has-da aljyradyşyň, gülkiň bilen ýüregimi heýjana salyşyň, mähiriň, çala degäýseň akyp gidäýjek ýaly görünýän pagta kimin akja
Men özümi,çagalarymy, ýakynlarymy bilen zenan boldum indi. Ýalñyşlary, gözellikleri ....görüp bilýärin. Nähili adamlygymy we garşymdakylaryñ meñ üçin nähilidiklerini gowy bilýärin. Ara ýolda galan bir durmuş ýaşamak islämok indi, öñümde goýan maksatlarym esasynda ýaşamak isleýän. Yza ýol goýamok indi, çünki şunça isledigimizçe bolmadyk zat üçin kelle agyrtmany aýyrdym.Maña şuny mynasyp görene
Posuň tegmilini islendik matadan aýryp bolar. Munuň üçin bir bölejik limon dolanan hasany ýa-da sorguç kagyzyny tegmil galan ýere goýup, ütük bilen çalarak basmak gerek. Sakgyç ýelmeşen geýimden ony aýyrmak üçin, geýimi sowadyja salyp, sakgyç gataýança garaşmak gerek. Soňra geýimi sowadyjydan çykaryp, silkişdiräýmeli. Eger çorbanyň duzy artyk düşen bolsa, gyrgyçdan geçirilen 2-3 sany kartoşkany
Bir gün Soltan Söýüniň wezirlerleri Myrala berilýan aýratynlykdan nagilediklerini aýdypdyrlar. Wezirler üýşen wagty diýip Soltan Söýün şeýle sorapdyr "Çyn bilen ýalanyň arasa näçe ?". Biri jogap berýa "Çyna hytaý bolýa, ýalanam günbatar bolýa, onda aralyk 3 aý ýol". Ýene biri bir zat diýýa hiç göwne jaý jogap ýok diýýa. Birden gapydan Myraly giripdir, soragy oňa da
Yaşlyk ony owadanlygyn yetjek derejesine yetiripdi. Ak yuzli, sypayy, uzyn boyly hem mahirden yana balkyldap duran garagozelek Menli gyza hyrydar goz bilen garayan yigitlerin hetdi-hasaby yokdy. Bedeni mermerden taraslanyp yasalan yaly, edaly gyzyn bu gun yuzi juda salykdy, munuňam ozine yetik sebabi bardy. Gundelik ir bilen oyanmaga endik edinen Menlinin telefonyna gelen sms-e gozi dusdi. Sms
Wasiliý Grigoriýewiç Zaýtsew 1915-nji ýylyň 23-nji martynda Russiýa imperiýasynyň Orenburg oblastynyň Eleninka obasynda dünýä indi. Awuçy nesline degişli bolan Wasiliý ýaraga erk etmäni atasy Andreý Alekseýewiçden öwrendi. Goja söýgüli agtygyna towşan we sugun ýaly zyýansyz haýwanlary, aýy ýaly örän howply haýwanlary awlamak sungatyny yhlas bilen öwretdi. Beýik Watançylyk urşunyň rowaýata öwrülen