Güýz gelse duýgulam dyňzaýar durman,
Sebäp ilki söýgüm sende galdy güýz!
Dolanmaz ol günler etsemde arman,
Meni jandan eziz söýüpdi bir gyz.

Ýapraklardan umyt monjugyn düzüp,
Söýýär söýenok diýp atýardy bije.
Menem ol hakynda goşgular ýazyp,
Kän okap beripdim ýyldyzly gije,

Dodagy baldandy bilide gyldan,
Sümbül saçlaryny şemal çözlärdi.
Ol meniň adymy düşürmän dilden,
Söýgi bilen gözlerime gözlärdi.

Bu söýgi dünýäsi giň dünýä eken,
Gujagynda gam şatlygy ýerläpdir.
Bu gün aýra düşüp galdymla ýeke,
Ol takdyryn özge bilen birläpdir.

Ýene ýada düşdi ilkinji söýgüm,
Kalbyň bir çetinde galypdyr yzy.
Şol gözeli ýatlap artdyla gaýgym,
Belki şonuň üçin söýýärin güýzi.

Agaçlardan tänen ýapraklar gaçyp,
Göwünlik berýärdi derdimi duýup.
Hyýalda bir gözel söýgä pal açyp,
Otyrdy söýýärmi söýenok diýip.

Süleýman Tekäýew

File engine/modules/thanks.php not found.

Edebiýat, Hasratly ýürek tarapyndan 8-11-2023, 15:23

  • Mümkin Mümkin off № 1 8 ноября 2023 23:33
    Ösüş bar. Goşgy şowly çykypdyr. Berekella. Üstünlik!
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler