Tonga Respublikasynyň merkezi adalarynyň golaýynda, 16 ýyldan bäri hereketsiz duran wulkan ýaryldy. Ýuwaş ummanyň günbatar bölegindäki suwasty wulkan partlanyndan soňra, bu ýerde täze ada emele geldi. Geçirilen barlaglarda 10-njy sentýabrda wulkan lawasynyň we gaýalaryň bölünip aýrylan bölekleriniň, Leýt adasyndan 25 kilometr günorta-günbatarynda ummanyň ýüzüne çykandygyny görkezdi. Şeýle-de suwuň düýbünden köp mukdarda bug we kül asmana galdy.
Birnäçe günüň dowamyndan gaýalaryň bölünip aýrylan böleklerinden, meýdany 4000 inedördül we beýikligi 10 metr bolan ada emele geldi, 20-nji sentýabra çenli adanyň meýdany 24 müň inedördül metre barabar boldy.
Dünýäniň dürli ýerlerinde wulkanyň atylmagy netijesinde täze adalar emele gelýär ýa-da bar bolan adalaryň meýdany giňeýär. Täze adalarda guşlar we suw akymy arkaly dürli ösümlikleriň tohumy baryp ýetýär we ol ýerde flora emele gelýär.
Täze ada emele geldi.
Bilim,
Mylayymzada
tarapyndan
29-09-2022, 19:12