Gör, nähili gözel eken özüňe,
Ömür ýoldaş gözläp ýören çaglaryň.
Hat ýazarsyň göwün söýen gyzyňa,
Duşuşarsyň arasynda baglaryň.

Şol mahallar kän bir pikir etmersiň,
Öňde uzap ýatan uly durmuşy.
Saňa hem işdädir onuň görnüşi,
Saňa hem ukudyr onuň durmuşy.

Sende ýaranjaňlyk keseli dörär,
Sende gabanjaňlyk keseli dörär,
Hat-da ýalançylyk keselem dörär,
Garaz, çagalykda bilmeýän zadyň –
Çözülmesi kyn bir mesele dörär.

Onsoň bu mesele çözüler birden,
Ünji aladadan yrak bolarsyň.
Zags-a bararsyň, gutlarlar seni,
Ynha şeýdip bir gün “brak” bolarsyň.

Onsoň öý hakynda, öý goşy hakda
Çyndan pikir edýän ýigit bolarsyň.
Öňler ýalňyz ýaşan bolsaň dünýäde,
Indi sen dünýäde jübüt bolarsyň.

Onsoň sanyň artar jübüt-jübütden,
Sen gyşam bolarsyň, ýazam bolarsyň.
Saýlanyp kakabaş ýigitligiňden,
Sakgally-sarmakly adam bolarsyň.

Şonda ýanyňdadyr ömür ýoldaşyň,
Eýjejik çagalar müner gerdenňe.
Diňe öz çagaň däl çagalar hakda
Oýlanyp ýörersiň her gün, her demde,
Çagalar dünýäsi üýşüp daşyňda
Dünýäň aladasyn salar başyňa…

Halyl Kulyýew

File engine/modules/thanks.php not found.

Bilim, Telwas tarapyndan 29-09-2022, 20:56

Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler