“Garaz şeýle... ähli barlyk bulaşyk
Gyzygam ýok. Hiç zat berenok lezzet.
Ine şeýdip ýaşap ýörmek meň üçin
Ezýet...”

File engine/modules/thanks.php not found.

Bilim, Telwas tarapyndan 29-09-2022, 21:13

  • Telwas Telwas off № 1 29 сентября 2022 21:15
    “Bilýäňmi nämeler üýtgedi?!
    Hiç zat…
    Ne-hä, bagtly boldum, ne-de betbagt.“
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 2 29 сентября 2022 21:16
    Gurbannazar Ezizowa.

    Barýas seniň gezen mekanlaryňa,
    Seniň geçen köçeleňden geçýäs biz.
    Girýäs seniň giren dükanlaryňa,
    Seniň içen çakyrlaňdan içýäs biz.
     
    Bizem alyp gidýä islän ýermize
    Seni çar tarapa äkiden ýollar.
    Agam girýä, aňam girýä sermize,
    Durmuş sahnasynda çalşyp dur rollar.
     
    Göwnün alýas ýakynlaryň, ýatlaryň,
    Dost-ýar bilen günümizi ýaşyrýas.
    ... Göräýmäge seň başaran zatlaryň,
    Hemmesini bizem bu gün başarýas.
     
    Wagty geler, bize-de nyrh keserler,
    Gaýtargy deregne oklanjagmyz ýok...
    Ýöne welin seňki deýin eserler,
    Entejik bize-hä başardaýanok.
     
    Käte özümizi aldyrjak bolup,
    Senden galan sadalygy öldurýäs.
    Öz barlygymyzy bildirjek bolup,
    Bu gün seniñ ýoklugyňy bildirýäs.

    Ş.N
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 3 29 сентября 2022 21:18
    DEÑIZ BOL!

    Sary bulut gezýär deñziñ üstünde,
    Kümüş gämi gezýär deñziñ ýüzünde.
    Sary balyk gezýär deñziñ içinde,
    Mawy otlar ösýär deñziñ düýbünde.
    Ýalañaç adam dur deñziñ boýunda,
    "Men näme bolsamkam?.." diýip oýlanýar.
    "Balykmy,
    Bulutmy,
    Gämimi?
    Otmy? -
    Men näme bolsamkam?.." diýip oýlanýar.
    Olaryñ hiç haýsy bolma, doganym,
    Deñiz bol!
    Çaýkanyp duran deñiz bol!
    Deñiz bolsañ,
    balygyñ bor,
    otuñ bor,
    Gämiñ bor,
    depäñde sary buludyñ bor!..

    1958 ý.

    Nazym HIKMET.

    Terjime eden: Allaberdi HAÝYDOW.
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 4 29 сентября 2022 21:20
    Belki bagtly we söýgi doly tejribeleriň bolmadygy bir maşgalada ulaldyňyz, şonuň üçin kiçi ýaşlardan bäri aňyňyzda durmuşyň kyndygy, ýeterlik derejede gowy, akylly, üstünlikli ýa-da owadan däldigiňiz hakda pikirler ösdürensiňiz. Belkide birnäçe kynçylyga gabat geldiňiz we daş-töweregiňizdäkileriň ejir çekmesine sebäp bolansyňyz.
    Ynançlar hakykylygyňyza görnüş berer we sizi pikirini edýän şahsyýetiňize öwürer.
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 5 29 сентября 2022 21:21
    Durmuş maňa başgalaryň seredişi ýaly seretsek hakykaty görüp bilmejekdigimizi öwretdi. Ýönekeý pikirlensek, her kim hakykaty gören bolsa, dünýä şeýle biperwaý ýagdaýda bolarmy?
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 6 29 сентября 2022 21:22
    Häzirki wagtda häzirki zaman döwletleri taryhy we ykdysady agdyklyklaryny ýokarlandyrmak üçin taryhy gural hökmünde ulanýarlar.
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 7 29 сентября 2022 21:23
    Hiç kim saňa goşgy düzmez, Hiç kim seni diňlemez.
    Hiç kim seni gorap gezmez,
    Hiç kim seni geňlemez.
    Meniň deýin didelerňe,
    Baka bilmez bir adam.
    Hiç garaşma idelerňe,
    Men şol, ýakynam, ýadam!
    Bagtyň hakda, gaýgyň hakda,
    Gürrüň ber bir özüňe.
    Ynam gitdi bu gursakdan,
    Diýdim özüm-özüme...

    Gülşirin Hanowa.
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 8 29 сентября 2022 21:24
    Endikleri täzelemek, kämilleşmek üçin peýdalydyr.
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 9 29 сентября 2022 21:25
    “Okap öwrenmegem gerekdir weli,
    Baş bilimi almalydyr durmuşdan.“
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 10 29 сентября 2022 21:26
    “ "Ýetim" sözi hakda ençe kep gördüm,
    Ähli keplerde-de çüýrük kök gördüm,
    Atasyz ýetim-ä, düşnükli welin,
    Ataly ýetimem juda köp gördüm.”
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 11 29 сентября 2022 21:28
    Her kimiň birek-biregi söýýän we hormatlaýan, hiç kime adamlara ýa-da haýwanlara zyýan bermeýän, maliýe kynçylyklaryndan ejir çekmeýän, öz janyna kast etmeýän, işsiz ýa-da pulsyz galmaýan dünýä we köçeler biri-birine salam berýän we ýylgyrýan adamlardan doly bolsa. Gowy bolardy, şeýlemi?
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 12 29 сентября 2022 21:29
    Şygyr, ony okaýan adamyň durmuşynda uly orny eýeleýän, a okamaýanlaryň bolsa hiç haçan diýen ýaly gyzmaýan resanrlaryndan biridir.
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 13 29 сентября 2022 21:30
    Geçmiş hakda näçe köp oýlansak, beýnimiziň içinde ýaşap başlarys we daşarda, häzirki durmuşda däl-de, kellämizde bolup geçýän zatlara ýesir bolup başlarys.
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 14 29 сентября 2022 21:31
    Ýaşamak bir prosesiň dowamy däl, bu däp däl, täze güne başlamak asla däl. Ýaşamak diňe aňly bolmakdyr.
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 15 29 сентября 2022 21:33
    “ Ýadadym... ýazmadyň senem
    Ýallaklasym geliberdi.
    Ýoldaş beren öýkeleriň
    Baryny ozasym gelýär.
    Gel gowsy çykmaly bizem
    Öňden gelýän adatdan,
    Sen "oglan" ilki ýaz maňa
    Men saňa ýazasym gelýär.”

    L…
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 16 29 сентября 2022 21:33
    “Durmuş Şekspirden has ejiz eken,
    Senden Romeony ýasap bilmedi.”
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 17 29 сентября 2022 21:34
    “Bakylykdyr gözleriňde dogulsam
    Ýene seniň üçin söýgi dogursam...”
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 18 29 сентября 2022 21:35
    “Öňküsi deý dogup ýaşýan günleriň,
    Süýjedi lezzeti... üýtgedi reňki.”
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 19 29 сентября 2022 21:37
    “ Rahatlyk berenok gumanly aňa
    Wepa Pirnepesiň kitaplary hem.”
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 20 29 сентября 2022 21:38
    “Adymyň yzyna "ym" goşup diýýäň
    Sözleň bilen bir wagt gyýdyň nikamy.”
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 21 29 сентября 2022 21:40
    Hemmeler şeýle bir gürlemek isleýär welin, diňlemäge wagt tapanoklar.
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 22 29 сентября 2022 21:41
    “Zümrüd çemenliginde iki gün lezzet alyň ...
    Sebäbi otlar hem üstüňizde öser”
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 23 29 сентября 2022 21:43
    "Hudaý maňa üýtgedip biljek zadymy üýtgetmäge batyrlyk, üýtgedip bilmeýän zadymy kabul etmek üçin sabyr we tapawudy bilmek üçin paýhas bersin." Hitit dogasy
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 24 29 сентября 2022 21:45
    Ýörän köçeleriňe ysyň ýaýrapdyr.
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 25 29 сентября 2022 21:45
    Kimler söýgülsine sowgat gözleýär, Kimler bolsa sowgadyna söýgüli...
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 26 29 сентября 2022 21:46
    Gidesiň gelmeýän ýere gitmelidigi sebäpli, turasyň gelmeýän wagtda turmak üçin ýatasyň gelmeýän wagtda ýatmak... durmuş...
    Jogap
  • Audit1 Audit1 off № 27 29 сентября 2022 22:21
    Her biri pikirlendirya...
    Jogap
  • FanB FanB off № 28 29 сентября 2022 22:56
    Manyly hem gyzykly...
    Jogap
  • yusupahmet12 yusupahmet12 off № 29 29 сентября 2022 23:08
    Hawa, Nirvana, durmush y sanyyet ykbslyndan Dezdomonslary yasap bilyar. Emma Otellalary yasap bilenok. Dur, ush adamzat kysmaty yñ ustunde dowek dowyar. Daneleri topraga gaaryp, torç edyar. Samanyny boleklap, harpygyny çäç bilen goshup garyar. Ynsanyñ takdyry durmushuñ erkine bagly. Kim yaynap yashayar, kim gaynap yashayar. Kim gulup omur surysr, kim aglap demir suryar. Alemiñ nurly guni kime shohlesini bolluk bilen sacyar, kimlere bolsa, kemlik bilen sacyar. Kim bagtyñ boynuna uÿan salyp, ony at kimin çapyp yashayar, kimler bagtyñ gytaklayyn bolsa-da nazaryna mätäç.
    Jogap
  • Massimus Massimus off № 30 30 сентября 2022 12:02
    “Durmuş Şekspirden has ejiz eken,
    Senden Romeony ýasap bilmedi.”


    Şu jümläň awtory özüňmi Nirvana gaty duýgulandyrdy
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler