"Sen özüňi aýa ýaman pällerden"
Sen özüňi aýa ýaman pällerden,
Ömre badak gahar-gazapdan dörär.
Ozalam synagy ýetik ýollarda
Sen maňa gymmatsyň, gymmatsyň örän.
Owunjak gybatlar kalbyň dilmesin,
Geldi-geçer ýykmasyn seň göwnüňi.
Munda sözden güçli doga bilmedim,
Ýagşy sözler bilen gora ömrüňi!
Aýa sen eliňi garalyklardan,
Men olaryň arzuwynda daýyma.
Derdiň aýt, basylsaň gybatdan, şerden,
Seni diňlemäge mydam taýyn-a!
Sen maňa gymmatsyň, gymmatsyň örän,
Owalam synagy ýetik ýollarda.
Ömre badak ýaman pällerden dörär,
Haýyş, özüň aýa ýaman pällerden!
Gülşirin HANOWA
Ömre badak gahar-gazapdan dörär.
Ozalam synagy ýetik ýollarda
Sen maňa gymmatsyň, gymmatsyň örän.
Owunjak gybatlar kalbyň dilmesin,
Geldi-geçer ýykmasyn seň göwnüňi.
Munda sözden güçli doga bilmedim,
Ýagşy sözler bilen gora ömrüňi!
Aýa sen eliňi garalyklardan,
Men olaryň arzuwynda daýyma.
Derdiň aýt, basylsaň gybatdan, şerden,
Seni diňlemäge mydam taýyn-a!
Sen maňa gymmatsyň, gymmatsyň örän,
Owalam synagy ýetik ýollarda.
Ömre badak ýaman pällerden dörär,
Haýyş, özüň aýa ýaman pällerden!
Gülşirin HANOWA
[related-news]
[/related-news]
Menem bar Ýetip gelýän 2025-nji ýyl hemmä düşümli, rysgally, saglykly ýyl bolsun!!!
Похожие статьи
{related-news}

Новые статьи
Обсуждают

kone natanysh
в посте
Комментариев нет