Ir ertir, giç agşam mekdeplerde, ýokary okuw jaýlarynda irginsizlik bilen içilýän, radioda, telewideniýede her gezekki täzelikleriň yzyndan gaýtalanýan kasamda hem iň bolmanda logiki yzygiderliligiň saklanmaýandygyna şu ýerde ýüzugra seredip geçeliň.

Eziz Türkmenistan, ata-Watanym,
Gurban bolsun saňa bu janym-tenim!
Eger-de men saňa sähelçe şek ýetirsem,
Goý, meniň elim gurasyn!
Eger-de men saňa dil ýetirsem,
Goý, meniň dilim gurasyn!
Eger-de men Türkmenistan watanyma,
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşa dönüklik etsem,
Goý, meniň ömrüm kül bolsun!


Üçünji setirde: «...şek ýetirsem, dördünji setirde bolsa, elim gurasyn» diýen sözler bar. Emma, şek el bilen ýetirilmeýär, dil bilen ýetirilýär. El bilen şikes ýetirilýär. Şonuň üçinem: «Eger-de men saňa şek ýetirsem “elim gurasyn» däl-de, «...dilim gurasyn bolmaly. Netijede, şondan soňky: «...eger-de men saňa dil ýetirsem, dilim gurasyn» diýen setirleriň geregem ýok bolýar. Eger-de ol setirleri saklajak bolsaň, onda üçünji setiri: «Eger-de men saňa şikes ýetirsem, goý meniň elim gurasyn», diýip düzetmeli we onuň yzyndan: «Eger-de men saňa şek ýetirsem, goý meniň dilim gurasyn», diýmeli. Şeýle hem kasam içiji başda: «Eziz Türkmenistan, ata-Watanym», diýip, gös-göni Watana ýüzlenýär-de, ýedinji setirde: «Eger-de men Türkmenistan Watanyma dönüklik etsem diýip, Watana ýüzlenmeýär-de, şeýtjekdigini başga birine habar berýär. Hakykatdan welin logiki yzygiderliligi saklamak üçin ol setir hem: «Eger-de men saňa dönüklik etsem» diýlip düzedilmeli. Biz bu ýerde Türkmenbaşy döwrüniň ýekeje goşgusyna, döwlet derejesindäki kasama seredip geçdik. Gimn babatda hem şular ýaly zatlar aýtmak bolar. Iň bolmanda onda eýýam halkyň aňyndan çykarylan tire-taýpa meselesi hem köre-körlük bilen gozgalýar.

File engine/modules/thanks.php not found.

Bilim, Revo tarapyndan 16-01-2023, 12:26

  • Soho Soho off № 1 16 января 2023 15:54
    awtory?
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler