Dýuna atly romany 50-nji ýyllarda bir haramzada ýazýar we şol roman dünýä edebiýatynyň klassiki eserleriň sanawuna girýär. Romanyň gysgaça mazmuny şeýleräk: —Gelejekde kosmosda adamzat gaýyp ýör we planetalaryň birinde Spaýs atly güýçli narkotik önýär. Ol narkotiki ulanýan adam adatdan daşary bilgiç, ekstrasens bolýar. Şol planetaň ady Arakis we ol ýeriň ýaşaýjylary biziň Araplarymyzy ýatladýar. Dýuna roman meň gowy görýän kitaplarymyň hataryna girýär we bir näçe gezek okalan. Dogrysy kitaby näçe okasamda ondaky "zäheri" diňe ýaňy ýakynda görmegi başardym. Dýuna romandaky zäheriň manysy: Muhammet Pygamber adaty adam we norkaman. Ol hiç hili Pygamber däl, ol diňe çölde bir ýerde agyr narkotiklary ulanypdyr we gelejegi görüpdir, ýa-da başga bir zatlar bolupdyr? Adamlar bolsa oňa ýalňyş düşünip ony Pygamber diýip yglan edipdirler. Gynansamda Dýuna kitapda şeýle ideýalar bar, emma olar örän gizlenen, başgaça aýdaňda diňe asosasiýaň üsti bilen ýazylan. Mysal üçin Arakisiň halkyny musulmanlar bilen asosasyýa eder ýaly Dýuna romanda "Jahad, Remezan we Haj" ýaly sözler aýdylýar, (özem bir iki ýerde aýdylýar. Remezan bilen Haj sözi birje gezek, jehad sözi 5-6 gezek). Dýuna eseriň baş gahrymany bilen Myhammet Pygamberiň arasynda asosasyýa dörär ýaly eserde Arakisiň halky halasgäre garaşýar diýilýär. Halasgär diýilýän bolsa öz şahsy bähbitlerini kowalap ýör, ýerli halk bolsa oňa Pygamber diýýär. Gepiň gysgasy şeýle zäherli ideýalary klassiki edebiýatyň ählisine diýen ýaly siňdirýärler. Eger ideýany adamyň özüne gönümel aýtsaň ol ideýa amanat bolýar, bir tüýsli kabul edilenok. Emma ideýany ýa-da pikiri asasaýylaryň üsti bilen adamlara siňdirseň welin, şeýle pikir gowy kabul edilýär. Birden otyrkaň kelläňe pikir gelýär: —Birden Muhammet Pygamber glýusinasiýa döredýän narkotiklary ulanan bolaýmasyn? Beýle pikir öň hiç kimiň kellesine gelmedik bolmaly? Gör men nähili akylly. Biz öz oýlap tapyn islendik zadymyza diýseň buýsanýas we bize daşyndan siňdirlen zäherli pikirleri özümiziňki diýip düşünýäs, biz öz pikirimizi bolsa gözümiziň göreji ýaly gorap saklamaga taýyn. Mysal üçin bize suwuň täsin ylmy taraplary barada dokumental kino görkezýärler. Suw informasyýany saklap bilýär, suw diňe biziň planetamyzda bar, suwuň ýanynda erbet pikir edip ony doňdursaň oň kristallary bir tüýsli ters bolýar. Suw barada şeýle pikirler bilen kelläň zäherleninden soň öňünden bir ýerden Musa Pygamberiň Gyzyl deňizi ikä ýarandygyny kinoda görýäň, ýa-da bir ýerde okaýaň. Seň birinji kelläňe gelýän pikir suw informasyýany saklaýar, suw bilen bir zatlar ters, suwy häzir gowja öwrenseň adamyň diýenini edýän bolup çykar we şoňa meňzeş. Şeýle pikirleri biz has gowy kabul edýäs, sebäbi biz ol pikirleri özümiz oýlap tapdyk diýip pikir edýäs. Hakykatda welin bu beýle däl. Meň şahsy pikirime görä, adanyň kellesinde döreýän ters pikirleriň barsyny iki sany edara döredýär. Ol edaralaryň biri biziň dünýämizde, ikinjisi bolsa başga dünýäde. Biziň dünýämizdäki edara, dünýä derejesindäki köpçülikleýin habar beriş serişdeleri we ofisal ylym. Olar biz üçin asosasyýalary döredýärler, galan işleri bolsa jyn arwahlaryň dünýäsindäki edaralar dowam edýär. Biziň pikirlerimiz Hudaýdan daşa düşer ýaly edýärler. Bizi buýsanar ýaly edýärler, gör men nähili akylly we şeýle nrtijelere geldim. Ýöne meň entek doly düşünmeýän zadym bu iki sany edaraň birleşýän ýerleri nirede? Olar nädip we nirede kesişip bilýärler? Nirede ylmy maslahatlary geçirýärler? Din tarapdan Şeýtan adamy azdyrýar diýilýär, emman biziň dünýämizde informasion kömek bolmadyk bolsa şeýtana adamy azdyrmak diýseň kyn düşerdi.
P/s: başga zatlar barada ýazjak boldym, emma pikirlerim başga tarapa alyp gitdi.
© Adalat19
Dýuna
Bilim,
Khanture
tarapyndan
20-01-2023, 11:15