Türkmenistan Türkiýäniň ýer titremesi sebäpli weýrançylyk çeken ýerlerine dost-doganlyk goldawy hökmünde halas ediş toparyny we ynsanperwerlik kömegini iberdi. Bu barada Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Togan Oral özüniň «Twitter» hasabynda mälim etdi.

Ilçiniň mälim etmegine görä, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ylym-bilim, saglygy goraýyş we sport ulgamy boýunça orunbasary N.Amannepesowyň ýolbaşçylygyndaky halas ediş toparyndan we ynsanperwerlik ýükünden ybarat uçar Türkiýä ugrady. Halas ediş toparynyň hatarynda onlarça lukman bar.

6-njy fewral güni daňdan Türkiýäniň günorta-gündogarynda we Siriýanyň demirgazyk-günbatar sebitinde 7,7 ballyk güýçli ýer titremesi bolup geçdi. Tebigy hadysa sebäpli heläk bolanlaryň we ejir çekenleriň sany barha artýar. Häzirki wagtda heläk bolanlaryň sany 3300 adamdan geçýär.


Çeşme: SalamNews

File engine/modules/thanks.php not found.

Sorag-jogap, Pegas tarapyndan 7-02-2023, 19:35

  • Dark_Wolf Dark_Wolf off № 2 7 февраля 2023 19:53
    Türk gardaşlarymyza gaty gynandym...
    Aradan çykanlara Alla şehitlik mertebesini bersin, yzyndaky hossarlaryna sabyr we ýüregi giňlik bersin, külli türk halkyna sag-salamatlyk gaýdyp gelsin we hiç bir millete beýle apat-bela görkezmesin Allahym..
    Jogap
  • Soho Soho off № 3 7 февраля 2023 20:09
    Gaty erbet gynandyryjy hadysa, Alla komek etsin...
    Jogap
  • kwadrat kelle kwadrat kelle off № 4 7 февраля 2023 20:16
    Sslam news впн бн ишлейарми?
    Jogap
  • Pegas Pegas off № 5 7 февраля 2023 20:17
    kwadrat kelle
    Sslam news впн бн ишлейарми?

    Ýo, göni.
    Jogap
  • Retro Retro № 6 7 февраля 2023 21:52
    Bize kim komek ederka?
    Jogap
  • Vekil_City Vekil_City off № 7 8 февраля 2023 05:39
    Retro
    Bize kim komek ederka?

    Derýa üçinä kömege gelen ýok ((
    Jogap
  • DonMaxx DonMaxx off № 8 8 февраля 2023 11:37
    tramatalogiadaky doktor gonsymam gidipdir komege
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler