Men käwagt özümi ýalňyz duýýaryn. Şeýle pursatlar hasam men agşamlaryna ýeke galan wagtym duýulýar. Meniň joralarymyň maşgalalary we çagalary bar, meniň pikirimçe maňada çagaly bolmak wagty geldi, şonda men bagtly bolaryn. Ýöne soň, meniň çagaly tanyşlarymyň aglabasy eýýäm aýrylyşan, käbirleri özbaşdak pul gazanyp bilmeýärler, käbirleri bolsa otuz ýaşdan soň eýýäm iki ýa üç çagasy bar bolan durmuşa çykmadyk we öýlenmedik adamlar bilen sosializirleşmäge başlaýar diýip pikir edýärin. Soň bolsa men hemme zady dogry edendigime düşünýärin.
Men 20 ýaşymdakam maňa durmuşa çykmak barada birnäçe teklipleri hödürlendi. Ýöne men okamak isledim we daşary ýurda gitdim. Men Günorta-Gündogar Aziýada okadym, olaryň medeniýetinde bolsa maşgala gaty giç gurulýar, şonuň üçin menem hiç hili basyş duýmadym. Öýe gaýdyp baranymda, men eýýäm 30 ýaşymdadym, gyzykly işim, köne we täze dostlarym bardy, gezelenje gitmäge we täze güýmenjeler bilen meşgullanmaga wagtym köpdi. Şeýdip, durmuşdan täzeden lezzet alyp başladym. Şeýle hem bolsa, pul gazanmagyň we syýahat etmegiň gowydygyna düşünsemem, maşgala gurmak hakynda pikir edýärdim.
Näme üçindir men 20 ýaşymda durmuşa çykmadygyma ökünmeýärin. Irki ýaşda aýrylyşmak gaty ýygy duş gelýär. Köp gyzlar emosional joşgunda, ýagny diňe duşuşygy, sowgatlary we romantikany gören wagtlarynda durmuşa çykýarlar. Siz durmuşa çykýanyňyza akyl ýetirmeýärsiňiz. Siz kebelekleri duýýarsyňyz we kararyňyzyň agyrlygyna düşünmeýärsiňiz. Nähili çeýnelen ýaly eşidilsede, 20 ýaşynda köpler gündelik durmuşyň hakykatlaryna doly göz ýetirmeýärler. Maliýe kynçylyklary, düşünişmezlikler, ýoldaşyňyzyň halamaýan ugrunda ösmek islegi aýrylyşmaga sebäp bolup bolýar. 35 ýaşymda men kimdigimi we kim bolmak isleýändigimi eýýäm bilýärin, pul gazanyp bilýärin we halaýan adamlarym bilen duşuşyp bilýärin.
Käbir adamlar 30 ýaşdan soň durmuşa çykmak mümkin däl, erkekler ýaşlary has gowy görýärler diýip pikir edýärler. Öz tejribämden erkekleriň owadan, terbiýeli we akylly zenanlary has gowy görýändigini aýdyp bilerin. Rahatlyk döredip, durmuşyna baýramçylyk getirip bilýän aýallary. Elbetde, siz 20, 30 we 40 ýaşda-da ähli garaşylýan zatlary kanagatlandyryp bilersiňiz. Ýöne erkek üçin ideal bolmaga, we özüňizi ýatdan çykarmaga howlukmaň. Özbaşdak bolmaklykda hiç hili ýamanlyk ýok. Saýlan adamyňyza haýsy talaplary öňe sürýändigiňizi pikirlenip görüň, ol bu zatlary başararmy?
25 ýaşyndaky gyz 35 ýaşyndaky ýaly özüne çekijidir. Tersine, 20 ýa-da 35 ýaşda-da gödek we gyzyklandyrmaýan garry aýal ýaly görünip we hereket edip bolar. Siziň içiňizde jyns duýgurlygy, gözellik we özüne çekijilik bolmalydyr. Siziň adamyňyz sizi hemişe tapar.

File engine/modules/thanks.php not found.

Bilim, PROLIGA tarapyndan 14-02-2023, 20:37

  • Belki Belki off № 1 14 февраля 2023 20:42
    Biziñ bilmeýän nämämizi aýdypdyr indi şu gürrüñ ))
    Jogap
  • Hiayress26 Hiayress26 off № 2 14 февраля 2023 21:03
    Näçe ýaşyň ulaldygyça şonça-da ýekelige öwrenişýäň. Soňra öwrenişen asuda ýekeligiňden daşlaşmak kyn bolýar. Şoň üçin hemme zat öz wagtynda bolsa gowy. Gyz üçin (bizde) 23-27 ýaş aralygynda, oglan üçin 25-28 ýaş aralygy gowy.
    Jogap
  • kwadrat kelle kwadrat kelle off № 3 14 февраля 2023 21:53
    Гунорта- Гундогар Азиянын хайсы юрдунда окандыгны язмандыр. Язан ТКМ дал ойдйан. Хайсы юрдун раяты хем болса айдянлары пикирлендирди. Эгер 35 яша ченли энен атанын экленжине баглы болман оз гунини горуп билйан болсан, онда сайлан елун догры. Ир дурмуша чыкып сонам айрылышянларын аграмлы болеги финанс ягдай себапли ника бозярлар.
    Jogap
  • kwadrat kelle kwadrat kelle off № 4 14 февраля 2023 22:07
    Ойленмек сози Ойли болмак{дом,квартира}ишлигинден гелип чыкяр.Раз ,ойленмелими ?Ой..дом вопросларыны решать эдип гоймалы.Гележекки машгала учин капиталжыгын тайын дурмалы. А то шу вагт 20 яшап яшаман дурмуша чыкан гызын,ойленен огланларын бооуп йорушлерни горсен небсин агыряр. Берга боржа батып той эдишини айтжакмы,тойдан 3-4 айдан сон ене биргиден чыкдайжы эдип о доктора бу доктора иш болуп йорушлерини айтжакмы..Гараз дурмуша тайярлыксыз башламак гаты гузаплы..гелинеде,огланада.дунйа инмели бабегеде..
    Jogap
  • PROLIGA PROLIGA off № 5 14 февраля 2023 22:14
    kwadrat kelle
    Ойленмек сози Ойли болмак{дом,квартира}ишлигинден гелип чыкяр.Раз ,ойленмелими ?Ой..дом вопросларыны решать эдип гоймалы.Гележекки машгала учин капиталжыгын тайын дурмалы. А то шу вагт 20 яшап яшаман дурмуша чыкан гызын,ойленен огланларын бооуп йорушлерни горсен небсин агыряр. Берга боржа батып той эдишини айтжакмы,тойдан 3-4 айдан сон ене биргиден чыкдайжы эдип о доктора бу доктора иш болуп йорушлерини айтжакмы..Гараз дурмуша тайярлыксыз башламак гаты гузаплы..гелинеде,огланада.дунйа инмели бабегеде..

    Dogry aýtýaňyz.
    17 18 ýaşda öýlenip soň bula bolonok diýip aýrylşýanam bar, pul üçin toý edip soň gyzyllary puly alansoň aýrylşýanlar hem bar, Men iş etmek üçin gelin bolmadym oň üçin toý etmedim diýip gaýyn tarapy bilen oňuşman aýrylşýanambar, çagasy bolonok diýip aýrylşýanlaram bar, toý etdi adyny almak üçin toý edip aýrylşýanlaram bar. Şularyň hemmesine duş gelip haýran galyp diňlap gördüm wakalaryny.
    Jogap
  • Hiayress26 Hiayress26 off № 6 14 февраля 2023 22:15
    kwadrat kelle,
    4burç kelle aga, türkmen haçan toýa taýynlykly başlapdyr?! Galyň ata-baba bar, galyň üçin barlylardan başgalarda bergi hem bar. Indä bir wagtky kommunist toýam ulalyp "durnanyň üstüne urna boldy" (Mysal üçin: Azat Dönmez 200 mln gelýämiş toýa). Häzir şäherden (welaýat) iki otagly kwartira aljak bolsaň azyndan 20müň $ gerek. Aýyňa 100 $ iş bilen (olam bolsa) haçan öý, haçan toý, haçan galyňyň pulyny toplajak?!
    Jogap
  • Hiayress26 Hiayress26 off № 7 14 февраля 2023 22:16
    Dokuzyňy düzedip öýlenjek bolsaňa, toýuňa ak goýun toýuňam goşaýmaly bolýar. :)
    Jogap
  • kwadrat kelle kwadrat kelle off № 8 14 февраля 2023 22:25
    Hiayress26,
    шон учинем 20яшдан сон капитал топламак учин даш.. юрда жырмалы..
    Jogap
  • Hiayress26 Hiayress26 off № 9 14 февраля 2023 22:28
    kwadrat kelle,
    Daş ýurda çyraňsoň iç ýurda dolanmak islemeseň näme?! Ondan gowy weriýantynam aýdyp bereýin, öýlenmek üçin öý zerur bolsa öýli gyzy alaýmaly. Beýle gyzlar iç ýurtda defisit bolsa, daş ýurtlardanam ara bermeli. (Garaz siziň aýtýanyňyz çözgüt däl, bolsa-da wagtlaýyn)
    Jogap
  • kwadrat kelle kwadrat kelle off № 10 14 февраля 2023 23:04
    Hiayress26,
    Иним дуйн тойдан гелдим. Гоншы этрапдан. Ойленйан оглан 27 яшында экен. Гуллукдан гелип бир йылдан сон даш юрда гидипдир.6 йыл хем окардыр хем ишлапдир.. Алты йылда эшдишим боюнча 25 муне голай топлапдыр..Элбетде говжа жаям гурнупдыр.. Эне атасынын янында. Йоне инди ене гитмели дп дур. Польский фирмаларын бирине ише ерлешипдир.Айлыгны долы айданок велин 2000 пес болмаз диййалер.
    Jogap
  • PROLIGA PROLIGA off № 11 15 февраля 2023 01:11
    Durmuş diňe toý etmekden çagaň bolmagyndan ybarat däl bu durmuşa geleňson nämaler etýän çagaňa başgalaryna nähili göreldeli bolýaň nähili peýdaly raýat bolýaň şularu pikir edip ýaşaň. Söýüp söýlüp ýaşaň hormatyňyzy hiç ýitirmäň.
    Jogap
  • Wednesday Wednesday off № 12 15 февраля 2023 07:56
    Hawa heleýler bizden üstün. Deňhukuklam dälde üstün. Şoň üçinem men oýlenmän aýlyjagma laýyk bolup oturjak. Gyzyň ozi öý edinsin işlesin. Soňam men oňa äre çykaýyn diýýäňmi Hiaýres. Eklesinem diý.
    Jogap
  • Wednesday Wednesday off № 13 15 февраля 2023 07:58
    KHantureň repi ýada düşdi.
    Bizde heleýlere ýer ýok. Diňe erkek erkege diýen ýalyrakdy. Ýadymda ýok.
    Jogap
  • Wednesday Wednesday off № 14 15 февраля 2023 08:02
    Birazajyk otyr ýeriňi zol zol kürsüde oturtman klawişde akyl satyp, hereket edip ýörseň edil eliň boşa durmaz. Zeýrenmegi bolsa hemmeler oňarýa. Zeýrenmäge derek hereket etmeli. Deriňi dokmeli.
    Jogap
  • Wednesday Wednesday off № 15 15 февраля 2023 08:04
    Azat donmezsiz toý edäýin. Haçan goýjaksynyz süri bilen ýoremegnizi.
    Jogap
  • Jekwarabey Jekwarabey off № 16 15 февраля 2023 09:08
    Wednesday
    Hawa heleýler bizden üstün. Deňhukuklam dälde üstün. Şoň üçinem men oýlenmän aýlyjagma laýyk bolup oturjak. Gyzyň ozi öý edinsin işlesin. Soňam men oňa äre çykaýyn diýýäňmi Hiaýres. Eklesinem diý.



    Seniň teswirleriňi okap utandym dogrusy...
    Jogap
  • Wednesday Wednesday off № 17 15 февраля 2023 10:04
    Jekwarabey
    Wednesday
    Hawa heleýler bizden üstün. Deňhukuklam dälde üstün. Şoň üçinem men oýlenmän aýlyjagma laýyk bolup oturjak. Gyzyň ozi öý edinsin işlesin. Soňam men oňa äre çykaýyn diýýäňmi Hiaýres. Eklesinem diý.



    Seniň teswirleriňi okap utandym dogrusy...

    Näme üçin?
    Jogap
  • Hiayress26 Hiayress26 off № 18 15 февраля 2023 11:45
    Öňem biri: "Adamlar, nireden köp pul gazanyp bolýany maňada aýdaýyň?! Ýöne, iş diýmäň, onsuzam men hepdäniň ýedi güni işe gatnaýan, ol ýerde pul ýok." diýýämişin.
    Jogap
  • Anil Kapur Anil Kapur off № 19 15 февраля 2023 19:47
    Durmush bu charhypelek. Pelek beylelikgan aylanyp garyp dushdin name etjek. Alan gelnin bolluga owrenip birden yokly bolly. Galar oydyanizmi. Heleyi yoklukda erkegi doklukda tanarsyn diyip..Sho un yokly bolup oylenip gelnin bn agzybirje barly boljak bolmaly. Derin bn gazanan zadyn gadyrly bolya. Tayyn zadyn gadry bolmaya. Heleyin gowy bolmasa tayyn zadyny atasy oyune gatnap gutarar. Sho un yagdayyna dushunyani almaly. Toyumda ol bolsun bu bolsun shu pul bolmasa bolonok shu gyzyl bolmass gerek dal plan restoran bolmasa toy etjek dal diydimi. Ol ayal ozi ucin dal ilin gozi un durmusha chykya. Shonun un dine senin yagdayyna dushunsin
    Jogap
  • Goklors Goklors off № 20 16 февраля 2023 05:49
    Laçyn...
    Jogap
  • Waleryanka Waleryanka off № 21 21 февраля 2023 21:13
    Goklors
    Laçyn...

    Goklors
    Laçyn...

    Goklors
    Laçyn...

    Purjayewamy?
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler