Türkmenistan çilimkeşlige, neşekeşlige garşy uly işler alyp barýar
Halk bolsa umuman alanymyzda bu ýagdaýy goldaýar.
Ýöne näme üçin alkagol babatda beýle ädimler ädilenok? Ýa-da arak çilim ýaly zyýanly dälmi? Bu soraglary özüne, daş töweregine soraýan adamlara köp duş gelýän.
Geliň, aragyň berýän zyýanlaryny hem sanap geçeliň. Soňyndan bolsa gadagançlyk bilen däl-de başga nähili ýol bilen bu zyýanlaryň öňüni alyp boljakdygy hakda pikir alyşalyň.
Saglyk taýdan berýän zyýanlary
Bütin Dünýä Saglyk Guramasynyň berýän hasabatyna görä her ýyl 2,5 milýon adam spirtli içgiler sebäpli aradan çykýar. Spirtli içgiler sebäpli ölümler esasan Russiýa we öňki SSSR-e degişli bolan döwletleriň (GDA döwletleri) çäginde has köp bolýar. Muňa garamazdan bu döwletleriň çäginde spirtli içgilere garşy çäreler geçirilmeýär diýip Bütin Dünýä Saglyk Guramasy öz hasabatynda belläp geçýär.
Hasabata görä spirtli içgileriň ulanylmagy 60-dan gowrak dürli keselleriň we heläkçilikleriň bolmagyna sebäp bolýar. Olaryň iň köp duş gelýänleri bagyr keselleri, zäherlenme, epilepsiýa, rak keseliniň dürli görnüşleri we serhoş sürüjiler sebäpli bolýan ulag heläkçilikleridir.
Alkagol adam bedeniniň wagtyndan tiz garramagyna, beýniniň işleýşine, ýatkeşlige zeper berýär. Böwregiň we bagryň zaýalanmagyna sebäp bolýar, beýin öýjüklerini öldürýär.
Adam saglygyna iň köp zyýan berýän spirtli içgiler bikanun ýol bilen ýasalan spirtli içgiler bolup durýar. Bu spirtli içgiler köp mukdarda dürli zäherli himiki maddalary, ýaglary, aseton, gliserin ýaly maddalary saklaýarlar.
Mundan başga hem öýünde bikanun arak ýasap satýan söwdägerler hem az däl. . Hatda adamlar ol söwdagäriň aragy öýünde öndürip satýanyny bilseler hem arzan görüp satyn alýarlar. Şeýtmek bilen öz saglygyny nä dereje howp astynda goýýanyndan habarsyz ýada saglygyna biperwaý bolup bilýärler.
Spirtli içgileri ulanýan adamlaryň daş-töwrege berýän zyýanlary
Çilimden tapawutlylykda spirtli içgiler adamyň käwagt özüni bilmejek derejede serhoş bolmagyna sebäp bolýar. Organizm aragy zäher hökmünde kabul edip, ony bedenden daşary zyňmaga, özüni goramaga çalyşýar we netijede adam gusýar, gaýtarýar. Käbir adamlar özleriniň arak içende gaýtarmaýandygy, güýçlidigi bilen öwünýär. Ýöne bu tersine doktorlaryň aýtmagyna görä has howply bolup, bu ýagdaýdan soňra aragy taşlamak has kyn bolýar.
Toýlarda, dabaralarda ýaşşikläp arak alyp goýmak hem Türkmenistanyň köp ýerlerinde bir däp ýaly bolup gelýär. Bu käwagt toýyň soňunda uruşlaryň bolmagyna getirýär. Serhoş adamlar bir birini urup, bir ýerini döwüp , käte bir birlerini pyçaklap bilýär.
Spirtli içgiler köp maşgalalaryň bozulmagyna, dargamagyna sebäp bolýar. Şol maşgalalardaky çagalaryň psihologiýasyna uly zyýan berýär.
Serhoş adamlar diňe ýol ulag heläkçiliklerine sebäp bolmak bilen, öz organizmine zyýan bermek bilen çäklenenok. Köp serhoş erkekler aýalyny urup, onuň hem içki organlarynyň urgydan zaýalanmagyna, kesellemegine sebäp bolýarlar.
Bu zatlaryň çözgüdi üçin ilki nämeler edip bolar?
Ilki bilen bikanun satylýan, zäherli hili pes spirtli içgileriň öňüni almaly. Arak öndürýän kärhanalaryň işine doly we adalatly gözgeçilik ýola goýulmaly.
Spirtli içgileriň doly gadagan edilmegi alkagola endik eden adamlaryň başga ýollary gözläp, samagon ýaly we beýleki saglyga has hem zyýanly içgiler içmegine sebäp bolar diýip BBC habar gullugy belläp geçýär.
Belki mediýa, TV we saglyk guramalary tarapyndan aragyň berýän zyýanlary hakda halka giňişleýin düşündirilse, ýaşlaryň alkagola baş goşmagynyň öňüni almak üçin dürli çäreler geçirilse has peýdaly bolup biler.

File engine/modules/thanks.php not found.

Bilim, PROLIGA tarapyndan 21-02-2023, 08:06

  • Bayker Bayker off № 1 21 февраля 2023 10:05
    Peýdaly mowzuk. Ilki bilen salam, ýurdumyzda araga garşy çäreler geçirilýär öýdýän sebäp gitdigiçe gymmatlaýa, arzan aragam içer ýaly däl. Eger içirmejek bolsalar tekiz ýasamaly däl, gadagan etmeli.
    Jogap
  • Bayker Bayker off № 2 21 февраля 2023 10:16
    BSG-nyñ ölýä diýýäni birhiliräk. Dogulan adam bir gün ölmeli arak içirmän ýaş uzaldyp bolasy ýok. BSG-nyñ arak sebäpli keseller diýýäni dogrudyr ýöne biziñ türkmenimiziñ aýal gyzlary arak çilim ýa zyýanly endikleri ýok köp böleginde erkekden aýallarda rak keseli köp görūnýän ýaly. Ýöne aragyñ çilimiñ zyýanlydygy bilen doly ylalaşýan.
    Jogap
  • Dowsypat. Dowsypat. off № 3 21 февраля 2023 10:20
    ...dürli çäreler geçirilse has peýdaly bolup biler.

    Dürli çäreler geçirilmeli.Ondan soň şol çäreleriň yzyny çukjap gezýän žurnalistler bolmaly.Žurnalistleriň erkin gözleg etmekleri üçin söz erkinligi bolmaly.Žurnalistler çyndanam çäre geçirildimi ýa-da diňe göz üçin geçirildimi,çäreleriň belli bir netijesi boldumy ýa-da hiç hili peýda bermedimi,ine şolar hakda giňişleýin maglumat toplap metbugatda çap etmeli.Ýogsam million çäreden bir peýda ýok.
    Jogap
  • Bayker Bayker off № 4 21 февраля 2023 10:23
    Arak öndürýän kärhanalary ýapmasalar arak içýän adamlary azaldyp bolmazmyka diýýän gynansagam.
    Jogap
  • Гость Гость off № 5 21 февраля 2023 10:54
    Çilimiň peýdaly tarapy, çilim çekýän garranok.

    Ýaşka ölüp gitýä )
    Jogap
  • Dark_Wolf Dark_Wolf off № 6 21 февраля 2023 11:06
    Wagyz-nesihat çärelerem, düşündiriş işlerem geçirilýär.
    TW-de görkezilmese, bu geçirilmeýär diýdigi däl. TW-de hem görkezilýär, çykyş edýänler efir üçin "giriş" sözlerini aýdyp gutarandan soň, erkin gürrüňdeşlik bolýar gatnaşyjylar bilen (esasan ýaşlar bilen)..
    Her ýylyň başynda Döwlet maksatnamasy taýýarlananylýar. Maksatnama esasynda her pudak meýilnama taýýarlaýar. Ana şol meýilnamada, saglygy goraýyş işgärleriniň hem-de Jemgyýetçilik guramalarynyň paýyna düşýän, imenno şu temalar esasynda geçirilmeli çäreleriň, ýygnaklaryň tertipnamasy bolýar.
    Ýöne, bu bir guramanyň ýa-da diňe häkimýetiň işi däl. Muňa tutuş jemgyýet bolup göreşmeli. Jemgyýet hem maşgaladan ybarat. Şonuň üçin ilkinji ädimleri özümizden, öz maşgalamyzdan başlasak dogry bolar.
    Jogap
  • Seksopotolog.......... Seksopotolog.......... off № 7 21 февраля 2023 11:36
    Omruni chilim chekmedik adam rak keseli bn kesellap oldi. Chilim chekyanlerinem arasynda bar shol kesel bn keselleyan. Barde chilimi yazgaryp bolonok. Kesel doremek belli bir zatda dal. Adamyn bedeninde 1% rak sahar bashgada kop keseller bolya. Adamyn iyyan zatlarynda GMO kop bolsa immunitetin peseldigi haysam bolsa bir kesel yuze chykyar. Hazirki Teplitsada ondurilyan onumlerin hemmesi diyen yaly GMO. Derman bilen yetishdirilya. Onume gurchuk dushurmezligi ucin derman ulanylyar bashgada kop zatlar ucin. Shol onumler emeli yetishdirleni ucin adamlaryn kopusi hazir apteklarda hassahanalarda. Bizin iyyan zatlarymyz zyyanly wagty siz arak bilen chilimi zyyanly chykaryanyz. Ilki bilen bashlamaly zat iyyan onumlerimizin terliginden bashlamaly. Biz on pomidor diyilyan zady gyshda iyemzokdyk sebabi pomidor tomsun onumi dine uksuslanan salyonny iyerdik. Hazir salyonny edyanem yok sebabi haysy pasyl bolsada pomidory bazardan satyn alyp bolyar. Ana kop kesellerinem bashy sho ustunede chilimin tussesi boldy Rak plan wagt diagnoz goyyalar. Plany rak bilen olupdir namazy shu gun plancada diyyan gurrunleri kop eshidiberyan
    Jogap
  • DonMaxx DonMaxx off № 8 21 февраля 2023 13:41
    Arak zyyanly dine konyak iciñ gadyrdanlar
    Jogap
  • Goklors Goklors off № 9 21 февраля 2023 13:57
    Umumy ugrunda bar . Alkogolizm erbet kesel . Garaz paltasy daşa degenden soň düşünýärler welin , emma giçdä
    Jogap
  • Goklors Goklors off № 10 21 февраля 2023 14:02
    bagyr sirroza geçen soň giçdä. käbir adamyň düşünjesi bar ."Ölsemem içip öljek ." Bu ýagdaýa maşgala oňuşuksyzlyk sebäp bolýar.
    Jogap
  • Pegas Pegas off № 11 21 февраля 2023 14:39
    Aragy näme etseňiz, şony ediň! Çilim bilen işiňiz bolmasyn!))
    Jogap
  • Gauzen Gauzen off № 12 21 февраля 2023 20:13
    Гость
    Çilimiň peýdaly tarapy, çilim çekýän garranok.

    Ýaşka ölüp gitýä )

    hehehe
    Jogap
  • kwadrat kelle kwadrat kelle off № 13 21 февраля 2023 20:27
    Арагы он гадаган эдип гордулер. Нетижеси- Омуринде арак ичмейанлерем алкаш болуп гитдилер. Мена чилими мугт берлен вагтларам чекмедим. Йоне чекйан адамларын хукугыны басгыламакларам боланок. Гадаганчылык дине гара базар бн коррупцияны гулледип осдурйар.Болчулык адамларын гозуни доюряр. Гахатчылык болса ачгозлуге себап боляр.Эдил шу вагтлар тойларда бир вагтларкы ялы арак ичишлик ек. Мундан 20-25 йыл он дагы худай сакласын..200 литр вино бир тоя етмезди. Инди вино ичиленогам. Ахли затда чакыны билмели . Чаксыз ичмек,чекмек болманам саглыга пейда болуп билмез.
    Jogap
  • Гость Гость off № 14 21 февраля 2023 22:01
    Pegas
    Aragy näme etseňiz, şony ediň! Çilim bilen işiňiz bolmasyn!))

    Garrajak dälow sen )
    Jogap
  • Гость Гость off № 15 21 февраля 2023 22:08
    kwadrat kelle
    Арагы он гадаган эдип гордулер. Нетижеси- Омуринде арак ичмейанлерем алкаш болуп гитдилер. Мена чилими мугт берлен вагтларам чекмедим. Йоне чекйан адамларын хукугыны басгыламакларам боланок. Гадаганчылык дине гара базар бн коррупцияны гулледип осдурйар.Болчулык адамларын гозуни доюряр. Гахатчылык болса ачгозлуге себап боляр.Эдил шу вагтлар тойларда бир вагтларкы ялы арак ичишлик ек. Мундан 20-25 йыл он дагы худай сакласын..200 литр вино бир тоя етмезди. Инди вино ичиленогам. Ахли затда чакыны билмели . Чаксыз ичмек,чекмек болманам саглыга пейда болуп билмез.

    Dogry belläpsiň agam. Çilimi gadagan edeli bäri çilim çekýänler gaty köpeldi. Ýaşajyk oglanlaryňam agzynda çilim. Adamyň tebigaty şeýle. Haýsy zat gadagan edildigiçe şo zada höwesek bolýa. Hool bir döwürler çilimiň paçkasynyň 2( öňki pulda 10 000) manat wagty çilim çekýän gaty seýrekdi. Obada sanaýmalyja dam çekýädi. A häzir ştugy 5 manadam bolsa çekmeýän ýok diýen ýaly biziň obada. Şo bolçulygy görmedik pokoleniýäňä barysy diýen ýaly çilimkeş. Horaz hemme ýerde deň gygyrýa. Beýleki ýerlerde-de şeýledir. Gadagan zada isleghas güýçli bolýada garaz. Gadagan etjekmi goýma magazynda, düýp damary bilen goparyp zyň geroin m, tirýegi edişiň ýaly. Ýogsamam halky kösemeda birtopar baha goýup üssüne.
    Jogap
  • Jekwarabey Jekwarabey off № 16 21 февраля 2023 23:00
    Гость,

    Bizde Çakyr zawodlar bar, özi işläp çykarýan...
    A çilim çykarýan zawod ýokmyka diýýärin, marydaky ildeşleriň ýasaýan kagyz daşly maholka çiliminden başga...
    Çakyr zawodlar ýapylsa, araklar gadagan edilse, näme arak içýänler azalar öýdýäňizmi? Tersine köpeläýmese...
    Jogap
  • Jekwarabey Jekwarabey off № 17 21 февраля 2023 23:01
    Bir tarapdan ýapylsa gowy arak-çakyrlar. Ýöne piwony bir gadagan etmesinler... ?
    Jogap
  • Гость Гость off № 18 21 февраля 2023 23:11
    Jekwarabey,
    Çilim çykanok, ol dogry. Ýöne arzan döwürlerem bizde çilim çykanokdy ahyry. Çilimi özleri gymmatlatdylar iskustwenni. Ýagny, tamožny tölegini galdyrdylar. Belli-belli adamlardan başgalara ýurda çilim getirmegi gadagan etdiler.

    Arak-çakyr özümizde önýäni üçinem gadagan däl bizde arak-çakyr. Gadagan edilmeýäniniňem öz sebäbi bar. Doly gadagan etse şol zawotlary ýapmaly bolýa. Alkagol önümçiligem iň bir geçginli, pribylly önüm. Hökümede girdeji. Eger polno gadagan etse, zawotlary ýapsa. Daşyndan getirilmesini gadagan etse goýman gitjek ýerleri nire. Geroin- tirýegi goýdular. Goýmaklarynyňam sebäbi tapanoklar, hiç ýerde ýok. Ana alkogol, temmäki önümlerem şeýle edilse goýarlar. Bulary goýdurmak üçin daže puluňa-da tapyp bolmaz derejä getirmeli
    Jogap
  • Jekwarabey Jekwarabey off № 19 21 февраля 2023 23:57
    Гость
    Jekwarabey,
    Çilim çykanok, ol dogry. Ýöne arzan döwürlerem bizde çilim çykanokdy ahyry. Çilimi özleri gymmatlatdylar iskustwenni. Ýagny, tamožny tölegini galdyrdylar. Belli-belli adamlardan başgalara ýurda çilim getirmegi gadagan etdiler.

    Arak-çakyr özümizde önýäni üçinem gadagan däl bizde arak-çakyr. Gadagan edilmeýäniniňem öz sebäbi bar. Doly gadagan etse şol zawotlary ýapmaly bolýa. Alkagol önümçiligem iň bir geçginli, pribylly önüm. Hökümede girdeji. Eger polno gadagan etse, zawotlary ýapsa. Daşyndan getirilmesini gadagan etse goýman gitjek ýerleri nire. Geroin- tirýegi goýdular. Goýmaklarynyňam sebäbi tapanoklar, hiç ýerde ýok. Ana alkogol, temmäki önümlerem şeýle edilse goýarlar. Bulary goýdurmak üçin daže puluňa-da tapyp bolmaz derejä getirmeli


    Bu aýdýanyňam jany bar...
    Jogap
  • Jekwarabey Jekwarabey off № 20 21 февраля 2023 23:57
    Гость
    Jekwarabey,
    Çilim çykanok, ol dogry. Ýöne arzan döwürlerem bizde çilim çykanokdy ahyry. Çilimi özleri gymmatlatdylar iskustwenni. Ýagny, tamožny tölegini galdyrdylar. Belli-belli adamlardan başgalara ýurda çilim getirmegi gadagan etdiler.

    Arak-çakyr özümizde önýäni üçinem gadagan däl bizde arak-çakyr. Gadagan edilmeýäniniňem öz sebäbi bar. Doly gadagan etse şol zawotlary ýapmaly bolýa. Alkagol önümçiligem iň bir geçginli, pribylly önüm. Hökümede girdeji. Eger polno gadagan etse, zawotlary ýapsa. Daşyndan getirilmesini gadagan etse goýman gitjek ýerleri nire. Geroin- tirýegi goýdular. Goýmaklarynyňam sebäbi tapanoklar, hiç ýerde ýok. Ana alkogol, temmäki önümlerem şeýle edilse goýarlar. Bulary goýdurmak üçin daže puluňa-da tapyp bolmaz derejä getirmeli


    Bu aýdýanyňam jany bar...
    Jogap
  • Retro Retro № 21 22 февраля 2023 00:23
    Гость
    Çilimiň peýdaly tarapy, çilim çekýän garranok.

    Ýaşka ölüp gitýä )

    ?
    Jogap
  • Retro Retro № 22 22 февраля 2023 00:25
    Pegas
    Aragy näme etseňiz, şony ediň! Çilim bilen işiňiz bolmasyn!))

    ?
    Jogap
  • Retro Retro № 23 22 февраля 2023 00:43
    Menem pikirimi aýdaýyn. Adama belli bir derejede nikotinem zerur, spirtem zerur. Yöne gereginden artyk zyýanly bolup biler. Diňe spirt (spirtli içgiler), nikotin (çilim, nikotin önümler) däl, islendik zady köp organizme kabul etmek adam bedwnine zyýanly. Meselem: süýji we süýji önümleri, islendik miwe önümleri we islendik iýmiti neşekeşlik we arakhorluk yaly derejede kabul etseň edil spirt we nikotiniň zyýany derejede zyýan berip bilýär. Şonuň üçin nikotin we spirt önümlerini düýbünden ýok etmek bolmaýar.
    Bu aýtýanym edil tebigatda bir jandar zyýan (ösümlige, adama) berýär diýip düýbünden gyryp başga garaşylmaýan (şol jandar sebäpli) zyýanlaryň döreýşi ýaly hem bolup bilýär. Meselem: çybyn ýada siňegi berýän bir zyýany üçin gyrylsa nähili (garaşylmadyk uly) zyýanlaryň geljegi belli däl, nähilidigi belli bolmasada zyýan geljegi belli. Bu tebigatyň zynjyry.
    Jogap
  • setdars setdars off № 24 22 февраля 2023 00:51
    bu zatlar siziñ-biziñ çôzip biljek meseläniz dalow
    Jogap
  • kwadrat kelle kwadrat kelle off № 25 22 февраля 2023 00:53
    Арак -чакыр заводларыны япып болмаз. Бейтсен биргиден узумчилик хожалыкларыны хем япмалы болар. Бизде битйан узумлерден екары хилли спирт алып боляр. Спирт дийилйан зат хокман ичип,чашып ,булашып ятмак учин ясаланок. Медицина,химия,авиация ялы пудакларда гечгинли зерур харыт болуп дуряр ахырын. Гайтам ол ондурип билсен небит ялы довлете валюта газанмана ярдам эдйар. Бизин юрдумызын ондурйан ичгилери дашары юртларда сергилерде гуррунсиз баш байраклары аляр.. Натуралный гвнешде етишен узумин спиртинин хилем уйтгпшик боляр.Шонун учинем спирт сенагатымыэ осдурилсе ,хема оба хожалыгы учин иш ери, хемем дунйа базарына чыкармак учин гечгел харыт боларды. Спирт дийлен задам озуниз билйаниз зая болуп барян харыт дал. Хемме пудага герек..айратынам медицина учин.Шонун учинем япмалы гоймалы ,гадаган этмели дийип гох турузгып йорман озумиз сайхаллыжа болалын. Чакыны билип ичсен дердине дермандыр. ?
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler