ADAM MAÝMYNDAN DÖRÄPMI?
Mugallymçylyk tejribämde hemişe sowallara ähmiýet beripdim. Şonuň üçin, okuwçylarym öwrenmek islän maglumatlaryny çekinmän soraýardylar. Bilşiňiz ýaly, eliňizdäki bu “Bellikler” kitaby-da şol sowallara berlen jogaplardan ybarat. Ýöne käbir sowallar dersimizde ençeme gezek soraldy. Ine, şolardan biri hem “Adam, hakykatdan-da, maýmyndan döräpmi?” diýen soragdyr.
Elbetde, sorag berlen badyna, synpdaky okuwçylar öz aralarynda jedelleşip başlaýardylar. Biri ýerinden turup: “Dostlarymyz geçen dersimize düşünmändirler. Imanyň alty şertiniň biri – pygamberlere ynanmak. Ilkinji adam we ilkinji pygamber bolsa, Adam atadyr” diýýär.
Beýleki biri: “Ýöne ylym maýmyndan gelip çykandygymyzy aýdýar” diýip, ensiklopediýanyň bir jildini çykarýar-da, ondaky suratlary görkezýär.
Ýene biri bolsa: “Mugallym, ylma ynanmalymy ýa-da dine?” diýip sorag berýär.
Bir gezek şeýle sowal beren okuwçynyň özünden soradym:
– Sen haýsyna ynanýarsyň?
Çaga näme jogap berjegini bilmän, ep–esli oýlanandan soň:
− Ikisine-de ynanýaryn. Hem ylma, hem-de dine – diýdi.
Bu jogaby eşidenleriň köpüsi gülmage başlady. Gülki ep–esli wagt dowam etdi. Men bu jogabyň hakykata yşarat edýändigini aýdanymda, okuwçylar haýran galdy.
− Hawa – diýdim. – Biziň dinimiz ylmy taýdan subut edilen ähli hakykaty kabul edýär. Bu nukdaýnazardan dinimiz ylym bilen hiç wagt çapraz gelmeýär. Akyla we ylma uýýan bolsa, bu onuň hak dindigini görkezýän subutnamadyr.
Leýla atly okuwçy rugsat sorap:
– Mugallym, biz indi maýmynlar maşgalasyndan dörändigimize ynanmalymy? – diýdi.
− Ýok, men beýle diýemok.
− Ýöne “Ylmy taýdan subut edilen maglumatlary dinimiz kabul edýär” diýdiňiz. Ylym bolsa maýmyndan dörändigimizi aýdýar.
− Dogry, Leýla, ylmy taýdan subut edilen ähli zady dinimiz kabul edýär. Ýöne maýmyndan dörändigimizi kabul etmeýär. Sebäbi, bu ylmy taýdan subut edilen hakykat däldir.
Pelsepeçi Mämmet düşündirýär:
− Mugallym, maýmynçylyk yzda galdy. Ne dinde ýeri bar, ne-de ylymda. Beýle bolýan bolsa, bu gürrüň nireden çykdy?
− Indi meni üns bilen diňleseňiz, Mämmediň “maýmynçylyk” diýýän şol meselesini çözeris. Size bolsa hakykaty düşündireýin:
“Ewolýusiýa teoriýasy ylmy sistemamy ýa-da ynanç sistemasymy? Şeýle ýagdaýda ewolýusiýa teoriýasy ynanç sistemasydyr. Sebäbi, ol delillere esaslanman, duýgulara, oýlanmalara daýanýar.” (Iňlis biology – ewolýusiýaçy MAT HEWS)
GADYMY ÝA-DA KÖNELEN TEORIÝA
Çagalar, bu pikir, ýagny, adamyň maýmyndan gelip çykandygy baradaky düşünje – teoriýadyr. Başgaça aýdanymyzda, “hyýaly oýlanma”. “Oýlanyp gör” diýip aýdýan zadymyz bar–a... Başgaça aýdanymyzda, “Bar diýip bilýäris” diýilýär. Ýagny, haýsy hem bolsa bir zady bar diýip hasap edýäris. Aslynda bar bolsa-da, bolmasa-da, aýdýan adam şol zady bar diýip kabul edýär. Meniň pikirim boýunça şeýledir diýýär; özüçe subutnamalar döredip, pikirini orta atýar. Bulara gipoteza ýa-da teoriýa diýilýär. Gipoteza – bir zady subut etmek üçin orta atylan pikirler we tewsirlemeler ýygyndysy diýmekdir.
Teoriýa, ylmy taýdan subut edilende, ylmy hakykat bolýar. Subut edilen teoriýa bolsa, mundan beýläk gipoteza däl-de, eýsem, ylym diýlip atlandyrylýar.
Ine, “ewolýusiýa teoriýasynyň” nygtaýan, adamyň maýmyndan dörändigi baradaky nazarýeti bolsa asyrlaryň dowamynda subut edilip bilnen däldir. Başgaça aýdanymyzda, könelen teoriýadyr, ol eýýäm üstünden köp wagt geçip köneldi, bu günlerde hiç kim bu teoriýa barada gürrüň etmeýär.
Synpyň ekabyry elini galdyrýar:
– Mugallym, köneldi diýýäňiz welin, “ewolýusiýa teoriýasy” enteklerem has köp çekeleşilýän nazarýet. Ders kitaplarynda, ensiklopediýalarda, neşirlerde ol hakda henizem ýazylýar.
– Hawa, hiç kim ol barada pikir etmese-de, neşir edilýär. Bu dogry. Ýöne, indi çüýrän teoriýa bolsa-da, näme üçin entek hem oňa üns berilýär? Bu sowal örän ähmiýetli. Sebäbi, sowalyň jogabyna düşünen wagtyňyz, ewolýusiýa teoriýasynyň üsti bilen nämeleriň amala aşyrylmak islenendigine düşünersiňiz.
Ewolýusiýa teoriýasy XIX asyrda Ýewropada sistema görnüşine eýe bolýar. Şol döwürde Ýewropada materializm hereketi doly güýjünde höküm sürüp başlapdy. Ybadathanalara we ruhany papalara garşy çykmaklyk üçin ýörite din duşmançylygy ýaýramaga başlapdy. Şol döwürde pajarlap ösen ylmy açyşlar, hristiýançylygyň gowşak ýerlerinden peýdalanyp, ynanç sütümini sarsdyrdy. Ynanjyň ýerini materializm, ýagny, jisimlere ynanmaklyk pikiri eýeleýärdi. Esasan-da, alymlara garşy çykýan we olaryň işini togtadýan ybadathanalara we ruhany – dindarlara garşy kine we ýigrenç artýardy. Ine, indi bir maý döredi. Olar hem aýdýan teoriýalary bilen hristiýançylygy sarsdyrmaga we onuň öňe sürýän iman sistemasyny ýykmaga synanyşýardylar. Şeýlelik-de, XIX asyr materialistler bilen din adamlarynyň arasyndaky garpyşyklara şaýat boldy. Bu ynanç söweşinde materialistler ellerine ilen ähli teoriýalary, hut hakykatyň özi ýaly goradylar. Entek subut edilmedik ewolýusiýa teoriýasynyň hem olara peýda getirendigi üçin, göýä ol subut edilen ylym ýaly, materialistler tarapyndan ençeme kitaplar ýazyldy. Häzirki wagtda aýdylşy ýaly “propaganda” edildi.
Aradan geçen bir asyrdan gowrak wagtyň içinde, hatda, entekler hem dowam edýän iman–inkär söweşinde ewolýusiýa teoriýasy güýçli ýarag hökmünde ulanylýar. Şu günlerde hem ýurdumyzda oňa Ýewropadan gözbaş alýan düşünje hökmünde garalýar. Bu teoriýanyň ýalňyşdygyny subut eden möhüm ylmy kitaplar we eserler bardyr. Ýöne beýleki tarapdan, teoriýany goldaýanlaryň has köp wagyz edýändikleri üçin, alymlaryň sesleri eşidilenok.
Ýöne bu tema bilen baglanyşykly bir zady unutmaly däl. Ewolýusiýa teoriýasyny goldaýanlaryň ählisi onuň ynanja garşydygyny bilmeýärler. Köp adamlar, ony ylmyň kabul edýändigi üçin, hiç hili öwrenmän ynanýarlar. Elbetde, dini maglumatlaryň azlygy sebäpli, şol teoriýa olaryň bihabarlygyndan peýdalanyp, olara täsir edýär. Şonuň üçin, ewolýusiýa teoriýasyna ýaýbaň hem-de subut edilen bilim hökmünde garalýar.
– Ýogsa-da, mugallym, bu teoriýanyň esasy pikirleri nämeden ybarat?
Pelsepeçi Mämmet näme üçin entek hem aramyza goşulmaýarka diýip, geň galyp otyrdym. Ahyrynda durup bilmän, o-da öz sowalyny orta atdy.
– Mugallym! – diýip, synpyň ekabyram söze goşuldy. – Mämmet hökmany suratda gürläp, pelsepeçidigini subut etmelimi? Siz düşündirip duran wagtyňyz, ünsümizi jemleýäris. Gürrüň gyzyşyp başlaýar welin, Mämmet bir ýerden çykyp, siziň şeýle-de düşündirjek bolýan temaňyzy soraýar. Ünsümizi bölýär. Has dogrusy, sabyrsyzlyk edýär. Sabyrsyzlyk pelsepeçileriň aýratynlygy bolaýmasyn?
– Ýok, tersine, pelsepeçiler sabyrly bolýarlar. Sebäbi, durup oýlanmagy başarýarlar. Mämmet ylmy söýýändigi üçin dessine öwrenmek isleýär. Şonuň üçin, onuň bilesigelijiligine dogry düşüniň.
Mämmet synpyň ekabyryna kineli seretmäge başlanda, sözümi şeýle dowam etdim:
– Ünsüňizi bölýän bolsa, Mämmet indi size päsgel bermezlik üçin, az sowaly azrak berer. Indikide ünslüräk bolar diýip pikir edýärin.
Şeýdip, aralaryny ýumşadanymdan soň temamyza dolanyp bardyk:
EWOLÝUSIÝA TEORIÝASY HAÝSY ŞERTLER ESASYNDA DÖREDI?
– Hawa, indi bu teoriýanyň dörän wagtyna we ony oýlap tapan adama gaýdyp geleliň!
Çagalar, bu teoriýa sistemasyny döreden, asly ýahudi (jöhit) bolan iňlis alymy Darwindir. Ol 1809–njy ýylda lukmanyň maşgalasynda eneden bolýar. Atasy hem lukmandyr. Özi hem atasynyň kesbini ýöretmek maksady bilen lukmançylyk ugruny saýlaýar. Ýöne sabyrsyzlygy we çydamsyzlygy sebäpli, belli bir ugurda saklanyp bilmeýär. Lukmançylygy taşlap, ylahyýete, ýagny, dini öwrenmeklige başlaýar. Ýöne bu ugur hem ony doly kanagatlandyrmaýar. Ondan hem aýrylyp, tebygat bilimleri bilen gyzyklanmaga başlaýar. Barlag gämisi bilen mugtuna bäş ýyl Günorta Amerika, Ýuwaş umman adalaryna we Awstraliýa gezelenç edýär. Giden ýerlerinde gadymy döwürlerden galan haýwanlaryň we ösümlikleriň galyndylaryny ýygnaýar. Darwin şol gezelenjinden 20 ýyl soňra mälim eden pikirlerini jemleýän bir kitap ýazýar. Üç ýyldan soň bolsa ýazan kitabyny çap etdirýär.
Darwin kitabynyň neşrini oňyn wagta deň getirýär. Sebäbi, şol wagtlar Ýewropada materializm möwç alýardy. Ezilen we ýykyljak bolup duran hristiýanlyga garşy hemmeler söweşýärdi. Ybadathanalara, Papa we ruhanylara garşy yglan edilen söweşde, ynanja garşy top atýardylar. Hatda käbir inkärçiler “Indi Taňry öldi” diýip gygyrýardylar.
Sebäbi, ylmy taýdan subut edilen hasaplanýan teoriýalar diniň we ynanjyň ýerini eýeländir öýdülýärdi. Ine, şonuň üçin Ýewropanyň XIX asyry adamlaryň akyla bil baglan hem-de Taňry ynanjyndan daşlaşan zamanasydyr.
Ine şol döwürde Darwin kitabyny neşir etdirdi. Kitabynyň ilkinji neşri bir günde satylyp gutardy. Şeýlelik bilen, inkärçiler ýene bir gezek ýeňiş gazandylar.
EWOLÝUSIÝON PROSESIŇ ESASY PIKIRI
– Indi nobat pelsepeçi Mämmediň sowalyna geldi: ewolýusiýa teoriýasy näme? Esasy pikirleri haýsylar?
Gysgaça aýdanymyzda, ewolýusiýa teoriýasynyň aýratynlygy aşakdakylardan ybarat:
Isle haýwan, isle ösümlik bolsun, ähli barlyklar bir-birinden döredi. Jandarlaryň ählisini ýeke-täk barlyga daýandyrmak mümkindir. Haýwanlar we ösümlikler, wagtyň geçmegi bilen, şekillerini we görnüşlerini üytgedip, häzirki ýagdaýlaryna geldiler.
Haýwanlar we ösümlikler ýaşamaklyk üçin öz aralarynda göreşýärler. Bu göreşde şertleri has amatly we güýji agdyk bolanlar beýlekilerden üstün çykyp ýaşamaga dowam edýärler, ejizleriň bolsa nesli tükenmäge mejbur bolýar. Ýaşamaga laýyk bolanlar köpelip, wagtyň geçmegi bilen üýtgeýärler. Şol üýtgeşmeler täze nesliň döremegine sebäp bolýar.
Millionlarça ýyllara uzap gidýän tebygat ewolýusiýasy, maksatsyz görnüşde, tötänden, kiçijik jandardan kämilleşendir.
Pelsepeçi Mämmet, gorka sowal berýär:
– Mugallym, ýene sözüňizi bölmeli bolýaryn. Biziň esasan üns berýän maýmynly meselämiz şol teoriýanyň içindemi? Ewolýusiýa diýlende, ilkinji bolup akylymyza gelýän zat, adamyň maýmyndan emele gelmegidir. Biz ony ewolýusiýanyň esasy ündeýän pikiri diýip hasaplaýardyk.
– Mämmet, maýmynly mesele ewolýusiýa teoriýasynyň bir önümidir. Ýokarda agzalan esaslaryň içinde ol hem bardyr. Biz hökman şol meseläniň üstünde durup geçeris. Ýöne meseläni düýp-teýkary bilen çözmeklik üçin öňürti şol maddalary ýeke-ýekeden öwrenip, bilim taýyndan düşünjek bolalyň.
JANSYZ JISIM NÄDIP JANLY ÝAGDAÝA GEÇDI?
Ilki birinji madda seredeliň: “Haýwanlaryň we ösümlikleriň ählisi bir kökden döräp bilýärmi?”
Ewolýusiýa teoriýasyna ynanýan adamlar bu sowala “hawa” diýip jogap berýär. Subutnamalary bolsa, dolulygyna takmyny çaklamalardan ybarat.
Olaryň subutnamasy hem-de aýdýan pikirleri nämelerden ybarat? Ewolýusiýaçylar şeýle delil getirýärler: häzirki wagtda görýän jandarlarymyz has az kämilleşen jandarlaryň neslinden gaýdýar. Has az kämilleşýän jandarlar bolsa ýeke öýjükli mikro-jandaryň kämilleşmeginiň netijesinde döreýär. Ýogsa-da, jandarlaryň iň kiçijik bölegi bolan öýjükler nähili döredi? Öýjükler bolsa, içindäki albumunsiý maddalaryň kämilleşmeginiň netijesinde döredi diýýärler.
Jansyz jisim duran ýerinden nädip janly barlyga öwrülýär? Öli we jansyz hasaplanýan barlyklaryň gurluşy hem ajaýypdyr. Jisim bilen, ýaşaýşa ukyply barlyklaryň arasynda nähili aýratynlyk bar? Hiç-hili täsirlenme bolmazdan, nähili ýol bilen jansyz jisim janly barlyga öwrülýär?
Bu sowala ewolýusiýaçylar “tötänlikden janlanýar” diýýärler. Ýagny, birdenkä, öz-özünden döreýär. Aslyna seretseňiz, öýjügiň gurluşy tötänlikde döräp bilmejek derejede çylşyrymly we deňi-taýsyz işleýiş ulgamyna eýedir. Atanlykdan ýa-da tötänlikden munuň ýaly kämil waka bolup bilmeýär. Şular ýaly manyly hem-de ajaýyp zat, aňsat hem bolsa, tötänlikden döräp bilmeýär. Aýratyn-da jandaryň ägirt uly gurluşy bolan öýjük hiç wagt tötänlikden döräp bilmez.
Serediň, Edwin Conkin atly alym bu barada näme diýýär: “Ýer ýüzünde ýaşaýş tötänlikden döredi diýilýän nazarýete ynanmak, çaphanada çap edilýän galyň sözlük çaphanada dörän näsazlyk esasynda, tötänlikden döredi diýen düşümjä uýmak ýaly bolgusyzlykdyr.”
Jisim nähili döräpdir? Bu sowalyň jogabyny nätanyş daşary ýurt alymy bersin diýseňiz, onda, Max Planck (Maks Planş) şeýle diýýär:
“Jisim bir güýç–kuwwatyň we gudratyň esasynda döredi. Jisimiň içinde kiçijik Gün ulgamy bardyr. Atom we elektron diýilýän şol ulgam, jisimi dargamakdan goraýar. Älem giňişliginde munuň ýaly güýç-kuwwatyň we gudratyň ýoklugyna görä, älemi saklaýan, dargamakdan goraýan akyldar we gudratly bir ýaradanyň bolmagy hökmanydyr. Ine, jisimiň gözbaşy şol güýçdür. Şol güýjüň ady bolsa Alladyr”.
Adolf Gitler aşa milletparazlyk nazarýetini ewolýusiýa bilen esaslandyrýar. Ol “Meniň Göreşim” atly kitabyny darwinçiligiň esaslaryndan biri bolan “ýaşaýyş ugrundaky söweşinden” täsirlenip ýazypdyr.
ÄLEMDE TÖTÄNLIGE ÝER ÝOK
Biziň ynanjymyza görä, ösümlikler we haýwanlar tötänlikden döräp, ýeke öýjükli jandarlardan kämilleşen däldirler. Ählisi ýeke–ýekeden Allatagala tarapyndan ýaradylandyrlar. Ösümlikler we haýwanlar Allahyň gudratynyň, ylmynyň we sungatynyň beýikligini görkezip, ählisi adamzat bähbidi üçin ýaradylypdyr. Allah tagala janly–jansyz ähli barlyklary, belli bir sebäp, maksat we netije bilen ýaradypdyr.
Ewolýusiýaçylaryň pikirine görä, jandarlar tötänlikden dörändir, belli bir maksady we netijesi ýokdur. Adam bolsa näbelli şertlerde dörändir.
Ol ilki bilen sada oňurgaly jandarlardan emele gelipdir, soňra maýmyna öwrülipdir, maýmyndan bolsa adama öwrülipdir.
Aslynda, ähli ösümliklerde, haýwanlarda we adamlarda taýsyz düzgün–nyzam we sazlaşyk bar, olar tötänlikden döreýän zatlar däldir. Tötänligiň mümkin däldigini görkezýän derejede, şol gözellikler gaýtalanyp durýar. Gözel we manyly bir zadyň ýüzlerçe, müňlerçe, millionlarça gezek şol bir görnüşde gaýtalanmagy atanlykdan we tötänlikden bolup bilmeýär.
Diýmek, ewolýusiýaçylaryň birinji aýdýan nazarýeti esassyz toslamadyr. Aýdýan birinji nazarýetleri nämedi? Synpyň ekabyry aýtsyn hany...
– Mugallym, ewolýusiýaçylaryň pikirine görä, ähli jandarlar ýeke-täk barlykdan emele gelipdir, ol bolsa ýeke–täk jansyz barlykdan, ýagny, jisimden döräpdir. Ähli jandarlar wagtyň geçmegi bilen kämilleşip, şu günki ýagdaýyna gelipdirler.
– Berekella, birinji nazarýet şunuň ýalydy. Indi onuň kabul edilmeýändiniň sebäbine düşündiňizmi?
– Hawa, mugallym, düşündik. Sebäbi, jansyz jisim nädip janly barlyga öwrülsin? Muny ewolýusionerler gülkünç toslama görnüşinde düşündirýärler. Hiç zat tötänlikden, ýagny, birdenkä, ýok ýerden döremeýär. Şunuň ýaly ajaýyp we taýsyz nyzamly ulgam, öz-özünden emele gelip bilmeýär ýa-da tötänlikden bolup bilmeýär. Has sada işler we eserler hem tötänlikden döräp bilmeýän halyna, jansyz zat janly ýagdaýa neneň öwrülsin?!
Darwiniň nazarýetiniň moda bolan döwri, bir adam şol teoriýany ballandyryp düşündirýän eken. Onuň mysal getirýän ähli nazarýetlerini üns bilen diňläp duran pelsepeçi alym, oňa Şinasiniň şu rubagysy bilen jogap beripdir:
Seniň bu hereketiňe neneň iman etmäýin,
Seniň şeýle numune–i burhan wagtyň.
Ýagny, “Seniň ýaly ajaýyp nusga bar wagty, adamlaryň maýmyndan döränine ynanmak mümkin däl ahyry” diýipdir.
Ine, dünýäniň iň meşhur jurnallarynyň biri bolan DISCOVERYDE “Darwin kazyýetde” ady bilen özüniň ilkinji sahypasynda Darwiniň ylmy nazarýetleriniň kazyýetde derňelýän wagtyny şekillendirýär. Darwiniň aramyzdaky muşdaklary duş gelen her pursaty bähbit bilip, şol nazarýeti täze ýaş nesillere kabul etdirmäge synanyşýarlar.
– Hawa, Leýla, bu sözleriň üstüne sen näme goşup biljek?
– Mugallym, jansyz jisimde, ýagny, akylsyz, duýgusyz, hereketsiz, kör we ker zatlarda üýgeşmeleriň bolup geçmegi üçin hökmany suratda daşyndan bir güýjüň ýa-da täsiriň bolmagy zerurdyr.
Başgaça aýdanymyzda, daşyndan hiç hili täsirlenme bolmasa, jisimde üýtgeşmeler döremeýär. Bu nukdaýnazardan, haýsy hem bolsa bir zadyň tötänden döremegi baradaky nazarýet ylmy taýdan subut edilen däldir. Mundan başga-da, şeýle ajaýyp, owadan we gymmatly bolan, adam eli bilen ýasap bolmaýan janly barlyklaryň tötänlikden, öz-özünden döräp bilýändigini aýtmak toslamalaryň toslamasy bolýar.
– Hawa, jansyz zat tötänden janly bolup bilmeýär. Bu düşnükli. Ýogsa-da, janly barlyk wagtyň geçmegi bilen öz-özünden kämilleşip, täze we düýpgöter başga jandara öwrülip bilermi?
– Mümkin däl, mugallym. Sebäbi, kämilleşmekilige kim perman berýär? Jandaryň özi munuň ýaly perman berip bilmeýär. Eger özleri perman berip bilýän bolsa, ýekeje-de ýönekeý jandar galmaz, hemmesi perman berip, özlerini kämilleşdirip, ýokary, kämil barlyk derejesine ýetirerdiler. Başga bir jandaryň perman bermegi-de mümkin däl. Sebäbi, kämilleşmek buýrugyny berýäniň, ony ýerine ýetirip biljek derejede güýçli bolmagy zerur. Onuň ýaly güýç kuwwatly-kim bar?
Janly barlygyň hem özi, hem-de ene-atasy onuň ýaly gudratdan mahrumdyrlar. Ýogsa-da, bu işleriň ählisini tebygat gurnaýarmy? Onuň hem näderejede ejiz, güýçsüz we akylsyzdygyny hem-de şol nukdaýnazardan ýaradyjylyk ukybynyň ýokdugyny has öňki derslerimizde aýdypdyk...
Ewolýusiýon prosesleriň we buýruklaryň tötänlikden ýerine ýetirilip bilinmejegine görä, ewolýusionerleriň nazarýetiniň çüýrükdigi we esassyzdygy mese-mälimdir.
ÝAŞAÝYŞ – GÖREŞMEK DIÝMEKMI?
– Indi bolsa, ewolýusionerleriň ikinji nazarýetine seredeliň. Ol nämedi, kim aýdyp biljek? külçe
– Haýwanlar we ösümlikler ýaşaýyş üçin dyngysyz söweşýär we göreşýändirler. Ýaşaýyş üçin alnyp barylýan bu göreşde güýçli ýeňýär we döwran sürýär; ejizler bolsa, Ýer ýüzünden ýok bolup gidýärler.
– Berekella, Ýakup... Gysgaça görnüşde, dogry tewsirlediň. Ýogsa-da, bu nazarýete nähili jogap berersiňiz? Şoňa-da jogap berip biljekmi?
– Mugallym, azajyk piriklenmäge wagt berseňiz, aýdaýyn...
– Elbetde, Ýakup! Sen birsalym oýlan... Belki, araňyzda sesli pikirlenip bilýän bardyr... Bar bolsa, ilki şolary diňläp bileris.
– Hawa, indi el galdyrýanlara nobatma-nobat söz bereliň:
– Mugallym, eger dünýädäki ähli barlyklar ýaşaýyş üçin göreşýär diýip hasaplasak, onda dünýädäki kämilleşmeler, ýagşylyklar, birek-biregi goldamak hereketleri manysyz bolup galýar. Sebäbi, dünýädäki ähli jandar başdan-aýak göreşýän bolsa, dünýämiz söweş meýdanyna öwrülerdi. Beýle bolsa, hiç hili ajaýyp we ýagşy işler ýüze çykmazdy. Ýöne şolar ýaly işleriň bardygy görünýär, görýäris. Şonuň üçin hem, ähli barlyklaryň bir-birinden üstün gelmek üçin bäsleşýängi baradaky nazarýeti esassyz diýip hasap edýärin.
– Tüweleme, Äşe... Sen bu temany öň bir ýerden öwrenen bolmaly... Sebäbi, aýdýanlaryňy derrew pikirlenip aýtmak mümkin däl.
– Hawa, mugallym, arada biz bu tema barada doganlarym bilen pikir alşypdyk...
– Beýle bolsa, saňa bu temany öýe ýumuş berýärin. Tebygatdaky duş gelýän, birek-birege ýardam hem-de goldaw bermek bilen baglanyşykly tymsallary agtaryp, depderiňe gysgaça ýaz. Indiki sapakda onu synpdaş ýoldaşlaryňa düşündirersiň.
Hawa, indi bolsa Aýlar düşündirsin.
– Mugallym, eger ýaşaýyş güýçlüleriň üstün gelýän göreşinden ybarat bolýan bolsa, ene-atalarymyz bizi näme üçin ekläp-saklap, ulaldýarlar? Hatda, öz janlaryndan hem artyk görüp, bizi näme üçin ýetişdirýärler?
Haýwanlar hem edil şonuň ýaly. Olaryň eneleri-de çagalaryna hem ähmiýet, hem-de üns berýärler. Arada telewizorda bir ýolbars bilen çagasy barada film görkezdiler. Ýolbars iň ýyrtyjy we wagşy haýwan bolmagyna garamazdan, awlan awyny, ilkinji nobatda hinindäki aç çagasyna getirip iýdirdi.
– Oňat tymsal... Siz hem Aýlar ýaly, telewizorda görkezilýän tebygat bilen baglanyşykly filmlere üns bilen serediň. Elbetde, telewizorda görkezilýän ähli tele gepleşiklere tomaşa ediň diýemok. Peýdalysyny saýlap, şolara üns bilen tomaşa etmeli diýýärin.
Indiki sapaga çenli hemmäňiz bu temany öwreniň. Şeýdip, ewolýusiýaçylaryň ikinji nazarýetini hem ylmy taýdan öwreneris.
*****
Bilim,
Гость
tarapyndan
25-02-2023, 10:08