Mähirli, Rehimli Allanyñ ady bilen!
يَـٰٓأَيُّهَا ٱلَّذِينَ ءَامَنُوا۟ ٱتَّقُوا۟ ٱللَّهَ وَقُولُوا۟ قَوْلًا سَدِيدًا [٣٣:٧٠]
يُصْلِحْ لَكُمْ أَعْمَـٰلَكُمْ وَيَغْفِرْ لَكُمْ ذُنُوبَكُمْ ۗ وَمَن يُطِعِ ٱللَّهَ وَرَسُولَهُۥ فَقَدْ فَازَ فَوْزًا عَظِيمًا [٣٣:٧١]
"Eý iman edenler! Alladan gorkuň we dogry söz aýdyň. Şonda Ol siziň amallaryñyzy düzeder we günäleriňizi bagyşlar. Kim Alla we Onuñ Resulyna boýun bolýan bolsa, eýýäm beýik üstünlik gazandy." (Süre 33, 70 - 71 aỳat)
Bilimiñ ajaýyp sypatlary hakda.
Bilimiñ beýikligini we mertebesini görkezmek üçin, Gudratygüçli Alla bilimi dileg etmekligi Pygamberine ﷺ emir edýär: " رَّبِّ زِدْنِى عِلْمًا " - "Rebbim, meñ bilimimiñ üstüne goş (öñki derejesinden ýokarlandyr)" diýýän bir aýaty delil getirmek ýeterlikdir ("Ta Ha" süresi, 114 aýat).
Hafiz Ibn Hajar aýtdy: "Bu aýat bilimiñ mertebesini görkezýär, çünki Alla Pygamberine ﷺ bilimden başga zat goşmagy talap etmedi! Bärde "bilim" sözi şerigat bilimini añladýar". "Fathul-Bari" 1/141 serediñ.
Ymam az-Zuhri aýtdy: "Allanyñ dinine düşünmekden gowy ybadat ýokdyr". "Tuhfatu Talibil ilm" 24 serediñ.
Sözlerden we amallardan öñ bilim.
Gudratygücli Allatagala aýtdy:
"فَٱعْلَمْ أَنَّهُۥ لَآ إِلَـٰهَ إِلَّا ٱللَّهُ وَٱسْتَغْفِرْ لِذَنۢبِكَ"
"Alladan başga ybadat etmäge mynasyp hudaýyñ ýokdugyny biliñ we günäleriñiziñ bagyşlanmagyny dileg ediñ". (Süre 47, aýat 19)
Ymam al-Buhari "Sahyh" kitabynyñ bir bölüminiñ adyny: "Sözlerden we amallardan öñ bilim!" - diýip, bu aýaty delil hökmünde getirip, aýtdy: "Alla bilim bilen başlady!", Sahyh al-Buhari 1/211 serediñ. Ibn al-Munyr al-Buharyñ sözleri hakda: "Bilim sözleriñ we amallaryñ dogry bolmagy üçin şertdir" - diýdi. Fathul-Bari 1/211 serediñ.
Aly ibn Ebu Talyb (Alla ondan razy bolsun!) aýtdy: "Bilimiñ ýok ybadatynda hiç hili peýda ýok we dogry düşünje bolmadyk bilimde peýda ýok". Abu Haýtam "Kitabul-ilm" 144, al-Ajurry "Ahlyakul-'ulama" 45. Isnad hakyky.
Diñe iki görkezme bar - bilim we nebis (hyjuw), üçünjisi ýok!
Allatagala aýtdy:
" وَمَنْ أَضَلُّ مِمَّنِ ٱتَّبَعَ هَوَىٰهُ بِغَيْرِ هُدًى مِّنَ ٱللَّ "
"Alla tarapyndan gelen dogry görkezmesinden tutmaýan, öz höwesine (nebsine) eýeren kişiden beter azaşan kim bolup biler?" (Süre 28, aýat 50)
Gudratygüýçli Allatagala hem aýtdy:
" وَإِنَّ كَثِيرًا لَّيُضِلُّونَ بِأَهْوَآئِهِم بِغَيْرِ عِلْمٍ "
"Hakykatdan, ençemeler öz hyjuwlary esasynda azaşdyrýandyrlar, bilimsizligi bilen". (Süre 6, aýat 119)
Şeýhul-Yslam Ibn Teýmiýe aýtdy: "Bilime eýermeýän kişi, hyjuwyñ yzy bilen ýöräp barýandyr". "Al-Amru bil-ma'ruf" 37 serediñ.
Ibn Kaýym aýtdy: "Alla amallary iki görnüşe böldi, üçünjisi ýok. Alladan we Resulyndan ﷺ gelen zatlara eýermek, ýa-da nebsiñ yzyndan gitmek. Allanyñ Resuly bilen gelmedik zat nebisdir". "Y'lamul-muakin" 1/81 serediñ.
Ebu Umamadan aýdylýar, Allanyñ Resuly ﷺ şeýle diýdi: "Üç zat heläkçilikdir: gysgançlyga boýun bolmak, hyjuwa (nebise) eýermek we adamyñ öz-özüne haýran galmaklygy". At-Tabarani 54/52, al-Kada'i 325. Şeýh al-Albani bu hadysy gowy diýip atlandyrdy.
Abul-Alýa: "Adamlaryñ arasynda duşmançylyk we ýigrenç döredýän hyjuwlardan ägä boluñ!". Al-Ajurri "Ash-Shari'a" 61. Gynansagam, häzirki döwürde Kuran we Sünnet däl-de, hyjuwa we duýgulara esaslanýan musulmanlar köp! Musulman din hakda bilmän hiç zat aýtmaly däldir ýa-da bu hakda zerur zatlary bilýänçä bir zat etmeli däldir, sebäbi bilmän etmek özüne-de, beýlekilere hem uly zyýan ýetirip biler. Hakykatdanam, bilimsiz hereket edýän adam, garañkylykda gezip ýören adama meñzeýär. Umar ibn AbdulAziz aýtdy: "Alla bilimsiz ybadat edýän, ýagşylykdan zyýany köp". Ahmet "az-Zuhd" 365. Isnad hakyky.
Allanyň Resuly (sallallahu aleýhi wesellem) aýtdy: "Kyýamat sagadynyň alamatlaryndan biri bilimiň kiçiden alynmagydyr." Ibn al-Mubarek 61, Tabarani 908. Hadysyň hakykylygyny Hafiz Abdul-Gani al-Makdisi we Şeýh al-Albani tassyklady. "As-Silsilya as-sahiha" 695 serediň.
Allanyň Resuly (sallallahu aleýhi wesellem) aýtdy: "Hakykatdanam, men ymmatym üçin gorkýan zadym, azaşdyrýan ymamlardyr!" Abu Dawud, at-Tirmizi, Ibn Majah, Ibn Hibban, al-Hakim. Hadysyň hakykylygyny Ymam Ebu Isa at-Tirmizi, Ibn Hibban, al-Hakim, Hafiz Ibn Kasir we Şeýh al-Albani tassyklady. Şeýle hem Sahihul-Jami' 2316 serediň.
Ibn Mes'ud (Alla ondan razy bolsun!) aýtdy: "Hiç biriňiz öz diniňizde hiç kimi köre-körlük bilen görelde almasyn, sebäbi bu ýagdaýda ol ynanýan bolsa, siz hem ynanarsyňyz, eger imansyzlyk etse, siz hem edersiñiz! Eger muny etmeli bolsaňyz, eýýäm ölenlere öýküniň, çünki diri adamlar pitneden goranmaýar!" Al-Zuhd 140-da, Abu Dawud, "al-Hilýa" - da Abu Nuaým 1/136. Isnad hakyky.
Ymam Aş-Şatibi: "Adamlaryň meseleleri, alym hasaplaýan nadanlar (arabça - "jähil" ) bilen baglanyşykly" - diýdi. "Al-I'tisam" 1/145 serediň.
Ymam Ibn Batta aýtdy: “Hakykatdanam, adamlaryň nähili üýtgändigini, hyjuwyň olara nädip eýe bolandygyny, sünneti nädip ýoýandyklaryny, dini çalşandyklaryny we bu olaryñ bölünmegine sebäp bolandygyny görýärin. Olar ýüreklerine körlük gapylaryny açdylar, Allanyň kitabyny arkalaryna taşladylar, amallarynda nadanlary hojaýyn hökmünde saýladylar we bularyň hemmesi olaryñ Rebbinden bilim gelenden soň! Öz aýdýan zadlary barada jedel edýärler, öz pikirleri esasynda şaýatlygy ret edýärler, töhmetlere esaslanýarlar, Kuran-da gönüden-göni görkezilmeýän delillere we (alymlaryñ arasynda) bir pikire gelinmedik zatlary düşünmeýänleri köre-körlik bilen görelde alýar!". "Aş-Şarhul ibana" 1/29 serediň.
Allatagala aýtdy:
وَإِذَا قِيلَ لَهُمُ ٱتَّبِعُوا۟ مَآ أَنزَلَ ٱللَّهُ قَالُوا۟ بَلْ نَتَّبِعُ مَا وَجَدْنَا عَلَيْهِ ءَابَآءَنَآ ۚ
Haçanda olara: “Allanyň iberen zatlaryna eýeriň!” diýilende, olar aýdýar: “Ýok! Biz ata-babalarymyzyñ ýolundan gideris". (Süre 31, aýat 21)
وَإِذَا قِيلَ لَهُمُ ٱتَّبِعُوا۟ مَآ أَنزَلَ ٱللَّهُ قَالُوا۟ بَلْ نَتَّبِعُ مَآ أَلْفَيْنَا عَلَيْهِ ءَابَآءَنَآ ۗ أَوَلَوْ كَانَ ءَابَآؤُهُمْ لَا يَعْقِلُونَ شَيْـًٔا وَلَا يَهْتَدُونَ [٢:١٧٠]
Haçanda olara: "Allanyň iberen zatlaryna eýeriň!” diýilende, olar: "Ýok! Biz ata-babalarymyzyñ edenlerini ýerine ýetireris" - diýdip jogap berýärler. Eger-de ata-babalary hiç zady bilmeýän we dogry ýoldan ýöremeýän bolsalar? (Süre 2, aýat 170)
وَإِذَا قِيلَ لَهُمْ تَعَالَوْا۟ إِلَىٰ مَآ أَنزَلَ ٱللَّهُ وَإِلَى ٱلرَّسُولِ قَالُوا۟ حَسْبُنَا مَا وَجَدْنَا عَلَيْهِ ءَابَآءَنَآ ۚ أَوَلَوْ كَانَ ءَابَآؤُهُمْ لَا يَعْلَمُونَ شَيْـًٔا وَلَا يَهْتَدُونَ [٥:١٠٤]
Haçanda olara: "Geliñ Allanyň iberen zatlaryna eýeriñ hem-de onuñ Resulyna" - diýlende, olar: "Bize ata-babalarymyzdan görenimizi ýeterlik" - diýýärler. Eýsem ata-babalary hiç zady bilmeýän we dogry ýoldan ýöremeýän hem bolsalar? (Süre 5, aýat 104)
بَلْ قَالُوٓا۟ إِنَّا وَجَدْنَآ ءَابَآءَنَا عَلَىٰٓ أُمَّةٍ وَإِنَّا عَلَىٰٓ ءَاثَـٰرِهِم مُّهْتَدُونَ [٤٣:٢٢]
Ýok! Olar: "Hakykatdanam, ata-babalarymyzy bu ýolda tapdyk we wepalylyk bilen olaryň yzyndan gidýäris" - diýdiler. (Süre 43, aýat 22)
قَالُوا۟ بَلْ وَجَدْنَآ ءَابَآءَنَا كَذَٰلِكَ يَفْعَلُونَ [٢٦:٧٤]
Olar: "Biz ata-babalarymyzyñ muny edýändigini gördük" - diýdiler. (Süre 26, aýat 74)
Allatagala aýtdy:
﴿فَرِحُوا بِمَا عِنْدَهُمْ مِنْ الْعِلْمِ﴾
"...olar özlerinde bar bolan bilimlerine begendiler...". (Süre 40, aýat 83)
Allatagala aýtdy:
﴿وَجَادَلُوا بِالْبَاطِلِ لِيُدْحِضُوا بِهِ الْحَقَّ فَأَخَذْتُهُمْ﴾
"Olar hakykaty inkär etmek üçin ýalanyñ üsti bilen jedel etdiler..." (Süre 40, aýat 5)
Allatagala aýtdy:
وَلَقَدْ يَسَّرْنَا ٱلْقُرْءَانَ لِلذِّكْرِ فَهَلْ مِن مُّدَّكِرٍ [٥٤:١٧]
"Kurany ýatda saklamagy aňsatlaşdyrdyk, ýöne ýatlaýan barmy?" (Süre 54, aýat 17)
Hafiz Ibn Kasir: "Allatagala Kurany aýtmagy aňsatlaşdyrdy we bilesi gelýänler üçin düşünmegini aňsatlaşdyrdy" - diýdi. "Tafsir Ibn Kasir" 4/264 serediň.
وَتِلْكَ ٱلْأَمْثَـٰلُ نَضْرِبُهَا لِلنَّاسِ ۖ وَمَا يَعْقِلُهَآ إِلَّا ٱلْعَـٰلِمُونَ [٢٩:٤٣]
Allatagala aýtdy: "Adamlara şeýle mysallar getirýäris, ýöne diňe akyly bar adamlar düşünýär". (Süre 29, aýat 43)
Ibn Kaýýym meşhur goşgysynda şeýle ajaýyp sözleri aýdypdyr: “Bilimsizlik ölüm howply keseldir, bejergisi Kuranda we Sünnetde bar we lukmany akylly alymdyr!". "Şarh usulu salas" 18 serediñ.
Bilim hakynda
Bilim,
Atahan
tarapyndan
26-02-2023, 12:48