Ine, şeýle, lagşan köne degirmende adaty bolmadyk bu tutluşyk barada
gürrüň berip, jenap Darbi maňa sowal bilen ýüzlendi:
— Siz bu barada näme diýersiňiz? Daýymy mugyra getirmek üçin bu
çaga nähili adaty bolmadyk güýji ulandyka?Bu sowala jogaby şu kitapdan tapmak bolar. Bu jogap doly hem-de
gutarnykly. Gyzjagaza ýeňiş getiren güýji ulanmak üçin zerur bolan
anyklyklaryň we gönükdirmeleriň ählisini bu jogap öz içine alýar.
Ünsli boluň, şonda siz adaty bolmadyk ol güýji görersiňiz. Siz onuň käbir
ýylpyldylaryna indiki bölümde duşarsyňyz. Okaýan wagtyňyzda kabul
edijiligiňizi güýçlendirjek we öz maksatlaryňyz üçin ulanyp bileriňiz ýaly, şol
ýeňilmezek güýji ygtyýaryňyza berjek pikirlere gabat gelersiňiz. Bu güýjüň
duýulmagy size bir ideýa görnüşinde-de gelip biler. Ýa-da anyk meýilnama
görnüşinde, ýa bolmasa maksadyň keşbinde. Ol sizi geçmişiňizde sezewar
bolan ýeňlişiňiz sebäpli, toplan tejribäňize-de dolap biler, şeýle bolsa, siz
ähli ýitgileriňiziň öwezini doljak sapagy özleşdirip bilersiňiz.
Kiçijik garaýagyz gyzjagazyň, özi aňlamazdan, nähili güýji ulananlygyny
düşündirenimden soň, jenap Darbi ätiýaçlyk şertnamalary boýunça dellallyk
işiniň otuz ýylynda toplan tejribesine göz aýlap, öz üstünliginde belli bir
derejede şol gyzjagazdan alan sapagyna borçludygyny aç-açan boýun aldy.
Jenap Darbi şeýle diýdi:
— Her gezek müşderi şertnama baglaşman, sypjak bolanda, men köne
degirmendäki gyzjagazy ýatladym, onuň özüne çekiji garaýşyny görüp, öz-
özüme şeýle diýdim: „Men ony göwnederin“. Şertnamalarymyň agramly
hem-de iň gowy bölegini maňa „ýok“ diýenlerinde baglaşdym.
Şeýle-de ol altyndan üç fut aralykda saklanyp, goýberen ýalňyşlygyny
ýatlady.
— Hakykatda, bu keşbini üýtgedip gelen bähbit bolupdy. Bu ýagdaý
maňa näçe kyn bolsa-da, ruhdan düşmezligi öwretdi. Üstünlige ýetmek üçin
şeýle sapak meniň üçin zerurdy — diýip ol aýtdy.
Jenap Darbi hem-de onuň agasy hakyndaky, kiçijek garaýagyz gyzjagaz hem-de
altyn akymy bilen bagly bu wakalary ätiýaçlyk şertnamalary bilen iş salyşmak arkaly
gazanç edýän adamlaryň ýüzlerçesi okar. Awtor olaryň ählisine jenap Darbiniň bu
tejribeden alan hem-de oňa her ýylda million dollarlykdanam köp ätiýaçlyk
şertnamalaryny baglaşmaga kömek eden zadyny ýetirmek isleýär.
Jenap Darbi bilen bolup geçen bu wakalar adaty bir sadaja zatlar, ýöne
olarda durmuşyň berýän köp sowallaryna jogaplar bar. Şol sebäpli-de bular
onuň üçin durmuşyň özi ýaly wajypdyr. Bu iki ýagdaý oňa ägirt uly peýda
getirdi, sebäbi bulary seljermek arkaly, ol bu ýagdaýlarda jemlenen zerur
sapaklary özleşdirmegi başardy. Ýöne üstünlige alyp barýan bilimleriň gözleginde öz uçran şowsuzlyklaryny seljermäge wagtam, höwesem tapyp
bilmeýän adama näme diýjek? Ol ýeňlişleri üstünlige alyp barýan daýanç
nokadyna öwürmek sungatyna nirede we nädip akyl ýetirsin? Bu kitap hut
şu sowallara jogap bermek üçin hem ýazyldy.

File engine/modules/thanks.php not found.

Bilim, Smile tarapyndan 24-03-2023, 08:20

© Islenen.ru - Düzgünler