Dünýä ylmynyň ösüşine saldamly goşantlar goşan, Merkezi Aziýada ýaşap geçen alymlaryň biri-de Muhammet al-Horezmidir. Ol Gündogaryň iň ajaýyp, iň beýik alymlarynyň biri saýylmak bilen, takyk ylymlarynyň – matematikanyň, astronomiýanyň kemala gelmegine, ösmegine ägirt uly goşant goşdy.
Muhammet al-Horezmi algebra ylmynyň «atasy» hasap edilip, onuň ady Ýewropadaky häzirki zaman matematika ylmynyň kemala gelmegi bilen gös-göni baglanyşyklydyr. Onuň arifmetika degişli işleri matematikanyň taryhynda möhüm orun aldy. Al-Horezmi «Hindi hasaby hakda kitap» atly işinde, ilki bilen, hindileriň dokuz san belgisi arkaly islendik sany ýazmak bolýandygyny görkezmek isleýändigini beýan edýär. Ol bu usulyň esasynda sanlary köpeltmek, bölmek, goşmak we aýyrmak amallaryny ýerine ýetirmegiň aňsatdygyny belläp geçýär. Onuň bu işinde ilkinji gezek hindilerde ýüze çykan, ýöne uzak wagtlaryň dowamynda Hindistanyň çäklerinden çykmadyk nol sany ilkinji bolup al-Horezminiň meseleler çözmekde peýdalanmagy, hindi san belgilerini günbatarly alymlara elýeterli etdi. Al-Horezmi tarapyndan ulanyşa girizilen nol sany 250 ýyl soň Ýewropada ulanyp başladylar. Onuñ bu işi, taýýarlan gollanmasy arkaly arap döwletlerine, soňra bolsa Ýewropa ýurtlaryna ýaýraýar. Hasaplaýyş ulgamlarynyň artykmaçlyklaryny görkezmek, düşnükli we sada dilde beýan etmek hem beýik matematik al-Horezminiň paýyna düşýär. Gündelik durmuşda arifmetikadan peýdalanmagyň, ylmy barlaglary geçirmegiň ýollaryny ilkinji bolup görkezen we arifmetikany ulgamlaýyn görnüşde ösdüren beýik matematik al-Horezmidir.
Öz döwrüniň beýik matematigi bolan al-Horezmi diňe bir Gündogaryň ylym dünýäsine däl, eýsem Günbataryň ylym dünýäsine-de uly täsir edipdir. Günbatar matematikleri al-Horezimiň uzak ýyllaryň dowamynda çeken zähmetiniň netijesi bolan bu işini matematika ylmynyñ düýp eser hökmünde kabul edipdirler. Gündogaryñ we günbataryñ bilim dünýäsinde ilkinji kämil algebra kitaby hökmünde abraý gazanan bu iş ýewropaly alymlaryň täze ylmy işlerine gönezlik bolupdyr.
Ol häzirki ýokary algebranyň ýüze çykmagyna hem oňaýly täsirini ýetiripdir. Matematikanyň taryhyny öwrenýän alymlar beýik alym al-Horezimniň «Algebradan we almukabalydan hasaplamak boýunça gysgaça kitap» atly işiniň Ýewropada ilkinji öwrenilip başlanandygyny, şol döwrüň alymlarynyň ýankitabyna öwrülendigini tassyklaýarlar.
Häzirki döwürde Al-Horezminiň şu işleri ýazandygy anyklanyldy:
1. Hindi hasaby hakynda kitap;
2. Algebraik hasaplama hem garşydurma hakda gysgaça kitap;
3. Astronomik tablisa;
4. Ýeriň suraty hakynda kitap;
5. Astrolýabyň gurlyşy barada kitap;
6. Astrolýabyň kömegi bilen amallar barada kitap;
7. Gün sagady barada kitap;
8. Taryh kitaby.
Beýik alymyň ýaşan wagtyndan bäri, on iki asyrdan gowrak wagt geçen hem bolsa, dünýä jemgyýetçiligi onuň galdyryp giden ylmy mirasyna goýýan sarpasy hem-de ony öwrenmeklige bolan islegi ýokarlygyna galýar.
Gadymy Gresiýada ylymlary öwrenmeklik üçin ýörite mekdepler
döredilipdir. Şol mekdepleriň biri-de Pifagoryň (b.e. öň 570-500 ýý.) mekdebidir.
Gadymy grek alymlary diňe bir geometriýa bilen gyzyklanman eýsem sanlar
nazaryýeti boýunça hem düýpli üstünlikler gazanýarlar. Bu ugurdan belli filosof
we matematik Pifagoryň we onuň okuwçylarynyň işleri has meşhurdyr. Pifagor we
onuň okuwçylary sanlar nazarýetinde uly ylmy netijeleri gazanypdyrlar.
Pifagor özüniň meşhur teoremasyny (orta mekdepde öwrenilýän”Pifagoryň
teoremasy”) subut edeninden soň 100 sany öküzi Hudaýa sadaka beripdir diýen
rowaýat bar. Diogen we Plutarh tarapyndan aýdylýan bu rowaýatyň toslama
bolmagy mümkin. Sebäbi belli bolşy ýaly Pifagor et iýmeýän, diňe ösümlik we
süýt önümlerini iýip oňýan (wegetarians) we haýwanlaryň öldürilmegine we
ganynyň dökülmegine garşy adam bolupdyr. Biziň üçin Pifagor matematik bolsada gadymyýetde öz döwürdeşleri ony matematik däl-de, ilki bilen hudaý tarapyn
akyl berlen dini adam (pygamber) hasaplapdyrlar.
Pifagor Hikmonan Samos adasynda eneden dogulýar. Alymyň durmuşy
barada örän köp rowaýatlar bar. Olaryň hakykata golaýlygyny anyklamak
kyn. Käbir maglumatlara görä Pifagor biziň eramyzdan öň 580-nji ýyllaryň
töwereginde doglup 500-nji ýyllarda aradan çykýar. Pifagor ýaşlyk ýyllarynda ylymlary öwrenmek üçin Müsüre köp sýýahat edýär. Ol Wawilonda 12 ýyl
ýaşamak bilen ýerli alymlardan astronomiýany öwrenipdir.
Biziň eýýamymyzdan öň 530-nji ýyllarda Müsürden gaýdyp gelenden
soňra ene topragynda Pifagor öz mekdebini döredýär.
Pifagor Hikmonan we onuň okuwçylary sanlar nazaryỳetinda uly ylmy
netijeler gazanýarlar. Pifagor we onuň okuwçylary sanlara nokatlar görnüşinde
garap, bu nokatlary geometrik figuralar görnüşinde ýazýarlar. Sanlaryň
häsiýetlerine garap figuraly sanlar, kwadrat, üçburçlyk, bäşburçlyk, piramidal,
dost we şulara meňzeş sanlar düşünjesini girizipdirler.
Pifagor sanlara uýupdyr, ýagny “Sanlar tebigat güýjüne eýedirler- sanlar
dünýäni- jahany edara edýäler” diýen pikirde bolupdyr. Bu nazaryỳet filosofiýa
(pelsepe) ylmynda “ Sanlar mistikasy” diýen at bilen bellidir. Pifagoryň
mekdebinde esasy sanlary öwrenmeklige üns berilidir. Bu mekdepde sanlara
keramat hökmünde garapdyrlar. Olar sanlar dünýäni dolandyrýar diýip
düşünipdirler. Filosof Pifagoryň pikiriçe matematiki düşünjelerden daş bolan
,,dostluk'',,, şatlyk '',”adalatlylyk'' ýaly düşünjelere hem san baglanyşyklary
hökmünde garapdyrlar.Käbir sanlar – üstünlik ,başga biri –hasrat ,ýene-de bir san-
şowlulyk we ş.m. getirýär diýip düşündiripdirler. Pifagor adamynyň ruhy hem san
bolup, ol bakydyr we bir adamdan beýleki bir adama geçýär diýipdir. Meselem,
ilkinji 4 sany natural sanyň jemi 10-a deň: 1+2+3+4=10. Şonuň üçin hem 10
keramatly san.
Olar dostlukly san düşünjesini girizýärler. Meselem,220 sanyň özünden
başga bölüjileri: 1, 2, 4, 5, 10, 11, 20, 22, 44, 55, 110 sanlardyr.
1+2+4+5+10+11+20+22+44+55+110=284.
284 sanyň özünden başga bölüjileri: 1, 2, 4 ,71, 142 sanlardyr. Onda
1+2+4+71+142=220.
1,3,6,10,15 sanlara üçburçlyk sanlary diýlipdir. Üçburçluk sanlary
goşmagyň üsti bilen alypdyrlar:
1+2=3, 1+2+3=6, 1+2+3+4=10 we ş .m.
Bulara üçburçlygyň sanlary diýilmeginiň sebäbi ol aşakdaky suratdaky ýaly
tegelekleriň jeminden durupdyr.
Pifagoryň öz eli bilen ýazan işleriniň biri hem bize gelip ýetmedi.
Ý.A.Kakaỳew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniñ mugallymy Berdygylyjow Muhammetberdi
Dünýä ylmynyñ ösüşine saldamly goşant goşan matematikler
Bilim,
Salam salam
tarapyndan
8-04-2023, 17:15