Men bu mowzukda Ýurdumyzyň raýatlarynyň durmuş ýagdaýlary we esasanam oba we şaher ýaşaýjylarynyň arasyndaky durmuş ýagdaýynyň tapawudy hakynda gysgaça agzap geçmekçi.
Türkmenistan raýatlarynyň asudalygy we rahat ýaşaýşy boýunça dünýä sanawynda birnäçe döwletlerden öňde gelýär.
Türkmenistanyň iň uly kynçylyklaryndan biride işsizlikdir. Döwletimiz herýyl birnäçe iş orunlaryny döretsede häzirki wagtda işsiz kösenip Türkiýe Rossiýa ýaly ýurtlarda işleýän müňlerçe raýatlarymyz bar. Şäher ýerlerinde kyn bolsada ýenede iş tapmak mümkünçiligi bar emma welin oba ýerlerinde ýaşaýan raýatlarymyzda bu mümkünçilik ynanylmaz derejede azdyr.
Halkymyzyň bolsa ýarysyndan gowragy oba ýerlerinde ýaşaýar. Sebäbide oba ýerlerinde mektep we oba geňeşligi ýaly sanaýmaly döwlet edaralaryndan başga hiç bir iş mümkünçiligi ýokdyr. Obalarda bir maşgalada ýekeje adam döwletde işläp bilse olar üçin ullakan girdeýji hasap edilyär. Çünkü oba ýerlerinde bir maşgalanyň ýyllyk girdeyjisi şäher ýerlerinde döwlet edaralarynda işläp aýlyk alýan ýekeje adamyň ýyllyk girdeýjisindenem az möçberdedir.
Gynansakda oba ýerlerdäki raýatlarymyz girdeýji azlygy sebäpli gaty gowy derejede ýaşaýandygyny aytmak kynyrakdyr. Paýtagtymyz Aşgabat şäherini gulluk ýaşyna çenli gidip görmedik birnäçe oba çagalaryna duş gelip bilýäris. Eýsem siziň pikiriňizçe biz obadaky ýaşaýan raýatlarymyzyn ýaşaýyş ýagdaýlaryny gowlandyrmak üçin nämeler edip bileris?
Meniň pikirimçe oba ýerlerine ýakyn ýerlerde täze zawot fabrikalar gurylyp biler iň bolmanda haýwanlary ýetişdirýän, et we süt önümlerini öndürýän kiçiräk maldarçylyk hojalyklary gurylyp biler. Obaly çagalaryň şäher bilen aragatnaşygynyň hasam giňeldilmesi zerurdyr. Her birnäçe günden çagalaryň arasynda ýaryşlar ýada gezelençler gurnalyp biler. Bular çaganyň dünýa garaýşynyň ösmesi we geljege höweslenmesi üçin peýdaly zatlar bolup biler diýip pikir edýärin. Eger obalarymyzy ösdürsek, täze pikirler täze düşünjeler täze döredişler orta çekilip ýurdymyzyň ösmesine hasam uly goşandyny goşar diýip pikir edýärin.
Obalarymyz we şäherlerimiz, durmuş ýagdaýymyz.
Bilim,
PROLIGA
tarapyndan
9-04-2023, 16:32