Ýagyş ýagsa
Ýagyş ýagsa, çalarýar ap – ak daşlar,
Ýagyş ýagsa, garalýar sary ýaprak,
Ýagyş ýagsa, ýuwulýar gara saçlar,
Ýagyş ýagsa, melerýär ene toprak.

Ýagyş ýagsa, has asuda bu durmuş,
Onuň ne gaýgysy, ne gowgasy bar,
Ol zeminiň ähli soňky zatlaryn
Özünden özgesin ýitirip barýar.

Özi hakda ýygy – ýygy ýatladyp,
Özi hakda aýdýar ýadaman – irmän,
Göýä ondan soňky zatlaryň bary,
Ýagyş ýagsa, öňki reňkine girýär

Bägül ATAÝEWA

File engine/modules/thanks.php not found.

Edebiýat, MILALIKA tarapyndan 21-04-2023, 00:31

  • Gerceknazar Gerceknazar off № 1 21 апреля 2023 06:10
    "Ýagyş ýagsa, has asuda bu durmuş"

    Biziň ýanlarymyzda ýagyş ýagsa durmuş asuda bolanok, gaýta şemal , ýel turýar.

    Jemlemäni haladym.
    Jogap
  • Massimus Massimus off № 2 21 апреля 2023 09:54
    Ýagyş ýagsa, garalýar sary ýaprak,

    Çynmyka diýip sary zada suw guýup gördüm şumat, ýöne garalmady ýa durup garalýamyka?!
    Jemlemäni haladym!
    Jogap
  • Aksary. Aksary. off № 3 21 апреля 2023 23:34
    Massimus
    Ýagyş ýagsa, garalýar sary ýaprak,

    Çynmyka diýip sary zada suw guýup gördüm şumat, ýöne garalmady ýa durup garalýamyka?!
    Jemlemäni haladym!

    Maksat kaka çyglylykdyr yzgar sebapli garalyar ýapraklar
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler