KAKAMJAN ÝOGALANDAN SOŇ

Şu goşgyny ýazdym bu gün ,
Kakamjan ýogalandan soň .
Galdy ýaş kalbymda düwün,
Kakamjan ýogalandan soň .

Köne durmuş däbimi bu?
Ýutdum ajy läbigini,
Durmuş atdy labyryny,
Kakamjan ýogalandan soň .

Gyşa döndi ýaşlyk ýazym,
Göz ýaşdan doldy kagyzym,
Gozgady ýüregagyrym,
Kakamjan ýogalandan soň .

Köňül şeýle sadamydy?
Aglap-aglap ýadamady,
Ejemem kän ýaşamady,
Kakamjan ýogalandan soň .

© Gerçeknazar AMANNAZAROW

File engine/modules/thanks.php not found.

Edebiýat, Gerceknazar tarapyndan 27-04-2023, 20:17

  • Belki Belki off № 1 29 апреля 2023 01:44
    Iman baýlygyny bersin ikisine-de !
    Jogap
  • Juma şahyr Juma şahyr off № 2 1 мая 2023 17:45
    Yzy ýarasyn galamdaş.Iman baýlygyny bersin
    Jogap
  • Gerceknazar Gerceknazar off № 3 1 мая 2023 17:58
    Juma şahyr
    Yzy ýarasyn galamdaş.Iman baýlygyny bersin

    Hudaýa şükür entek ejemem kakamam ýogalanok galamdaş . Bu goşgyny bir işdeşime ýazyp berdim.
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler