Söýmeseñ-de ýatla meni
Söýmeseñ-de ýatla meni
Söýmeseñ-de ýatla meni bir pursat,
Ýöne men söýerin, biçak söyerin.
Atyp ähli derdim çökýänçã gursak,
Köz deý sönüp, ýene ot deý ýanaryn.
Söýmeseñ-de ýatla meni ýylgyryp,
Hawa, ýylgyr, men hem sessiz aglaýyn.
Diri halda arzuwlarymy gömüp,
Geljegimi sensizlige baglaýyn.
Söýmeseñ-de ýatla meni mydama,
Köpdir ýatlamaga menden alamat.
Şol pursat ölsem-de, Hudaýa şükür,
Gezip ýörün janym sag hem salamat.
Söýmeseñ-de ýatla meni, haýyşym,
Indi söýýän diýip hijem ses etmen.
Belki has gowydyr menden durmuşyñ,
Ýöne, belle hiç söýmekden bes etmen.
Awtor: Jemşit Hajymämmedow
Söýmeseñ-de ýatla meni bir pursat,
Ýöne men söýerin, biçak söyerin.
Atyp ähli derdim çökýänçã gursak,
Köz deý sönüp, ýene ot deý ýanaryn.
Söýmeseñ-de ýatla meni ýylgyryp,
Hawa, ýylgyr, men hem sessiz aglaýyn.
Diri halda arzuwlarymy gömüp,
Geljegimi sensizlige baglaýyn.
Söýmeseñ-de ýatla meni mydama,
Köpdir ýatlamaga menden alamat.
Şol pursat ölsem-de, Hudaýa şükür,
Gezip ýörün janym sag hem salamat.
Söýmeseñ-de ýatla meni, haýyşym,
Indi söýýän diýip hijem ses etmen.
Belki has gowydyr menden durmuşyñ,
Ýöne, belle hiç söýmekden bes etmen.
Awtor: Jemşit Hajymämmedow
[related-news]
[/related-news]
Menem bar Ýetip gelýän 2025-nji ýyl hemmä düşümli, rysgally, saglykly ýyl bolsun!!!
Похожие статьи
{related-news}

Новые статьи
Обсуждают

kone natanysh
в посте
4 комментария