Getting Poet
Şahyr bolmak
Bir gysym ynamym elimde gysyp,
Bir kiçi ýürege beripdim ejir,
Bolmaýan zatlaryň gözüne basyp,
Buýsanç bilen boýun aldym “Men kejir”
Emma durmuş kejirleri söýmeýär,
Özünden ökdäni halanok her kim.
Bolmajak zatlaram asla bolmaýar,
Ellerimde bolsa ynam hem erkim.
Belki, ähli zatlar ugruna bolar,
Özdiýenli ykbal ýylgyrar ahyr,
Bagtly bolup bilmesemem özümçe
Bagtsyzlygym üçin bolaryn şahyr.
Bägül ATAÝEWA
Bir gysym ynamym elimde gysyp,
Bir kiçi ýürege beripdim ejir,
Bolmaýan zatlaryň gözüne basyp,
Buýsanç bilen boýun aldym “Men kejir”
Emma durmuş kejirleri söýmeýär,
Özünden ökdäni halanok her kim.
Bolmajak zatlaram asla bolmaýar,
Ellerimde bolsa ynam hem erkim.
Belki, ähli zatlar ugruna bolar,
Özdiýenli ykbal ýylgyrar ahyr,
Bagtly bolup bilmesemem özümçe
Bagtsyzlygym üçin bolaryn şahyr.
Bägül ATAÝEWA
[related-news]
[/related-news]
Menem bar Ýetip gelýän 2025-nji ýyl hemmä düşümli, rysgally, saglykly ýyl bolsun!!!
Похожие статьи
{related-news}

Новые статьи
Обсуждают

kone natanysh
в посте
1 комментарий