ENNEAGRAM (HEKAÝA)

1-NJI BÖLÜM

Bu gün 2023-nji ýylyň iýul aýynyň dokuzy. Ine bu gün hem paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň "Kämil bilim" merkezinde döredijilik söhbetdeşligi geçirildi. Tip4 bu ýere öňlerem 3-4 gezek gelen soň öňkiler ýaly alaşman geldi. Günbaratdan baran badyna howply ýoldan howlukman geçip ýanýoda bilen ýöräberdi. Goňur gapynyň ýokarsynda asylan "Kämil bilim merkezi " ýazgysyny okap , şol bina sowuldy. Goňur gapydan giren badyna şadyýan çagalaryň şadyýan gülkileri, galmagallary bütin bina ýaňlanýardy. Şol wagt basgançaklardan kowalaşyp ylgaşlap gelýän iki sany garagol oglanjyklar tip4-iň gapdalyndan kowalaşyp geçip gitdiler. Tip4 basgançaklardan ýokary galdygyça körpeleriň galmagallary hasam güýçlenip barýardy. Körpeler bu ýerde okuwdan daşgary iňlis dili, rus dili , informatika, matematika ýaly sapaklardan aýratyn bilim alýardylar. Bu wagt olary hiç kim saklap bilmejek ýalydy. Tip4  basgançaklara agyr-agyr basyp ikinji gata çykyp aýna gapyny açdy. Aýna gapynyň aňyrsynda ýüzleri tanyş  ýöne heniz tanyşyp ýetişmedik iki sany ýaş ýigit bilen elleşip salamlaşdy. Ikinji gata çykýan basgançaklar göni jaýyň ortasyna eltýärdi. Şol aýna gapynyň ilersinde we gaýrasynda çagalaryň synp otaglary bardy. Synp otaglarynyň gapy syna bolsa her dürli çagalar üçin suratlar owadan ýazgylar bardy. Diňe gapynyň däl diwaryň ýüzünde hem suratlar, bildirişler, mahabatlar asylgy durdy. Tip4 ýaş ýigitler bilen salamlaşdy-da gaýralygyna ýöneldi. Gaýraky zalda oturjak eýelerine garaşyp 20-30 sany oturgyçlar hatar-hatar hatarlara düzülişip durdy. Göni oturgyjyň öňünde bolsa şu günki döredijilik söhbetdeşliginiň gadyrly myhmanyna niýetlenen parta oturgyç bardy. Bu günki döredijilik söhbetdeşliginiň myhmany Dagdan Sözenow bolmalydy. Adatça bu ýerde döredijilik duşyşygyna ussat ýazyjy-şahyrlardan ýa-da döredijilik bilen meşgullanýanlar, tanymal halypa we ýaş şahyrlardan biri çagyrylýardy. Beýlekiler bolsa oňa edebiýat , poeziýa, şahsy we şuňa meňzeş soraglary berýärdiler. Ýörüte çagyrylan myhman bolsa başardygyndan şol soraglara jogap berip, özi we döredijiligi barada maglumatlar aýdýardy. Tip4 şol oturgyçlaryň iň yzyndaky oturgyçda , galamdaşlarynyň ýanynda otyrdy. Uzyn boýly, çal kastýum balakly , açyk ýüzli Dagdan Sözenow arzyly myhmanyň oturgyjyna geçdi. Ýany bilen getiren kampýuterinde käbir zatlary taýýarlap goýdy. Oturan otagmyzyň ýarysynyň çyrasy ýanyk duran  bolsa , ýarysynyň çyrasy ýanman durdy. Muny gurnaýjylaryň ýörüte edýänliginden gelenler habarlydy. Soňra Dagdan Sözenow arkasynda duran ýaşyl doskanyň ýüzüne kampýuterde taýýarlan sahypalary çykaryp söze başlady:
- Mähirli diňleýjiler ilki bilen hemmäňize ýalkymly salam. Şunuň ýaly bir ýere geleniňde bir-birege ajaýyp arzuwlar etsek ýerlikli bolar. Türkmenistanyň hasda pajarlap ösmegini, türkmen halkynyň bagtyýar ýaşamagyny , hormatly Prezidentimiziň ähli eziz watanmyzy hasda gülläp ösdürmek ugrunda tutýan tutumly işleri rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw edýän.
Men Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň agzasy , telekeçi Dagdan Sözenow . Şu wagtky alyp barýan telekeçilik işimizde mähriban diňleýjiler ýokary mekdebiň talyplaryndan , ýaş telekeçilere , ýaş ene-atalara , ýaş mugallymlara , "Özüňi bilmek we özgeleri tanamak " sungaty esasynda jemgyýetdäki aragatnaşyk edebi , telekeçilikde edinen tejribelermizi sizler bilen paýlaşýas we ýeri gelende sizlere sowatlylyk äheňli maslahatlar berýäs.
Mähriban jigilerim ! Men bu ýere 2019-njy ýylda tanşan sungatymy siz bilen paýlaşmak üçin geldim. Ine bu gün ýaşlarmyzyň arasynda ýaşullaram bar, doganlarmyzam bar, jigilermizem bar. Maksadymyz söhbet etmek . Ýagny men size akyl bermek üçin gelemok. Biz akyl, ýagny pikir alyp bermek  üçin dälde , çalyşmak geldik. Aslynda "edebiýat agşamy" diýýär , döredijilik şahsyýetleri bilen söhbetdeşlik geçirmek biz ýaly ýönekeý telekeçä ýeňilem däl . Käbir kemçiliklermiz bar, säwliklermiz bolup biler, ýazuw düzginlerinde ýalňyşlyklaram bolup biler , şu mahaldan sizden ötünç soraýan.

(1-nji bölümiň soňy . Dowamy bar)

(Gökdepe 15.07.2023)

© Gerçeknazar AMANNAZAROW

File engine/modules/thanks.php not found.

Edebiýat, Gerceknazar tarapyndan 16-07-2023, 20:22

  • Remezan Remezan off № 1 16 июля 2023 22:12
    Hakyky bolan zady hekaýa ggeçirdiñmi?
    Jogap
  • Gerceknazar Gerceknazar off № 2 16 июля 2023 23:28
    Remezan,hawa şu aýyň dokuzynda edebiýat agşamynda bolan waka.
    Jogap
  • menembiri1 menembiri1 off № 3 17 июля 2023 09:09
    Tip4 näme robotmy ýa roboda ýerleşdirilen emeli aňmy!?
    Jogap
  • Gerceknazar Gerceknazar off № 4 17 июля 2023 13:47
    menembiri1, enneagramyň nämedigini bilseňiz tip4-iň nämedigini hem bilersiňiz. Tip4 ýerine "Men" diýip hem ýazyp bilýärdim, ýöne hekaýanyň gyzykly , syrly bolmagyny isläp "Tip4" diýip ýazdym. "Tip4-iň nämedigini bilmek üçin hekaýany soňuna çenli okar ýaly .
    Jogap
  • Granger Granger off № 5 17 июля 2023 14:18
    Nakonesto biri mowzuk açdy şo gezekkä bagyşlap. Sagboluň. Dowamyna garaşýan. Dowamy has giňişleýinräk bolar diýip umyt edýän.
    Jogap
  • Granger Granger off № 6 17 июля 2023 14:23
    Dagdan agaň öz mezajy Tip1, ýagny Perfeksionist. :)

    Men Tip5, ýagny türkmençeleşdirsek Güň bolýan. :)
    Jogap
  • Gerceknazar Gerceknazar off № 7 17 июля 2023 16:49
    Granger,has giňişleýin ýazmagy maksat edinýän menem , ýöne iki sagatlyk zady ýazyp çykmak aňsat däl şu wagt ýaňybir bäş minuda ýetdim. Indiki bölümlerimi uzynrak goýmaly boljak. Gyzyklanyp okaýanyňyz üçin sizem sag boluň .
    Jogap
  • Gerceknazar Gerceknazar off № 8 17 июля 2023 16:51
    Granger
    Dagdan agaň öz mezajy Tip1, ýagny Perfeksionist. :)

    Men Tip5, ýagny türkmençeleşdirsek Güň bolýan. :)


    Menem özümi tip4 hasaplaýan.
    Jogap
  • menembiri1 menembiri1 off № 9 17 июля 2023 17:41
    Gelen myhman hem telekeçi hem şahyrmy? Näme biznes etýen eken soň ol??
    Jogap
  • Gerceknazar Gerceknazar off № 10 17 июля 2023 20:11
    menembiri1, şahyr däl diňe telekeçi. Şu wagt diňe enneagram sapaklaryny geçýän bolaýmasa , anyk bilemok .
    Jogap
  • menembiri1 menembiri1 off № 11 18 июля 2023 10:39
    Gerceknazar,
    Şäherde ýaşasaň oňat, şular ýaly biznes seminarlar gurnalýa, meropriýatiýe edilýe, obada hiç zat ýok gyzyklandyrjak zat ýok...
    Jogap
  • Gerceknazar Gerceknazar off № 12 18 июля 2023 13:49
    menembiri1
    Gerceknazar,
    Şäherde ýaşasaň oňat, şular ýaly biznes seminarlar gurnalýa, meropriýatiýe edilýe, obada hiç zat ýok gyzyklandyrjak zat ýok...

    Menem obada ýaşaýan , ýöne öz obamy hiç bir şähere çalşjak däl. Obanyň gadyry, gyzygy aýratyn meniň üçin-ä.
    Jogap
  • Gerceknazar Gerceknazar off № 13 18 июля 2023 13:53
    menembiri1,menem obada ýaşaýan ýöne öz obamy hiç bir şähere çalşjak däl. Obanyň gadyry , gyzygy aýratyn meniň üçinä .
    Jogap
  • menembiri1 menembiri1 off № 14 18 июля 2023 13:55
    Gerceknazar,
    Aý onam diýme...
    Jogap
  • Anna hanym Anna hanym off № 15 19 июля 2023 23:47
    Dağdan ağan tıp bir mikä diyiodip menem sonda diymek pikirim dogry eken
    Jogap
  • Anna hanym Anna hanym off № 16 19 июля 2023 23:48
    Yöne ozimin haysy tipdigimi bilibilmedim
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler