KÖÝNEGI UZYN (HEKAÝA)
Ogulnur otuz ýaşaýança ençeme oglan bilen gürleşdi , ençeme ýigitler bilen duşuşdy. Emma ol oglanlaryň hijisiniňem söýgüsi ýürekden däldi. Eger ony ýekeje oglan ýürekden söýen bolsa , Ogulnur bilen durmuş gurup maşgalaly, öýli-işikli , çagajykly bolardy. Ol oglanlar diňe Ogulnur bilen gyzykly wagt geçirmek üçin ýalbarardylar. Gyzyň ençeme günläp hatda aýlap töwereginde perwana deý gaýmalaşyp, gyzyň göwnüne ýaranjak bolýardylar. Bu gün bolsa ol oglanlaryň biride töwereginde görünmeýärdi. Onuň ilkinji gezek telefon belgisini aljak bolup jan eden klasdaşy Myrat , eýýäm mekdep döwründe onuň bilen öýkeleşip , Hatyja öýlenipdi. Ondan soňra onuň telefonyna kän oglan jaň edipdi. Ogulnur olaryň hemmesine ýüz bermese-de käbir tanaýan oglanlary bilen gürleşýärdi. Hatda ol klasdaşy Wepany gizlin duşuşyklara hem çagyrýardy. Ilki-ilkiler göreýmäge hemme zat oňatlyga ýagny maşgala durmuşyna ýazaýjak ýalydy. Ýöne beýle bolmady. Bir ýyl geçip-geçmänkä Wepa birnäçe kähalatlar bilen Ogulnurdan uzaklaşyp başlady.Ogulnur näçe ýalbarysada , näçe göz ýaş döksede peýdasy bolmady . Wepa eýýäm başga gyzlar bilen gürleşýärdi. Wepadan başgada Wepa ýalylar Ogulnura ýadaman jaň edýärdiler. Özem hemmeside wagtlaýyn keýpi-sapa etmek üçin . Ine bu gün bolsa şol oglanlar gyzyl ýaly gyzlar bilen durmuş gurup hiç zat bolmadyk ýaly , hatda öz alan gelninede biwepalyp edip ýaşaşyp ýördüler. Emma olary gürletseň , özleri gahryman , Ogulnur ýalylar bolsa köýnegi uzyn bolup galmalydy. Olar her söhbetdeşlikde ýaltanman Ogulnur ýaly gyzlaryň gybatyny edýärdiler. Gyz bilen durmuş gurmak üçin sorap gelenlere bolsa özleri üçin "hakykatlary" aýdýardylar. Şunluk bilen Ogulnur hiç kime durmuş gurup bilmän "köýnegi uzyn" galyberdi.
© Gerçeknazar AMANNAZAROW.
Köýnegi uzyn (hekaýa)
Edebiýat,
Gerceknazar
tarapyndan
17-08-2023, 19:23